Ýalňyz daragt/ hekaýa

Jem­şid Se­pa­hi, eý­ranly ýa­zy­jy

Ga­dym za­man­lar­da gök as­ma­nyň as­tyn­da gar­ry gü­jüm aga­jy ösüp otu­ran eken. Bir gün gü­jüm aga­jy öm­rü­niň pa­ýaw­lap, ba­sym gu­rap gal­jak­dy­gy­na göz ýe­ti­rip­dir. Ba­har pas­ly ýa­ňy ýa­şyl beg­re­se bü­re­nip, bag­lar pyn­tyk­lap baş­lan eken. Gün­ler­de bir gün, gar­ry gü­jüm aga­jy my­la­ýym öw­süp du­ran ba­har şe­ma­ly­na ga­rap:
– Eý, ba­ha­ryň tä­miz şe­ma­ly, sen me­niň iň ýa­kyn kö­ne dos­tum! Sen uzak ýyl­lar­dan bä­ri me­ni ýel­päp gel­diň, şa­ha­la­ry­my yg­şyl­dad­yp, me­niň bi­len söh­bet­deş bol­duň. Ýö­ne gör­şüň ýa­ly in­di me­niň öm­rüm pa­ýaw­lap bar­ýar. Eý­sem, sen me­niň ha­ýy­şy­my ka­bul edip, bir mö­hü­mi­mi bi­ti­rip bil­mezmiň? – di­ýip­dir.
Ba­har şe­ma­ly bu söz­le­ri eşi­den­den soň­ra, gü­jü­miň göm-gök öw­süp otu­ran ýaş­lyk ýyl­la­ry ýa­dy­na dü­şüp, gam­la­nyp­dyr. Ol gar­ry gü­jüm aga­jy­nyň ýap­rak­la­ry­ny sy­pa­lap:
– Ha­ýy­şy­ňy aýt. Her­ nä­çe kyn hem bol­sa, ber­jaý ede­rin. Sen me­niň iň go­wy dos­tum ahy­ryn. Eger sa­ňa kö­me­gim deg­me­jek bol­sa, on­da bu dün­ýäniň haý­sy işi­ne ne­pim de­ger? – di­ýip­dir.
Mä­hir­den do­ly söz­le­ri eşi­den gar­ry gü­jü­miň göz­le­ri­ne ýaş aý­la­nyp, şeý­le di­ýip­dir:
– Şu ýy­l, tom­suň ahy­ryn­da me­niň gu­ra­jak­dy­gym gü­man­syz, ýag­daý şeý­le bo­lan­soň, me­niň iň soň­ky to­hu­my­my dün­ýä­niň iň go­wy mes top­rak­ly ýe­ri­ne alyp git­me­gi­ňi, ony şol ýer­de ek­me­gi­ňi ha­ýyş ed­ýä­rin. Goý, ol go­wy boý alyp, dün­ýä­niň iň uly, iň güýç­li gü­jüm aga­jy bol­sun. Eger ha­ýy­şy­my ber­jaý et­seň, men­den soň, iň soň­ky per­zen­di­miň dün­ýä­niň iň be­ýik aga­jy bol­jak­dy­gy­na ynan­ýan.
– Men se­niň iň soň­ky to­hu­my­ňy di­ňe bir dün­ýä­niň göm-gök öw­süp otu­ran ýe­ri­ne äkit­män, eý­sem, ol ösüp boý al­ýan­ça her ba­har­ onuň ýa­ny­na sow­lup, ese­wan bol­jak­dy­gy­ma hem söz ber­ýä­rin – di­ýip, ba­har şe­ma­ly köw­sar­lap­dyr.
Gar­ry gü­jüm örän ho­şal bo­lup, iň soň­ky to­hu­my­ny ba­har şe­ma­ly­nyň yg­ty­ýa­ry­na be­rip­dir. Şe­mal, gü­jü­miň to­hu­my­ny hol­tu­my­na düýr­läp, säh­ra­dyr der­ýa­lar­dan, dag­dyr de­ňiz­ler­den aşy­ryp, ony dün­ýä­niň iň gök öw­süp otu­ran me­ka­ny­na el­tip ekip­dir.
Aý aý­la­nyp, ýyl­lar ge­çip­dir. Şe­ma­l gar­ry gü­jü­me wa­da be­ren­li­gi üçin her ba­har ýaş gü­jü­miň ýa­ny­na sow­lup­dyr. Onuň ýyl­sa­ýyn boý al­ýan­dy­gy­ny gö­ren şe­mal öz ýa­nyn­dan be­ge­nip­dir. Ýaş gü­jüm aga­jy­nyň daş-tö­we­re­gin­de baş­ga-da agaç­lar bo­lup, ola­ryň üs­tün­de guş­la­r hö­würt­ge­län eken.
Şe­ma­l ýaş aga­jyň ýe­ke däl­di­gi­ne, beý­le­ki agaç­lar bi­len gür­le­şip bil­ýän­di­gi­ne we ýe­ke­lik­den ýü­re­gi­niň gys­ma­jak­dy­gy­na be­ge­nip­dir. Em­ma şe­mal ýaş gü­jü­miň şa­ha­la­ry­nyň üstünde hiç wagt guş gör­män­dir. Şo­nuň üçi­nem «guş­la­ryň üs­tün­de otu­ryp, hö­würt­ge ýa­sa­ryn­dan agaç he­niz ýaş bo­lar­ly» di­ýip, öz ýa­nyn­dan pi­kir edip­dir.
Şe­ma­l aga­jyň ýa­nyn­dan örän ho­şal ýag­daý­da gaý­dyp­dyr, çün­ki gel­jek ýy­la çen­li gü­jü­miň uly agaç bo­lup ýe­tiş­jek­di­gi­ne, köp san­ly guş­la­ryň hem onuň şa­ha­la­ry­nyň üstünde hö­würt­ge ýa­sanyp bil­jek­di­gi­ne we şol guş­la­ryň ýaş gü­jü­me örän oňat dost­ bol­jak­dy­gy­na göz ýe­ti­rip­dir.
In­di­ki ýyl ba­ha­ryň ba­şla­ryn­da şe­mal da­rag­tyň ýa­ny­na ba­rma­ga how­lu­gyp­dyr. Şa­ha­la­ry­nyň ýü­zün­de göm-gök pyn­ty­jak­lar gö­ze il­ýän gü­jüm aga­jy ýa­ňy gyş uku­syn­dan oýa­nan eken. Şe­ma­l her ýyl­ky ada­ty­na gö­rä, onuň şa­ha­la­ry­nyň ara­syn­dan ýu­waş­lyk bi­len öw­süp ge­çip, pyn­ty­jak­la­ry­ny sy­pa­lap­dyr. Em­ma göw­nü­ne bol­ma­sa, bu ýag­daý gü­jü­me ýa­ra­ma­ýan ýa­ly gör­nüp­dir. Bir­de­nem ýaş gü­jüm şa­ha­la­ry­ny ýyg­nap, ga­zap bi­len şeý­le di­ýip­dir:
– Ha­bar­syz zat­syz gös-gö­ni ge­lä­ge-­de, şa­ha­la­ry­my yra­la­ma­ga kim sa­ňa rug­sat ber­di? Eý­sem, aňyr­dan gel­şi­ňe, me­niň şa­ha­la­ry­myň ara­syn­dan geç­mä­ge kim sa­ňa eja­za ber­di? Sen il­ki men­den rug­sat al­, di­ňe şon­dan soň men rug­sat be­ren ha­la­tym­da, şa­ha­la­ry­myň ara­syn­dan ge­çip bi­ler­siň. Ýog­sa-da, sa­ňa bu ba­ra­da edep-ter­bi­ýe ber­me­di­ler­mi?
– Eý, ýa­şa­jyk gü­jüm! Se­niň to­hu­my­ňy uzak ýer­ler­den hol­tu­my­ma düýr­läp, säh­ra­dyr der­ýa­lar­dan, dag­dyr de­ňiz­ler­den aşy­ryp ge­ti­ren-ä men. Men dün­ýä­niň iň be­re­ket­li me­ka­nyn­da se­ni ekip, her ýyl gör­mä­ge gel­dim we boý al­şy­ňy gu­wa­nyp syn­la­dym. Bu­lar­dan ge­çip, in­di sen me­ni ta­na­ma­jak bol­ýaň­my? Bel­ki-de sen me­niň agaç­la­ryň iň ýa­kyn dos­tu­dy­gy­my bil­ýä­nem däl­siň? Agaç­la­ryň äh­li­si­niň gun­ça­la­ry me­niň «elim» bi­len açyl­ýar­ka, sen me­niň bi­len özü­ňi şeý­le alyp bar­ýaň­my?
Ýaş gü­jüm şeý­le di­ýip­dir:
– Men se­ni ga­ty go­wy ta­na­ýan, bar­dy­gy­ňam bil­ýän. Gaý­tam, sen me­ni ta­na­ma­jak bol­ýaň, eý­sem «her bir aga­jy yg­şyl­dat­ma­ga ha­kym bar» di­ýip pi­kir ed­ýän sen däl-de kim? Ýö­ne sen me­niň beý­le­ki agaç­lar ýa­ly däl­di­gi­mi hök­man bil­me­li­siň, men gü­jüm, dü­şün­diň­mi, şo­ňa gö­rä-de, mun­dan bu­ýa­na şa­ha­la­ry­myň ara­syn­dan öw­süp ge­çip, şa­ha­la­ry­my san­dy­rat­jak bol­saň, il­ki bi­len men­den rug­sat al, ýog­sa, şa­ha­la­ry­my ýyg­ryp, sa­ňa geç­mä­ge as­la rug­sat ber­me­n.
Ba­har şe­ma­ly onuň bo­lşun­dan ju­da nä­gi­le bo­lup, pes­saý­ja se­si bi­len şeý­le di­ýip­dir:
– Ha­wa, in­di sen ulal­dyň. Bu ýyl guş­la­r se­niň şa­ha­la­ryň­da hö­würt­ge gu­rar. Ýö­ne se­niň şa­ha­la­ryň ara­syn­dan geç­me­sem, ýap­rak­la­ryň gü­ne­şiň öňü­ne bö­wet bo­lar. On­soň ýu­murt­ga­lan guş­lar, jüý­je­le­ri­ni çy­ka­ryp bil­mez.
Şu ýer­de ýa­şa­jyk gü­jüm ör-gök­den ge­lip, gö­dek­lik we edep­siz­lik bi­len şeý­le di­ýip­dir:
– Sen guş­la­ryň üs­tüm­de hö­würt­ge gur­ma­gy­na, şa­ha­la­ry­myň üstünde jüý­je­le­ri­ni ulalt­ma­gy­na ýol ber­je­gi­mi ni­re­den bil­ýäň? Men şeýle rugsady hä­zi­re çen­li hiç bir gu­şa be­re­mok, mun­dan bu­ýa­na-da be­re­rin öý­de­mok!
Ba­har şe­ma­ly şon­dan soň, gü­jü­miň şa­ha­la­ry­na nä­me üçin gu­şuň gon­ma­ýan­dy­gy­na dü­şü­nip­dir, he­mem geň ga­lyp şeý­le di­ýip­dir:
– Guş­lar agaç­la­ryň iň go­wy dos­ty ahy­ry. Daş-tö­we­re­gi­ňe göz aý­la, bu agaç­la­ryň äh­li­si guş­la­ry go­wy gör­ýär he­mem öz üst­ün­de guş­la­ryň hö­würt­ge gur­magy­ny is­le­ýär. Sen gü­jüm­siň, gü­jüm aga­jy bol­sa, agaç­la­ryň ara­syn­da he­mi­şe guş­la­ryň iň go­wy dos­ty bo­lup gel­ýär. Eger gar­ry gü­jüm bo­lan «ejeň» se­niň şa­ha­la­ryň we ýap­rak­la­ryň ara­syn­da guş­la­ryň her ýyl hö­würt­ge gur­an­dy­gy­ny gö­ren bol­sa, ju­da be­ge­ner­di.
Ýaş gü­jüm şe­ma­lyň sö­zü­ni bö­lüp, şeý­le di­ýip­dir:
– Beý­le­ki agaç­la­ryň nä­me ed­ýä­ni, «eje­miň» guş­la­ryň hö­würt­ge gur­ýa­ny­na be­ge­nje­gi bi­le­n meniň as­la işim ýok. Men hiç bir gu­şa öz üs­tüm­de hö­würt­ge­le­mä­ge ýol ber­men!
Bu söz­le­ri eşi­dip gam­a ba­tan ba­har şe­ma­ly hiç zat diý­män, gü­jü­mi öz er­ki­ne go­ýup, beý­le­ki agaç­la­ryň ara­sy­na ba­ryp­dyr. Bu­la­ryň gür­rü­ňi­ni eşi­den beý­le­ki agaç­lar şe­ma­la gö­wün­lik ber­ip, gam­gyn bol­ma­gy­na ýol ber­män­dir­ler. Agaç­la­ryň äh­li­si ony öz şa­ha­la­ry­nyň ara­syn­dan öw­süp geç­mä­ge hem-de öz­le­ri bi­len söh­bet et­mä­ge ça­gy­ryp­dyr­lar. Gam-gus­sa ba­tan şe­ma­l mun­dan beý­läk nä­me bol­ja­gy­ny bil­mek üçin şol ýer­de gal­ma­gy ýü­re­gi­ne dü­wüp­dir.
Ep-es­li wagt ge­çip­dir. Ho­wa gy­zyp, agaç­lar ýap­rak­lap­dyr. Ýy­ly ýurt­la­ra gi­den guş­lar yz­la­ry­na ge­lip, bag­la­ryň şa­ha­la­ryn­da hö­würt­ge gur­ma­ga du­rup­dyr­lar. Guş­la­ry gö­ren her bir agaç şa­ha­la­ry­ny giň­den açyp, öz üs­tün­de hö­würt­ge gur­ma­gy­ny ha­ýyş edip­dir, em­ma gü­jüm bol­sa şa­ha­la­ry­ny ýyg­nap, guş­la­ra bar­my­sy­ňam diý­män­dir.
Guş­lar sü­ri-sü­ri bo­lup gö­çüp, bag­la­ryň üs­tün­de hö­würt­ge gur­ma­ga baş­lap­dyr­lar. Şeý­le­lik­de, agaç­la­ryň üs­tün­de boş ýer gal­man­dyr. Iň soň­ky guş sü­rü­si ge­len­de, gü­jüm­den ga­lan äh­li aga­jyň şa­ha­la­ry hö­würt­ge­den do­ly eken. Guş­lar ga­nat ka­kyp, gü­jü­me ba­kan ýö­ne­lip­dir­ler, ýö­ne gü­jü­miň şa­ha­la­ry­ny ýyg­na­ýan­dy­gy­ny gö­rüp, ju­da geň ga­lyp­dyr­lar. Ju­da ýa­daw bo­lan­soň, ba­da-bat ba­ga gon­jak bo­lup, so­ňam yza te­sen guş­la­ryň bi­ri şeý­le di­ýip­dir:
– Sa­lam ýa­şa­jyk agaç, nä­me üçin şa­ha­la­ry­ňy ýyg­na­ýaň? Sen şahalaryň üstünde bi­ziň hö­würt­ge gu­rup, jüý­je­le­ri­mi­zi ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­gi­mi­zi is­lä­ňok­my? Eý­sem, sen bi­ziň jür­kül­di­mi­zi we jüý­je­le­ri­mi­ziň se­si­ni eşi­de­siň ge­le­nok­my? Biz bu ýer­de hem-ä hö­würt­ge gu­ra­rys hem-de ýol­da gö­ren- eşi­den­le­ri­mi­zi si­ze we bag­la­ra gür­rüň be­re­ris di­ýen umyt bi­len şun­ça ýo­ly sö­küp ýa­ny­ňa gel­dik. Eger üs­tüň­de hö­würt­ge gur­ma­ga ýol ber­me­seň, bi­ze baş­ga ýer tap­ma­k kyn dü­şer.
Gü­jüm şa­ha­la­ry­ny has-da gy­syp:
– Men ýa­şa­jyk agaç däl-de gü­jüm! Siz he­niz me­niň do­ly ady­mam bi­leň­zok! On­so­ňam men siz­den gö­çüp gel­me­gi, üs­tüm­de hö­würt­ge gur­ma­gy he­mem gö­ren-eşi­den­ zat­la­ry­ňy­zy gür­rüň ber­me­gi ha­ýyş et­dim­mi? Meň üs­tüm­de si­ze ýer ýok, şo­nuň üçi­nem tö­we­re­gim­de gaý­ma­la­şyp ýör­mäň­de, gö­te­ri­liň şu ýer­den!
Guş­lar şeý­le di­ýip­dir:
– Ýö­ne biz her ýyl bä­rik ge­lip, bu ýer­de hö­würt­ge gur­ýar­dyk. Şa­ha­la­ryn­da hö­würt­ge gur­dur­mak üçin beý­le­ki agaç­la­ryň bi­zi nä­hi­li ça­gyr­ýa­ny­ny gör­eň­zok­my? On­so­ňam guş­la­ryň owa­zy bol­ma­sa, hiç bir aga­jyň ba­ha­ry göz öňü­ne ge­ti­rip bil­me­ýän­di­gin­den ha­ba­ry­ň ýok­my?
Gü­jüm şeý­le di­ýip­dir:
– Meniň agaç­lar bi­le­nem, siz bi­le­nem işim ýok, gi­diň-de özü­ňi­ze baş­ga ýer­de hö­würt­ge gu­ruň! Men si­ze rug­sat be­re­mok!
Gü­jü­miň söz­le­ri­ne gam­gyn bo­lan guş­lar ýe­re go­nup­dyrlar. Olar ju­da ýa­daw bo­lan­soň, baş­ga ýe­re git­mä­ge me­jal­la­ry bol­man­dyr. Ol ýer­dä­ki hoz aga­jy gü­jü­miň bol­şu­na ga­ha­ry ge­lip, guş­la­ra şeý­le di­ýip­dir:
– Nä­me üçin äh­li agaç­la­ryň iň gar­ry­sy­na we ulu­sy­na arz et­me­ýär­si­ňiz? Gü­jü­miň bol­şu­na bi­ziň özü­miz şa­ýat bo­la­rys.
Guş­lar uçup, äh­li agaç­la­ryň iň ulu­sy bo­lan gar­ry du­buň ýa­ny­na ba­ryp­dyr­lar he­mem gü­jü­miň bol­şun­dan nä­ra­zy­lyk­la­ry­ny bil­di­rip­dir­ler. Ola­ryň sö­zü­ne bir­ba­da ynan­ma­dyk gar­ry dub, öz üs­tün­de guş­la­ra hö­würt­ge gur­ma­ga ýer ber­me­ýän gü­jü­miň bar­dy­gy­na şüb­he­le­nip­dir. On­soň gar­ry dub şa­ha­la­ry­ny ka­kyp, ba­har şe­ma­ly­ny ýa­ny­na ça­gy­ryp­, her aga­çdan, bir ýap­rak ge­ti­rip ber­me­gi­ni ha­ýyş edip­dir. Ýap­rak­lar guş­la­ryň aýd­ýa­ny­nyň dog­ru­dy­gy­na ýa-da nä­dog­ru­dy­gy­na şa­ýat­lyk et­me­li eken­ler.
Ara­la­ryn­da­ky bo­lan gür­rüň­le­re ga­ra­maz­dan, şe­ma­l ýaş gü­jü­mi go­wy gö­rüp­dir. Şo­nuň üçi­nem beý­le­ki agaç­lar­dan ýap­rak al­maz­dan ozal, ol ýaş gü­jü­miň ýa­ny­na ba­ryp, şeý­le di­ýip­dir:
– Meniň bi­len gep­leş­mek is­le­me­ýä­ni­ňi bil­ýän, ýö­ne «eje­ňe» be­ren sö­zü­mi unu­dyp bi­le­mok. Ýa­ňy gar­ry dub agaç­la­ryň her­sin­den bir ýap­rak ge­ti­rip ber­me­gi­mi ha­ýyş et­di. Ol ýap­rak­lar­dan se­niň guş­lar bi­len özü­ňi alyp bar­şyň ba­ra­da so­ra­mak­ is­le­ýär. Sen meň di­ýe­ni­mi et­-de, üs­tüň­de guş­la­ryň hö­würt­ge gur­ma­gy­na ýol ber, ýog­sa, he­mi­şe­lik ýe­ke ga­lar­syň.
Ga­ha­ry ýet­jek de­re­je­si­ne ýe­ten ýaş gü­jüm şeý­le di­ýip­dir:
– Yg­ty­ýar ber­me­se­mem, ýe­ne ge­lip, meň bi­len gür­leş­ýäň­mi? Me­niň se­ni-de, guş­la­ry-da, beý­le­ki agaç­la­ry-da ýig­ren­ýän­di­gi­mi nä­dip dü­şün­di­re­ýin. Men şu ge­çen ýyl­la­ryň için­de guş­la­ryň üs­tüm­de hö­würt­ge gur­maz­ly­gy üçin ýer­den hem on­çak­ly iý­mit al­ma­dym. Şo­ňa gö­rä-de, şa­ha­la­rym we ýap­rak­la­rym on­çak­ly gür däl. Bar, git-de baş­ga ýer­den ýap­rak al. Gar­ry töň­ňäň bol­sa et­jek işi bol­maz!
Şe­ma­l tu­kat hal­da yzy­na do­la­nyp­dyr. Ol agaç­la­ryň hersin­den bir ýap­rak alyp, gar­ry du­ba el­tip be­rip­dir. Ýap­rak­la­ryň äh­li­si gü­jüm aga­jy­nyň ga­ra­söý­mez­li­gi – ba­har şe­ma­lyna garşy özü­ni alyp bar­şy, gü­jü­miň öz üs­tün­de hö­würt­ge gur­ma­ga rug­sat ber­meý­şi ba­ra­da gür­rüň be­rip­dir­ler.
Mu­ňa gar­ry du­buň ga­ha­ry ge­lip­dir. Ol iň soň­ky guş sü­rü­si­ni­ňem hö­würt­ge gur­ma­ga ýer tap­ma­gy üçin şa­ha­la­ry­ny has giň­den ýaý­mak­la­ry­ny agaç­lar­dan ha­ýyş edip­dir. Soň­ra ol da­ragt­lar­dan gaý­dyp gü­jüm bi­len gür­leş­mez­li­gi­, ot­la­ra onuň go­la­ýyn­da ös­mez­li­gi­, guş­lar­a öz nag­ma­sy­ny gü­jü­me eşit­dir­mez­li­gi, ba­har şe­ma­ly­na bol­sa, gaý­dyp onuň şa­ha­la­ry­nyň ara­syn­dan geç­mez­li­gi we ony ýal­ňyz goý­ma­gy­ny sar­gap­dyr.
Ara­dan ep-es­li wagt ge­çip­dir. Ba­har we to­mus pas­ly gu­ta­ryp, güýz ge­lip­dir. Ho­wa ýu­waş-ýu­waş­dan so­wap, guş­lar ys­sy ýer­le­re gö­çüp git­me­giň ala­da­sy bi­len bo­lup­dyr.
Gün­le­riň bir gü­ni iki sa­ny odun göz­läp ýö­ren adam agaç­la­ryň ara­syn­da peý­da bo­lup­dyr. Ola­ryň egin­le­rin­de ul­la­kan pal­ta­sy bo­lup, gyş­a ýe­ter­lik bol­jak odunyň göz­le­gin­de aý­la­nyp ýö­ren eken­ler.
Odun­çy­lar ýu­waş­lyk bi­len ýö­räp, agaç­la­ra iç­gin se­re­dip­dir­ler. Olar haý­sy aga­jyň ýa­ny­na bar­sa, onuň şa­ha­la­ry­nyň üs­tün­de köp san­ly guş hö­würt­ge­le­ri­niň bar­dy­gy­ny gö­rüp­dir­ler. «Eger bu agaç ça­pyl­sa, guş­lar hö­würt­ge­siz ga­lar» di­ýip, odun­çy­lar öz ýan­la­ryn­dan pi­kir edip­dir­ler.
Ahyrso­ňy odun­çy­lar häl­ki ýaş gü­jü­miň ýa­ny­na ge­lip­dir­ler. Bu aga­jyň şa­ha­la­ry­nyň üs­tün­de bir gu­şu­ňam hö­würt­ge gur­man­dy­gy­ny, tö­we­re­gin­de bol­sa, hiç hi­li otuň ös­män­di­gi­ni gö­rüp, ola­r diý­seň ge­ň ga­lyp­dyr­lar. Olar ýal­ňyz-ten­ha otu­ran bu aga­jyň şa­ha­la­ry­ny, hat­da şe­ma­lyň hem sy­pa­ma­ýan­dy­gy­na göz ýe­ti­rip­dir­ler. Odun­çy­lar öz ara­la­ryn­da «Bu gü­jüm ça­py­la­ýan­da-da hiç bir gu­şuň hö­würt­ge­siz, hiç bir otuň sa­ýa­wan­syz gal­ma­jak­dy­gy hak» di­ý­şip­dir­ler. Soň­ra olar pal­tasy­ny egninden dü­şü­rip­dir­ler-de, güýjün­de ba­ry­ny edip, gü­jü­mi çap­ma­ga baş­lap­dyr­lar.
– Ma­ňa pal­ta ur­ma­ga kim si­ze rug­sat ber­di? – di­ýip, gü­jüm gy­gy­ryp­dyr.
Em­ma odun­çy­lar onuň se­si­ni eşit­män­dir we ony çap­magy do­wam e­dip­dir­ler.
Gü­jüm daş-tö­we­re­gi­ne ga­ran­jak­la­sa, agaç şa­ha­la­ry­nyň üs­tün­de otu­ryp, özü­ne se­red­ýän köp san­ly gu­şy gö­rüp­dir. Şon­da ol öz ýa­nyn­dan «Bu­lar me­niň çap­yl­ýa­ny­ma be­gen­ýän bol­ma­ly» di­ýip, pi­kir edip­dir. Em­ma oňat­ja se­ret­se äh­li gu­şuň gy­nan­ýan­dy­gy­na, kä­bir­i­niň bol­sa, göz­ýaş dök­ýän­di­gi­ne göz ýe­ti­rip­dir. Şol wagt ol bar güý­jü­ni jem­läp:
– Guş­lar, nä­me üçin ag­la­ýar­sy­ňyz? Men si­ze üs­tüm­de hö­würt­ge gur­ma­ga ýol ber­me­dim ahy­ryn – di­ýip­dir.
Go­laý­rak­da otu­ran guş­la­ryň bi­ri:
– Bi­ze hö­würt­ge gur­ma­ga ýer ber­me­se­le­rem, biz agaç­la­ry go­wy gör­ýä­ris – di­ýip jür­kül­däp­dir.
Gü­jüm şu ýer­de ýal­ňy­şy­na dü­şü­nip­dir we beý­le­ki agaç­la­ryň şa­ha­la­ryn­dan ýa­pyş­mak üçin şa­ha­la­ry­ny giň­den ýa­ýyp, dal­la is­läp­dir. Em­ma beý­le­ki agaç­la­ryň özün­den uzak­da bo­lan­ly­gy üçin şa­ha­la­ry­ny ola­ra ýe­ti­rip bil­män­dir. Ol gy­gy­ryp-ba­gy­ryp, agaç­la­ry kö­me­ge ça­gy­ryp­dyr. Em­ma bat­ly ur­lan pal­ta­nyň iň soň­ky zar­ba­syn­dan soň, gü­jüm bir gap­da­la agyp, hiç zat aý­dyp ýe­tiş­män­dir.

Ter­ji­me eden
Ýe­gen­mäm­met Taý­ly­ýew.

"Zaman" gazedi.
2 лайков 144 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.