Eşik
Bir gezek gözellik bilen bedroýlyk deňiz kenarynda sataşypdyrlar-da, suwa düşmeli diýen karara gelipdirler. Olar eşiklerini bir gyra goýup, suwa böküpdirler. Birnäçe wagtdan soň, bedroýlyk kenara gelip, gözelligiň eşigini geýip, ol ýerden garasyny saýlapdyr. Soňra gözellik hem suwdan çykypdyr, ýöne eşigini tapmandyr. Ol egnaçyklygyndan biçak utanypdyr we bedroýlygyň eşigini geýip, ol ýerden uzaklaşmak bilen bolupdyr.
Şol günden bärem erkekler we zenanlar ýalňyşyp, birini başga biri hökmünde kabul edýärler.
Ýöne nähili eşik geýendigine garamazdan, gözelligiň ýüzüni gören badyna ony tanaýanlar bar. Şeýle hem, bedroýlygy bilýänler, ony her hili eşik gizlese-de, gözünden tanaýarlar.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.