AJA­ÝYP AP­REL SÄ­HE­RI (Hekaýa)

Aja­ýyp ap­rel sä­he­ri To­kio­nyň şow­hun­ly Ha­ra­ju­ki et­rap­ça­syn­da­ky da­ra­jyk kö­çe­de birkem­siz gö­zel gy­zyň de­ňin­den geç­dim. Dog­ru­sy­ny aýt­sam, ol o di­ýen owa­da­nam däl­di. On­da hiç bir ba­bat­da gö­ze iler­lik­li za­dam ýok­dy. Gy­zyň egin-eşik­le­ri-de sa­da­ja­dy, saç­la­ram ýa­ňy uku­dan açy­la­nyň­ky ýa­ly buýr-bu­la­şyk­dy. Ol ga­ty bir ýa­şam däl, bol­sa otuz ýaş tö­we­rek­le­ri bo­lup, ulugy­za ça­lym ed­ýär­di. Ýö­ne men şon­da-da 50 ädim daş­rak­dan aň­dym: ol me­niň üçin birkem­siz gö­zel­di. Ony gö­ren ba­dy­ma gur­sa­gym ga­la­gop­ly gür­sül­däp, ag­zy­mam, ha­ma­la di­ýer­siň, çöl­de ge­zip ýö­ren ýa­ly gup-gu­ru­dy.
Bel­ki, si­zi­ňem ze­nan­lar­da aý­ra­tyn ha­la­ýan ta­rap­la­ry­ňyz bar­dyr? My­sal üçin, aý­da­ly, in­çe­mik go­şar­ly, ýa aý­da­ly, oka­ra göz­li, sü­lük bar­mak­ly ýa-da bol­ma­sa, na­ha­ry­ny how­luk­man iý­ýän ze­nan­la­ra se­bäp­siz ýe­re gy­zyk­lan­ma­ňyz bar­dyr. Me­ni­ňem, el­bet­de, öz göw­nü­me ýa­ra­ýan­la­ry bar. Kä­ma­hal na­har­ha­na­da gar­ba­nam­da gap­da­lym­da­ky stol­da otu­ran gy­za bi­yg­ty­ýar ba­ka­ny­my duý­man ga­laý­ýan, se­bä­bi onuň bur­nu­nyň gur­lu­şam göw­nü­me ýa­rap bil­ýär.
Em­ma hiç kim birkem­siz gö­ze­li ta­nap bol­jak­dy­gy hak­da öňün­den je­del edip bil­mez. Ola­ryň bu­run­la­ry­ny mö­hüm ha­sap­la­sa­mam, şol gy­zyň bur­ny ýa­dy­ma düş­män bi­ler – ýe­ke bur­nu­nyň bar­dy­gy­nam unu­dyp bi­le­rin. Anyk ýa­dy­ma dü­şü­rip bil­ýän ýe­ke-täk za­dym – bu gy­zy beý­le owa­dan ha­sap­lap bol­ma­jak­ly­gy­dy. Nä­hi­li tä­sin!
– Düýn kö­çe­de bir kem­siz gö­ze­le duş­dum – di­ýip, bi­ri­ne aýt­dym.
– Şeý­le­mi? – diý­di. – Ýe­ri on­soň, owa­dan eken­mi?
– O di­ýen-ä däl – di­ýip jo­gap ber­dim.
– Eý­se, sen nä­hi­li gyz­la­ry go­wy gör­ýäň, hä?
– Bil­me­dim-dä. O hak­da hiç zat ýa­dy­ma dü­şe­nok. Göz­le­ri­niň şe­ki­li ýa-da…
– Tä­sin-aý!
– Ha­wa, çyn­da­nam tä­sin.
– On­da – di­ýip, ol my­dyr­da­dy. Bi­ra­za­jyk keý­pi ga­çan dek:
– Nä­me et­diň? Onuň bi­len gep­leş­diň­mi? Yzyn­dan git­diň­mi? – di­ýip so­ra­dy.
– Ýo-o-o-k. Ýö­ne bi­ri-bi­ri­mi­ziň de­ňi­miz­den geç­dik.
Gyz-a gün­ba­ta­ra ta­rap bar­ýar­dy, me­nem gün­do­ga­ra… Dog­ru­da­nam, aja­ýyp ap­rel sä­he­ri­di. Käş­gä onuň bi­len gep­le­şip bil­se­dim. Mu­nuň üçin ýa­rym sa­ga­dam ýe­ter­lik. On­dan özi ba­ra­da bir zat­lar so­rar­dym, özüm ha­kyn­da-da aý­dyp be­rer­dim. Bu dur­muş­dan nä­mä ga­raş­ýa­ny­my aý­dar­dym. 1981-nji ýy­lyň şeý­le aja­ýyp ap­rel sä­he­rin­de Ha­ra­ju­ki et­rap­ça­syn­da­ky da­ra­jyk kö­çe­de bi­ri-bi­ri­mi­ziň de­ňi­miz­den geç­me­gi­mi­ze se­bäp bo­lan yk­ba­lyň kö­tel ýol­la­ry hak­da aý­dar­dym. Bu-da dün­ýä­ni üm­süm­lik gur­şap al­ýan wag­ty, ga­dy­my sa­ga­dyň iş­le­ýi­şi ýa­ly, ýa­kym­ly syr­lar­dan do­ly bir zat bo­lar­dy.
Biz aza­jyk gep­le­şe­ni­miz­den soň­ra, bir ýer­ler­de na­har edi­ner­dik. Biz bel­ki-de, Wu­dy Al­le­niň fil­mi­ne gi­der­dik. Şon­da bo­lup bi­läý­jek bu zat­lar ýü­re­gi­miň çalt-çalt­dan gür­sül­de­me­gi­ne se­bäp bol­dy. Yn­ha-da, iki­mi­ziň ara­myz­da on bäş ädim gal­dy. Oňa go­laý­lap bi­ler­mi­käm? Nä­me diý­sem­käm?
“Er­ti­ri­ňiz ha­ýyr­ly bol­sun, ha­nym! Gür­leş­mek üçin ma­ňa ýa­rym sa­ga­dy­ňy­zy ba­gyş edip bi­ler­mi­si­ňiz?”
Örän bi­ma­ny. Edil äti­ýaç­lan­dy­ryş eda­ra­sy­nyň iş­gä­ri­ne meň­zä­rin.
“Ba­gyş­laň we­li, şu tö­we­rek­de egin-eşik aras­sa­la­ýan ýeri bi­le­ňi­zok­my? ”
Ýok, bu has-da gül­künç. Elim­de bol­sa, egin-eşi­gem ýog-a. Kim şu­nuň ýa­ly ýalana yna­nar öýd­ýäň? Bel­ki-de, sa­da ha­ky­kat jaý­dar bo­lar. “Er­ti­ri­ňiz ha­ýyr­ly! Siz me­niň üçin birkem­siz gö­zel…”. Onuň mu­ňa-da yna­na­sy ýok-laý. Yna­naý­sa-da me­niň bi­len gür­le­şe­si gel­män bi­ler.
Gy­nan­sak-da, ol “Men si­ziň üçin birkem­siz gö­zel bo­lup bi­le­rin, em­ma siz me­niň diý­ýä­nim däl” di­ýip bi­ler ahy­ryn. Eger şeý­le ýag­daý­da ga­laý­sam, me­ge­rem, as­man de­päm­den iner­di. Şol pur­sat çyk­gyn­syz ýag­daý­dan ugur-ut­ga ta­pyp bil­mez­dim. Özü­mem 32 ýa­şym­da. Gar­ry­ly­ga sa­ry ýö­nel­mek şu ze­ýil­li zat-da.
Biz gül sa­tyl­ýan dü­ka­nyň öňün­den ge­çip bar­ýarys. Me­niň ýü­zü­mi my­my­jak şe­mal sy­pa­la­ýar. As­fal­tyň ýü­zi çyg­ly we men gül­le­riň hoş­boý ysy­ny al­ýa­ryn. Men özü­mi onuň bi­len gür­leş­mä­ge mej­bur edip bi­le­mok. Gyz ak ýeň­siz ge­ýip­dir. Ol sag elin­de he­niz mö­hür go­ýul­ma­dyk ak buk­ja sak­lap dur. Ýag­ny, kim­dir bi­ri­ne hat ýa­zyp­dyr. Me­ge­rem, uzak gi­je çi­rim et­män ýa­zan­dyr. Ony uku­syz göz­le­rin­den hem aň­mak bol­ýar­dy. Onuň äh­li sy­ry şol buk­ja­nyň için­de bo­lup bi­ler. Men bir­nä­çe ädim ýö­rä­nim­den soň, yzy­ma do­lan­ýaryn. Ol bol­sa, mä­hel­lä­niň için­de ýi­ti­rim bol­dy. Men in­di oňa nä­me aýt­ma­ly­dy­gy­my bil­ýärin. Dog­ru­sy­ny aýt­sam, gür­rüň uza­ga çek­jek. Oňa özü­mi aýan et­mek­de çek­jek kö­senç­li­gim uzyn… Kel­lä­me gel­ýän pi­kir­le­riň hiç bi­ri­ne-de tej­ri­be ele­gin­den ge­çen di­ýip bol­maz. Bor-da! He­ka­ýam “Bir bar eken” di­ýip baş­lanyp, “Nä­hi­li gy­nanç­ly!” di­ýip gu­tar­ma­gy müm­kin.
Ga­dym za­man­lar­da bir gyz bi­len bir og­lan ýa­şar eken. Og­lan 18 ýa­şyn­da, gy­zam 16 ýa­şyn­da­myş. Og­lan o di­ýen gör­me­geý däl eken. Gyz­da-da aý­ra­tyn bir görk ýok­muş. Umu­man, ola­ram hem­me­ler ýa­ly, ada­ty og­lan bi­len ada­ty gyz eken. Em­ma olar öz­le­ri üçin dün­ýä­niň bir ýe­rin­de birkem­siz gö­ze­liň, şeý­le-de, birkem­siz ýi­gi­diň ýa­şa­ýan­dy­gy­na çyn ýü­rek­den yna­nyp­dyr­lar. Ha­wa, olar gud­ra­ta hem ynan­ýan eken­ler. Şol gud­rat bol­sa, ha­ky­kat ýü­zün­de ama­la aşyp­dyr. Olar bir kö­çä­niň kün­jün­de bi­ri-bir­le­ri­ne ga­bat ge­lip­dir­ler.
Og­lan : – Taý­syz, üýt­ge­şik maş­ga­la – di­ýip­dir. – Men se­ni ömürbo­ýy göz­le­dim. Sen mu­ňa ynan­man bi­ler­siň. Em­ma sen me­niň üçin birkem­siz gö­zel. Gyz hem: – Se­nem me­niň üçin äh­li ba­bat­da edil göz öňü­ne ge­ti­ri­şim ýa­ly birkem­siz ýi­git. Ha­ma­la di­ýer­siň, bu bir düýş my­sa­ly – di­ýip­dir.
Ju­wan­lar se­ýil­gäh­de otur­gyç­da otu­ryp­dyr­lar. Olar bir­nä­çe sa­gat­lap el-ele be­rip, bi­ri-bi­ri­ne gy­zyk­ly gür­rüň­ler be­rip­dir­ler… In­di olar ýal­ňyz däl. Olar kem­siz taý­la­ry­ny ta­pyp­dyr­lar. Bu bir gud­rat, uly ke­ra­mat! Em­ma olar şol ýer­de şeý­di­şip otyr­ka­lar ýü­rek­le­rin­de ki­çi­jik bir şüb­he dö­räp­dir. Heý-de, adam­la­ryň ar­zuw-hy­ýal­la­ry şeý­le çalt ama­la aşar­my? Şeý­le­lik bi­len, gür­rüň­le­ri bir pur­sat tog­tap­dyr.
Og­lan gy­za: – Ha­ny, özü­mi­zi bir ge­zek­lik sy­nap gö­re­li. Ha­ky­kat­da­nam, bi­ri-bi­ri­miz üçin birkem­siz jü­büt bol­ýan bol­sak, şol wagt baş­ga bir za­man, gaý­ry bir ýer­de tä­ze­den du­şu­şa­rys. Bu ama­la aşan­da bol­sa, ýag­ny bi­ziň birkem­siz aşyk-mag­şuk­dy­gy­my­za do­ly ynan­sak, ar­ka­ýyn dur­muş gu­rup bi­le­ris… Sen mu­ňa nä­hi­li ga­ra­ýaň? – di­ýip­dir.
Gyz: – Ha­wa – di­ýip, jo­gap be­rip­dir. – Ha­ky­kat­da­nam, biz şeýt­me­li. On­soň olar aý­ry­ly­şyp­dyr­lar. Gyz gün­do­ga­ra, og­la­nam gün­ba­ta­ra ta­rap ötä gi­dip­dir…
Şeý­le hem bol­sa, ola­ryň bu sy­nag hak­da­ky pi­kir­le­ri ýer­lik­siz­miş. Beýt­me­li däl eken­ler. Se­bä­bi olar bi­ri-bir­le­ri üçin birkem­siz taý eken­ler. Ola­ryň du­şuş­mak­la­ry­ny­ň özem bir gud­rat ekeni. Ýö­ne ga­ty ýaş bo­lan­soň­lar, mu­ny aň­man­dyr­lar. Ola­ry yk­ba­lyň yz­gyt­syz, so­wuk tol­kun­la­ry re­him­siz­lik bi­len aý­ra sa­lyp­dyr.
Köp wagt­dan soň, gyş gün­le­ri­niň bi­rin­de gy­zam, og­la­nam möw­sü­miň iň agyr dü­me­wi bi­len dü­mew­läp­dir­ler. Şon­da olar ýa­şa­ýyş bi­len ölü­miň ara­syn­da çarp urup, öň­ki baş­dan ge­çi­ren wa­ka­la­ry­ny unu­dyp­dyr­lar. Ýaş­lar aý­ňal­sa­lar, gö­ýä di­ýer­siň, aň­la­ry ýaş D.G.Lou­ren­siň pul gutujygy ýa­ly boş eken.
Şon­da-da iki ju­wan, örän akyl­ly we aý­gyt­ly bo­lup­dyr. Olar wagt ýi­tir­mez­den, ýa­daw­syz ta­gal­la­la­ry ar­ka­ly ýe­ne-de jem­gy­ýe­tiň do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy bol­mak üçin ýe­ter­lik bi­lim we tej­ri­be edi­nip­dir­ler. Jan­la­ry sag bol­sun! Olar met­ro ge­çel­ge­sin­den beý­le­ki ta­ra­pa nä­hi­li geç­jek­dik­le­ri­ni, poç­ta ba­ryp ha­ty nä­dip iber­jek­dik­le­ri­ni bil­ýän adam­lar bo­lup ýe­ti­şip­dir­ler. Hatda ýi­git bi­len gyz tä­ze­den ha­la­şyp­dyr­la­ram. Ola­ryň söý­güsi kä­ma­hal-a ýet­miş bäş gö­te­rim­lik, kä­ma­ha­lam seg­sen bäş gö­te­rim­lik de­re­je­de bo­lup­dyr…
Aý­lar-gün­ler geň gal­dy­ry­jy tiz­lik bi­len ge­çip, ba­sym og­lan-a 32, gyz bol­sa, 30 ýa­şap­dyr.
Aja­ýyp ap­rel sä­he­ri şol gyz To­kio­nyň Ha­ra­ju­ki et­rap­ça­sy­nyň da­ra­jyk kö­çe­sin­de eli hat­ly gün­do­gar­dan gün­ba­ta­ra ta­rap ýö­räp bar­ýar­ka, özü­ni rast­la­mak üçin bir bul­gur ko­fe içe­si ge­len og­la­nam gün­ba­tar­dan gün­do­ga­ra ta­rap ýö­räp baş­lap­dyr. Olar kö­çä­niň or­ruk or­ta­ra­syn­da bi­ri-bi­ri­niň de­ňin­den ge­çip gi­dip­dir­ler. Gys­ga pur­sat­ly­gam bol­sa, ola­ryň huş­dan uçan ýat­la­ma­la­ry­nyň sä­hel­çe uç­gun­la­ry ýü­rek­le­ri­ni ýag­tyl­dyp­dyr. Ola­ryň iki­si hem gur­sak­la­ryn­da güýç­li gür­sül­di du­ýup­dyr­lar.
Olar bil­ýän eken­ler: – Ol me­niň üçin birkem­siz gö­zel… – Ol me­niň üçin birkem­siz ýi­git… Em­ma ýat­la­ma­la­ry­nyň yşy­gy örän kö­rek bo­lup­dyr. Ola­ryň aň­la­ry 14 ýyl mun­dan ozal­ky ýa­ly du­ry däl­miş. Olar ýe­ke agyz hem gür­le­män, bi­ri-bi­r­i­niň de­ňin­den ge­çip, mä­hel­lä­niň için­de ýi­ti­rim bo­lup­dyr­lar. Mü­di­mi­lik…
Gy­nanç­ly he­ka­ýa. Şeý­le däl­mi?
Ha­wa, şol gy­za aýt­ma­ly zat­la­rym hut şu­lar­dan yba­rat­dy…

Haruki Murakami, ýapon ýazyjysy

Ter­ji­me eden
Döw­let­my­rat DA­ŇA­TA­ROW,
Ahal we­la­ýat te­le­ra­dio stu­di­ýa­sy­nyň
gep­le­şik­le­ri gur­naý­jy­sy we taý­ýar­laý­jy­sy,
Türk­me­nis­ta­nyň Ýaş­lar baý­ra­gy­nyň eýe­si.
3 лайков 92 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ýüreksözi
25 фев 2022, 23:06
her kimiňki özüne aý görüner gözüne diýlenidä