Tilki bilen Pishik
Tokaýda ýaşaýan mekir tilki her gabat geleninde, pişijegiň üstünden gülýän eken. Günlerde bir gün tilki pişige:
– Syçan tutmaga ökdedigiňi bilýän. Hany, aýt bakaly, eliňden başga nämeler gelýär? – diýipdir.
Pişik:
– Başga ukybym ýok, ýöne agaja-da dyrmaşyp bilýän – diýipdir.
Pişijek tilkiniň özüni kemsidýändigine gaty gynanýan eken. Tilki bolsa, her sapar özüni öwýän eken. Bir gezek tilki:
– Men awçylykda we yz çalmakda örän ussat. Awçylardan gaçmakda hem menden öňe geçjek ýokdur – diýipdir.
Pişik ýüzüni aşak salyp:
– Sen menden beýik – diýipdir. Bu sözleri aýdýan mahaly hem pişik haýsydyr bir zatdan gorkup, daş-töweregine garanjaklaýarmyşyn. Özünden göwni hoş tilkiniň muňa gahary gelip:
– Sen meni diňlemän, ýalt-ýult edip, eýläk-beýläk seredip dursuň – diýipdir.
Pişik:
– Men seni diňleýän, ýöne uzakdan dürli sesler gelýär. Iki tazy hem-de bir atly bäri gelýän ýaly-la – diýipdir.
Tilki:
– Meniň pikirimçe sen düýşürgeýäň öýdýän diýip, ýene özüni öwüp başlapdyr. Görse, pişik ýene-de gorky bilen daş-töweregine seredýärmişin.
– Sen meni diňläňok, beýle-de gorkaklyk bolarmy? – diýipdir.
Pişik:
– Sen hiç zat eşideňokmy? Bu awçylaryň sesi – diýipdir-de, bir towsan-da gapdalyndaky agaja dyrmaşypdyr. Şol barmana iki sany äpet it tilkä tarap ylgap gelýärmişin. Tilki gorkusyna gaçjak bolanynda, büdräp ýykylypdyr. Galyp gaýtadan gaçyp başlanynda, ýene iki sany it peýda bolupdyr. Itler agaja dyrmaşan pişige-de üýrýärmişin. Emma, itleriň ýanyna gelip bilmejekdigini bilýän pişik, arkaýyn otyrmyşyn. Ol agajyň şahasynda oturan ýerinden:
– Hany hälki aýdan ukyplaryňy, indem, görkez bakaly – diýip gygyrypdyr. Mekir tilki bolsa, ulumsylyk edip ýalňyşandygyna puşman edipdir.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.