Bazarda
Oba ýerinden gül ýüzli, owadan gyz bazara gelipdir. Onuň saçlary agşam şapagy dek bolup, leblerinde daň şapagy ýylgyrýardy. Göze ýakymly nätanyş gyz derrew jahyl ýigitleriň gözüne ilipdir. Kimdir biri onuň bilen tans etmek isläpdir, beýleki biri bolsa, onuň hormatyna içlekli kesip, mürähet edipdir. Hemmeler oňa görünmek isläpdir, ýöne ýaşlaryň özüni alyp barşy gyza ýaraman, aljyrap ugrapdyr. Gyz olary ýazgaryp, bir-iki sanysynyň dulugyna şarpyk hem çalypdyr. Soňra ol ýerden uzaklaşmak bilen bolupdyr.
Şol gije ýolda öýlerine gelýärkä, öz ýanyndan janygyp şeýle diýipdir:
– Şeýtseler, hiç halamok-da! Gödek, terbiýe görmedikler diýsänim. Bularyň bolşuny çekip-çydar ýaly däl.
Wakanyň üstünden bir ýyl geçipdir. Bu görmegeý gyzyň ýadyna bazar we ol ýerdäki oglanlar düşüpdir.
Şeýlelikde, ol ýene-de gül roýy, agşam şapagy dek saçlary, daň şapagy ýylgyrýan lebleri bilen bazara gelipdir. Emma, bu gezek ýaş ýigitler, onuň ýüzüne hem seretmändirler. Ol uzakly gün gürlemän, ýeke özi bazarda aýlanypdyr. Ikindä golaý ýol bilen öýlerine gelýärkä öz ýanyndan şeýle diýipdir:

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.