MART GELSE

Nämüçindir?
Bahar gelse, mart gelse,
Eje, seniň keşbiň söm-saýak mydam.
Wagty, biwagty ýok, nirde-de bolsam,
Gabarçak elleriň, intizar didäň.

Göz öňümde...
Ot ýygýansyň mallarňa.
Petdeläniň tozdurýandyr towuklaň.
Almaýaňak meňziň ýaladyp ýalna,
Içen gezegiň ýok çaýyň sowutman.

Eliň laýa garyp,
Tamdyr salýardyň.
Seýrek hiňlenerdiň, gama batardyň.
«Ömür gutarmaýan işleň» azaldyp,
Käte bil guşagňam çözmän ýatardyň.

Gursagy Güneşim, demi dermanym,
Hatalarym bilen ýüzbe-ýüz etme.
Çaga wagtym, uly bolmanym üçin,
Dörtburç çarçuwadan beýle seretme...

Bahar gelse,
Üljelere gül sepip,
Käbäm, seniň mähriň küýseýän mydam.
Bir ýerlerden jyklap gelip bilmeýän,
Ruhum parçalaýar intizar didäň!


Orazbibi Mälikguly gyzy.
1 лайков 82 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.