Ynjalyksyzlygy ýeňmäge kömek edýär
Russiýaly psiholog Anna Ýermolaýewa durmuşda näbellilik zerarly ýüze çykýan ynjalyksyzlanma ýagdaýlarynda iň gowy görýän filmleriňe tomaşa etmegiň we kitaplary täzeden okamagyň iň gowy kömekçidigini belleýär. «Ynjalyksyzlygy ýeňip geçmek üçin ýakymly sazdyr audiokitaplary diňlemeli ýa-da gowy görýän filmleriňe tomaşa etmeli. Öň tanyş zatlar ynsan aňy tarapyndan durnuklylyk, asudalyk hökmünde kabul edilýär, durnuklylyk bolsa rahatlanma duýgusyny döredýär. Sebäbi adamyň aňy tanyş eseri ygtybarly diýip, kabul edýär» diýip, nygtaýan psiholog durmuşda dörän kynçylyk zerarly uzak wagtlap pikire batyp, aladalanyp oturmagyň peýdasyzdygyny belleýär. Onuň deregine kitap okamak, kino görmek oňyn duýgulary döredip, rahatlyk bagyşlaýar.
Ýermolaýewa şeýle ýagdaýlarda işiňi täzelemegiň howpludygyny, gaýta ynjalyksyzlygy ýitileşdirýändigini, oňa derek ýakymly täsirleri eçiljek güýmenjeleri gözlemelidigini belleýär.
Zaman gazedi
Ýermolaýewa şeýle ýagdaýlarda işiňi täzelemegiň howpludygyny, gaýta ynjalyksyzlygy ýitileşdirýändigini, oňa derek ýakymly täsirleri eçiljek güýmenjeleri gözlemelidigini belleýär.
Zaman gazedi
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.