Nä­me üçin Tä­ze ýyl­da ar­ça be­zel­ýär ?

Il­ki bi­len ar­ça ba­ra­da kä­bir mag­lu­mat­la­ry öw­re­ne­liň. Ar­ça­nyň dün­ýä­de 115 tö­we­re­gi gör­nü­şi bo­lup, aga­jyň bu gör­nü­şi he­mi­şe gök öwüs­ýän ösüm­lik­le­riň ha­ta­ry­na gir­ýär. Şeýle ösüm­lik­le­riň ara­syn­da agaç­lar bi­len bir ha­tar­da gy­rym­sy agaç­lar we beý­le­ki ösüm­lik­ler hem bar. Bu ösüm­lik­le­r so­wu­ga çy­dam­ly bo­lup, ýy­lyň äh­li pas­lyn­da ýa­şyl öw­süp otur­ýar. Beý­le­ki ösüm­lik­ler­den ta­pa­wut­ly­lyk­da gyş pas­lyn­da ola­ryň ýap­rak­la­ry (has dog­ru­sy pür­le­ri) düş­me­ýär. He­mi­şe gök öwüs­ýän agaç­lar di­ýil­ýän hem bol­sa, bu ösüm­lik­le­riň go­ňur-gyz­gylt pür­li gör­nüş­le­ri hem bol­ýar. Köp ýa­gyş ýag­ýan to­kaý­lyk­lar­da şeýle agaç­lara has köp duş gelinýär. Şeý­le-de bol­sa, ar­ça­lar dün­ýä­niň dür­li ho­wa şert­le­rin­de bit­ýän çy­dam­ly ösüm­lik ha­sap­lan­ýar. Şol se­bäp­li boş ýer­le­ri to­kaý­laş­dyr­mak üçin has köp ar­ça ekil­ýär. Mun­da ar­ça­nyň tiz boý al­ma­gy­nyň hem tä­si­ri bar. Tiz ýe­ti­şen­soň gur­lu­şyk se­na­ga­tyn­da we ka­gyz ön­dür­mekde ulan­mak mak­sa­dy bi­len hem ar­ça ekil­ýär.
Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gyn­da ar­ça be­zel­me­gi öz göz­ba­şy­ny has ir­ki dö­wür­ler­den alyp gaýd­ýar. Ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra gö­rä, il­kin­ji ge­zek bu dä­biň Ger­ma­ni­ýa­nyň gün­ba­ta­ryn­da ýü­ze çy­kan­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Or­ta asyr­lar­da ar­ça be­ze­len­de ola­ryň şa­ha­jyk­la­ry­na al­ma we kö­ke­ler asy­lyp­dyr. Soň­ky ýyl­lar­da ar­ça şahalaryna dür­li jä­jek­ler we reňk­li be­zeg­ler gydyrylypdyr. Hä­zir­ki wagt­da Tä­ze ýyl ar­ça­sy­nyň has köp gör­nüş­li be­zeg­le­ri bar.
Äh­lu­mu­my baý­ram­çy­lyk
Hä­zir­ki wagt­da bü­tin dün­ýä­de ula­nyl­ýan mi­la­dy se­ne­na­ma gö­rä, 1-nji ýan­war ýy­lyň il­kin­ji gü­ni ha­sap­lan­ýar. Şol se­bäp­li bü­tin dün­ýä­de baý­ram hök­mün­de bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Hij­ri-ka­ma­ry ýyl ha­sa­by­na gö­rä, bol­sa ýy­lyň il­kin­ji aýy aşyr aýy ha­sap­lan­ýar. Hij­ri se­ne­na­ma Aýyň he­re­ke­ti bi­len bag­ly bo­lup, bir hij­ri ýyl 354 gün bol­ýar. Şol se­bäp­li hij­ri ýyl mi­la­dy ýyl­dan 11 gün az bol­ýar. Mi­la­dy se­ne­na­ma Ýe­riň Gü­nüň da­şyn­dan aý­la­wy­na gö­rä dü­zü­len. Ýag­ny, bi­ziň pla­ne­ta­myz 364 (kä­bir ýyl 365) gün­de Gü­nüň da­şyn­da­ky bir aý­la­wy­ny ta­mam­la­ýar. Hij­ri se­ne­na­ma Aýyň Ýe­riň da­şyn­da­ky aý­la­wy­na gö­rä dü­zü­len bo­lup, Ýe­riň ýe­ke-täk hem­ra­sy ha­sap­lan­ýan Aý pla­ne­ta­my­zyň da­şyn­da­ky bir ge­zek­ki aý­la­wy­ny 354 gün­de ta­mam­la­ýar. Äh­li ça­ga­la­ryň hy­ýa­ly gah­ry­ma­ny bo­lan Aýaz­ba­ba­nyň il­kin­ji ge­zek hä­zir­ki Ni­der­land­lar pa­ty­şa­ly­gyn­da «peý­da bo­lan­dy­gy» çak­la­nyl­ýar. Aýaz­ba­ba­nyň ça­ga­la­ra sow­gat ber­mek dä­bi­niň bol­sa, Skan­di­naw halk­la­ry­nyň me­de­ni­ýe­ti bi­len bag­ly­dy­gy aý­dyl­ýar.
1 лайков 116 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.