Täsin köprüler
Köprüleriň dürli ululykdaky görnüşleri bolýar. Kiçiräk ýabyň üstünden pyýada geçmek üçin keseligine goýulýan agaç ýa-da galyň tagta paýapyl diýilýär. Has uly köprüler bolsa polatdan we beýleki materiallardan gurulýar. Ýer ýüzünde birnäçe asyrdan bäri ýykylman duran daşdan gurlan köprüler hem az däl. Käbir şäherlerde bolsa derýadan gäminiň geçýän wagty açylýan we soňra ýapylýan köprüler hem bar. Derýanyň, deňziň ýa-da jülgäniň iki ýakasyny birleşdirmek üçin gurulýan köprülerde ösen binagärlik we inženerçilik çözgütleri ulanylýar. Köprülere diňe derýanyň aňrysyna geçmek üçin däl, eýsem, täsinligine tomaşa etmek üçin hem barýarlar. Örän gadymy, gaty dar ýa-da gaty beýik köprüler häzirki wagtda müňlerçe syýahatçyny özüne çekýär. Soňky ýyllarda tebigy gözelliklere syn etmek, täsin dag howasyndan dem almak üçin gurulýan köprüler hem meşhurdyr. Şeýle köprüleriň üstünden ýöremek köp adamyň halaýan güýmenjesine öwrüldi. Şeýle köprüleriň sanawyny siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
«Trift Glacier» köprüsi. Bu köprüden geçmek üçin örän batyrgaý bolmaly. Sebäbi, pyýadalar üçin niýetlenen bu köpriniň aşagy aýnadan ýasalypdyr. Onuň uzynlygy 170 metre, beýikligi 100 metre barabar. Şweýsariýanyň Bern kantonynda ýerleşýän bu köpri 2004-nji ýylda «Trift» buzlugyna syn etmegi halaýanlar üçin gurlupdyr. Eponim kölüniň üstünden geçýän köpri henizem Ýewropanyň iň «howply» asma köprüsi bolmagynda galýar. Oňa howply diýilýän hem bolsa, polat urganlar bilen berkidilen köpri ygtybarly bolmagy bilen tapawutlanýar. Ini bir metrden kiçi hem bolsa köpri ýylda müňlerçe syýahatçyny özüne çekýär. Güýçli ýel bolan wagtynda bolsa, köpri iki tarapa hallan atýar.
«Carrick-A-Rede Rope» köprüsi. Dünýäniň iň täsin we howply köprüleriniň biri bolan Karrik-a-Red asma köprüsi Demirgazyk Irlandiýanyň Ballintoý şäheriniň golaýyndaky Antrim etrabynda ýerleşýär. Uzynlygy 20 we beýikligi 30 metr bolan bu köpriniň özboluşly görnüşi bar. Köprüden geçmäge her kim milt edip bilmeýär. Şeýle-de bolsa, her ýyl müňlerçe syýahatçy bu ýere gelýär. Köprüden geçenler Ratlin adasyna we hatda Şotlandiýanyň owadan ýerlerine syn etmäge mümkinçilik alýarlar. Bu köpriniň 350 ýyldan gowrak taryhynyň bardygy çaklanylýar. Ilkibaşda balykçylar tarapyndan gurlan bu köpri ýyllaryň dowamynda birnäçe gezek üýtgedilipdir. Köpri ilkibaşda Karrik adasyna barmak üçin gurlupdyr. 2000-nji ýylda köpri düýpli abatlanýar. «Carrick-A-Rede Rope» köprüsi her ýyl müňlerçe jahankeşdäni özüne çekýär. Köpriniň ýerleşýän ýeri ösümlik we haýwanat dünýäsine baý. Köpriniň birleşdirýän daglarynyň eteginde balykçylaryň tupanly howada gaçybatalga hökmünde ulanýan gowaklary bar.
«Capilano» köprüsi. Wankuweriň golaýynda ýerleşýän Kapilano asma köprüsi diňe bir ekstremal däl, eýsem, dünýädäki iň özüne çekiji köprüleriň biri hasaplanýar. Köpri bilen Kapilano derýasyna baryp bolýar. Bu ýerde ýaşyl ýaprakly tokaýlar bilen gurşalan ajaýyp tebigaty görmek bolýar. Köpriniň gurluşygyna 1889-njy ýylda başlanypdyr. Desganyň taslamasyny şotlandiýaly inžener Jorj Grant Makki taýýarlapdyr. Şäheriň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülen köpri 1956-njy ýylda açyldy. Inženerler uzynlygy 136 metr bolan köpriniň örän berkdigine ünsi çekip, onuň birwagtda 96 pili göterip biljekdigini belleýärler. Kapilano asma köprüsine her ýylda ortaça 900 müň syýahatçy gelýär. Köpriniň gapdalyndaky milli seýilgähde hem köp sanly attraksion we güýmenje merkezleri bar.
«U Pain» köprüsi. 150 ýyl gowrak mundan ozal Mýanmanyň ýaşaýjylary Taunton kölünden geçmek üçin köpri gurupdyrlar. Onuň gurluşygyna XIX asyryň ikinji ýarymynda başlanypdyr. Köprüden geçilende, adamlaryň ýapyşmagy üçin hiç hili germew göz öňünde tutulmandyr. Ýerli ýaşaýjylar bu köprüden welosiped bilen hem, uly ýük bilen hem arkaýyn geçýärler. Ýerli ýaşaýjylaryň gündelik durmuşynda ulanýan bu köprüsiniň uzynlygy 1200 metr, aşagyndaky suwdan beýikligi 4,5 metr. Syýahatçylaryň arasynda meşhurlyk gazanan bu köpriniň tik agajyndan ýasalan iň gadymy we uzyn köprüdigine ynanylýar.
«Keshwa Chaca» köprüsi. Daglyk tebigaty bilen tapawutlanýan Peruda dag gerişleriniň arasynda birnäçe asma köprüler bar. Taryhçylar bu ýurtda şeýle köprüleriň ilkinji gezek Ink imperiýasy döwründe ýüze çykandygyny belleýärler. Bu ýerdäki köprüler otlardan işilen tanapdan gurulýar we birnäçe ýyldan abatlanyp durulýar. Şeýle köprüleriň biri bolan «Keshwa Chaca»-nyň uzynlygy 36 metr bolup, Apurimak derýasynyň üstünde 67 metr beýiklikde ýerleşýär. Ýerli halk häzirki wagtda köprini ulanmagy dowam etdirýär. Her ýyl iýun aýynda köprini bejermek üçin çärelerdir ýaryşlar guralýar.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.