Dünýäniň iň owadan kitaphanalary
«Admont Abbey» kitaphanasy, Awstriýa. Ens derýasynyň kenaryndaky Admont şäherinde ýerleşýän bu kitaphana binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar. 1776-njy ýylda gurlan kitaphananyň taslamasyny binagär Ýosif Hýuýer taýýarlaýar. Binanyň uzynlygy 70, ini 14 metrden ybarat bolup, iň baý kitaphanalaryň biri hasaplanýar. Kitaphanada 70 müň töweregi kitap bar. Kitaphananyň içki bezegi belli suratkeş Bartolomeo Altomonta we heýkeltaraş Iosif Stammel tarapyndan amala aşyrylypdyr. Bu ýerde kitaplardan başga-da 1400 sany golýazma saklanýar.
Aýowanyň Kapitoliý kitaphanasy. ABŞ-nyň Aýowa ştatynyň merkezi şäherindäki bu kitaphananyň binasy 1871-1886-njy ýyllar aralygynda gurlupdyr. Kitaphanadan şäheriň ajaýyp panoramasyny görmek bolýar. Toplumyň çäginde dürli ýadygärlikler bar. Gönüburçluk şekilli binanyň belent petigi, uly penjireleri tebigy ýagtylygyň içerik girmegini üpjün edýär. Bu bolsa okamaga höwesi artdyrýar.
«Handelingenkamer» kitaphanasy, Niderlandlar. Bu ýerde 1970-nji ýyla çenli ähli stenogrammalaryň golýazmasy saklanylýar. Bu resminamalarda geçirilen maslahatlar sözme-söz ýazylypdyr. Sebäbi kitaphananyň binasy XIX asyrda elektrik togy ýok mahalynda gurlupdyr. Binanyň üçegi tutuşlygyna aýnadan edilendir. Bu bolsa 100 müň jiltden gowrak stenogrammany saklamak üçin gerek bolupdyr. Kitaphananyň 4 gatdan ybaratdygyna garamazdan, üçekden ähli ýere ýagtylyk düşýär.
Sietliň jemgyýetçilik kitaphanasy. ABŞ-nyň Waşington ştatyndaky aýnadan we polatdan gurlan 11 gatly bina 2004-nji ýylda açyldy. 34 müň kwadrat metr meýdany eýeleýän kitaphanada 1,45 million kitap we beýleki materiallar saklanýar. Şeýle hem myhmanlar üçin ýerasty awtoduralga we 400 kompýuter bar. Bu kitaphana ýylda ortaça 2 milliondan gowrak myhman barýar.
Dünýäniň iň kiçi kitaphanasy. El telefonlarynyň peýda bolmagy köçeleriň gyralarynda ýerleşdirilen awtomat telefonlaryň ýuwaş-ýuwaşdan ulanyşdan galmagyna sebäp boldy. Angliýanyň kiçijik şäherjigi bolan Westberisab-Mendebiň ýaşaýjylary bolsa gyzyl telefon öýjagazyny kitaphana öwürdiler. Onuň içinde kitaplar üçin ýörite tekjeler ýasalyp, onda gije hem okar ýaly çyra goýdular. Kiçijik kitaphanadan 100-e golaý kitap we DVD disklerini tapmak mümkindir. Bu ýerde nusgawy edebiýata, taryha, aşhana degişli bolan kitapdyr žurnallary alyp, arassa howada okap bolýar. Kitaphana kitaphanaçysyz işleýär. Şäherçäniň 800 töweregi ilaty bu kitaphananyň kitaplaryny çalşyp durýarlar. Öýe okamaga alnyp gidilen kitap yzyna getirilýär. Ýene bir geň galdyrýan zat, ýaşaýjylar şol kiçijik kitaphanadaky gowy kitaplary okamak üçin nobata durýarlar. Şeýlelikde, şäherçäniň ýaşaýjylary öýlerindäki eserleri öz aralarynda yzygiderli alyş-çalyş edýärler.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.