Meň idealym

Kä köňlüň gubarlap, sygmasaň öýe,
Bilgin bir ýerlerden ideýänimi.
Men deňze çalymdaş hüllämi geýip,
Gözläp ýörendirin idealymy.

Duşup öz söýgümiň mozaikasyna,
Bu kenary az wagtlyk taşlaryn.
Güllän erikleriň arasyn syryp,
Men bar zady seniň bilen başlaryn.

Pudagyna kelam ýazyp badamyň,
Ak bulutlaň arkasyna zyňarys.
Pelek içre, öwrülip bir ygşylla,
Biz bir oýnam hurma bilen oňarys.

Kä köňlüň gubarlap sygmasaň dünýä,
Bilgin bir ýerlerden ideýänimi!
Men kenarda ot başynda ot bolup,
Gözläp ýörendigim idealymy.

Orazbibi Mälikguly gyzy.
5 лайков 153 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nurmuhammet
25 фев 2022, 18:45
gowy gosgy like
Belki
25 фев 2022, 18:49
Şu "söýgiñ mozaikasy" söz düzümi öñ meşhur poemada gaýtalanandygy üçin şu goşguda bimaza edýär.
ýüreksözi
25 фев 2022, 19:10
Gaty gowy eken like meňem idealym barmyka bir ýerlerde
Ötegçi
25 фев 2022, 19:11
Söýgi mozaikazy Seyitmyratda ýa Nobatgulyda bolmaly... Muhamowyñ bolsa bir goşgusynda bardy..
Ötegçi
25 фев 2022, 19:13
Serwi agajymy @Belki?!
Ötegçi
25 фев 2022, 19:13
Dyz çökmerin men!
Ýasaryn bagtymyň mozaikasyny,
Wyjdan aýnasynyň gyýçaklaryndan!

Mukam Muhamow
Belki
25 фев 2022, 19:27
Ötegçi,erbed-äý siz :)
Şu Mukam awtoryñ säwligini agzamajak boldum welin...
Howwa,Nobatguly agañ "Serwi agajy" poemasy.
Hiayress
25 фев 2022, 19:41
"Men kenarda ot başynda o:t bolup"

"Men kenarda suw başynda o:t bolup" bolsa göwnejaý bolaýjak eken. Gowy goşgy berekella.
Ötegçi
25 фев 2022, 21:34
Men ä ony sawligem hasaplamok jora:))) Mukamyñky uytgesik bolupdyr
Belki
25 фев 2022, 21:42
Ötegçi,
Aý ýog-aý,jorka (tüweleme joralam köpelýär)) meñ pikirimçe türkmen edebiýatyndaky iñ uly säwliklerden biri.Men bolsam ýazmazdym.Ýöne Mukam awtoram ýazan wagty meşhur "mozaikany" unutdymyka diýýän.
Ötegçi
26 фев 2022, 00:06
Howwa unudandyr. Aýdylmadyk pikir yok diyilsi yaly duýulmadyk duýgam yok oydyan