10 kilometrlik köpri açyldy
Bangladeşiň paýtagty Dakkada gurluşygy 8 ýyl dowam eden köpri açyldy. Padma köprüsiniň uzynlygy 10 kilometre golaý bolup, sebitiň esasy çatrygynda ýerleşýär. Desganyň açylyş dabarasyna gatnaşan ýurduň hökümet başlygy Şeýh Hasina Wazed köpriniň Dakka bilen günortadaky 21 etraby gara we demir ýol arkaly birleşdirjekdigini belledi. Köpriniň geçýän ýeriniň golaýynda täze ýaşaýyş jaýlary we ýokary tehnologiýa merkezleri dörediler. Bu bolsa, ýurduň senagatlaşmak tizligini artdyrar.
Hytaý kompaniýasy tarapyndan gurlan desga Gang derýasynyň we onuň goşantlaryndan geçýän iň uzyn köpri bolup, ýurduň ykdysadyýetine görnetin goşant goşar. Padma derýasynyň üstünden geçýän iki gatly köpriniň ýokarky gaty dört zolakly ýokary tizlikli awtoulag ýoly, aşaky gaty demir ýol geçelgesidir.
Zaman Türkmenistan gazeti,
20.06.2022ý.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.