Diller barada
Dünýäde 8 milliarda golaý ilat bolup, olar 6 müňden gowrak dilde gepleşýärler. Şeýle-de bolsa, dünýä ilatynyň ýarysy 15 dilde gepleşýär. Ene dili hökmünde iň köp gürleşilýän dil Hytaýdaky mandarinçedir. Köp milletli ýurt bolan Hytaýyň ilatynyň 70 göterimi mandarin dilinde gepleşýär.
Afrikada müňe golaý dilde gepleşilýär. Olaryň 30 sanysynda milliondan köp adam gepleşýär. Beýleki dillerde gürleşýän ilatyň sany bir milliona ýetmeýär.
Hindistanda 800-den gowrak dil bar. Ýurt ilat sany boýunça dünýäde ikinji ýerde durýar.
Dilleriň arasynda dürli meňzeşlikler we tapawutlar bar. Diller birnäçe topara bölünip, olaryň köpüsinde meňzeş sözlere gabat gelinýär. Şeýle hem käbir sözler, esasan, adalgalar köp dilde meňzeş bolýar. Tehnologiýanyň ösmegi netijesinde peýda bolan enjamlar hem şeýle.
Dilçiler dünýäniň ähli dillerine mahsus bolan aýratynlyklary ýüze çykarypdyrlar. Oňa görä, gündelik durmuşda has köp ulanylýan sözler gysga, seýrek ulanylýan sözler uzyn bolýar. Şeýle hem dünýädäki ähli dilde adamyň beden synalarynyň atlary gysga, köplenç bir ýa-da iki bogunly bolýar – saç, el, ýüz, göz, agyz, aýak, bil, egin.
Dil bilen şol dilde gepleşýän halkyň medeniýetiniň hem arabaglanyşygy bolýar. Mysal üçin, türkmen dilinde atyň ýaşy, reňki we esbaplary bilen bagly has köp söze duş gelinýän bolsa, sowuk ülkelerde ýaşaýan eskimoslarda gar we buz bilen bagly has köp söze duş gelmek bolýar.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.