TOYOTA- nyň taryhy
Dünýäniň iň köp awtoulag öndürýän kompaniýalarynyň biri bolan «Toyota» her ýylda 9-10 million ulag öndürýär. Ýapon brendi birnäçe ýyldan bäri Germaniýanyň «Volkswagen» kompaniýasy bilen birinji we ikinji orny gezekli-gezegine diýen ýaly paýlaşýar. Käbir awtoulag brendleri diňe belli bir sebitde has köp satylýan bolsa, «Toyota» ulagynyň göze ilmeýän ýurdy ýok diýen ýaly. Eýsem, bu kompaniýa haçan esaslandyryldyka?! Ilki haýsy harydyň önümçiligini ýola goýduka?! Geliň, awtoulag brendiniň taryhyna gysgaça göz aýlalyň!
«Toyoda Automatic Loom Works» kärhanasynyň ýolbaşçysy Sakiçi Toýoda 1924-nji ýylda «Toyoda Model G» atly awtomatik tikin maşynynyň önümçiligini ýola goýýar. Şol döwürde Ýaponiýanyň daşarky söwdasynda ýüpek uly orun eýeläpdir. Ýüpek önümçiligi ýurtda iň girdejili pudak bolup, ýüplük egirýän, dokaýan maşynlar daşary ýurtlardan, esasan, Angliýadan getirilipdir. Ýüpek dokaýan maşyny öndürmek üçin köp wagtlap kelle döwen Toýoda 1897-nji ýylda öz ýasan ilkinji tikin maşynynyň patentini alypdyr. Netijede, işewür elýeter bahaly tikin maşynlaryny köpçülikleýin öndürip başlaýar. Soňlugy bilen öz harytlaryny Ýewropa ýurtlaryna hem eksport edipdir. Sakiçi Toýoda bu başlangyjy bilen öz ýurdunyň önümleriniň Ýewropanyň önümleri bilen diňe bir bäsleşmegi däl-de, eýsem, olardan ozup hem biljegini subut edipdir. 1929-njy ýylda Sakiçi Toýoda tikin maşynynyň patentini «Platt Brothers» atly iňlis kompaniýasyna 100 müň funt sterlinge satyp, şol pula hem awtomobil öndürmegi ýüregine düwýär. Awtoulag kärhanasy gurlan hem bolsa, ol ilkinji awtomobilini görmäge ýetişmändir. 1933-nji ýylda ilkinji awtomobili («Model A1») konweýerden çykanda, ol aradan çykypdyr. Ondan soňra kompaniýa ogly Kiiçiro Toýoda ýolbaşçylyk edýär. Gysga wagtda «Toyota» kompaniýasy dünýä belli awtomobil brendine öwrülýär. Şol döwürde ABŞ-nyň öňdebaryjy «General Motors» we «Ford» awtomobil öndürijileri dünýäde iň meşhur brendler bolupdyr. Kiiçiro Toýoda 1937-nji ýylda «Toyota Motor Company Ltd» kompaniýasyny esaslandyrýar. Uzak wagt geçmänkä ýurduň hökümeti 3 müň sany ýük awtomobilini sargyt edýär. Bu sargyt kärhana üçin uly goldaw bolupdyr. 1937-nji ýylda öndürilip başlanan AA modeli kompaniýanyň iň meşhur modelleriniň biri öwrülýär. Geçen asyryň ortalarynda kompaniýa ykdysady taýdan kynçylyk çekýär. Şol ýagdaýda Kiiçiro Toýoda öz ýerine Taýiti Ono atly dostuny belleýär. Ol ugurtapyjy bolupdyr. Taýiti marketlerde müşderileriň satyn alýan harytlaryna üns beripdir. Netijede, adamlaryň gerekli zadyny diňe zerur wagty alýandygyna göz ýetiripdir. Bu bolsa oňa kärhananyň ýörelgesini kesgitlemäge mümkinçilik beripdir – «wagtynda we ýerinde». Bu şygara esaslanan Taýiti kompaniýanyň işçileriniň sanyny azaldyp, önümi we işçi güýjüni tygşytlamaga üns beripdir. Kompaniýa hiç wagt has köp maşyn öndürip, ony ammarlarda basyp goýmandyr. Hatda beýleki kompaniýalar ýaly ammar hem gurman, «Tygşytly önümçilik» ýörelgesini dowam etdirýär. 1951-nji ýylda kompaniýa ýolsuz ýerde ýöreýän «Land Cruiser» modelini öndürýär. 1957-nji ýylda öndürilen «Crown» modeli amerikan bazaryna satylýar. Şondan soňra «Toyota» gysga döwrüň içinde bütin dünýäde tanalmaga başlaýar. Amerikan awtokonsernleri ilkibada «Toyota» kän bir üns bermändirler. 1973-nji ýyla çenli «Toyota» ABŞ-nyň bazarynda 327 müň awtomobil satýar. Şondan soňra amerikan kärhanalary «Toyota»-nyň esasy bäsdeşleriniň birine öwrülendigine göz ýetirýärler. «Toyota» ulaglary ykjamlygy, ygtybarlylygy we arzan bahasy bilen müşderileriň göwnünden turýar. «Toyota» 60-njy ýyllaryň başynda Ýewropa bazarynda özüniň «Publica» modeli bilen tanalyp başlaýar. Bu ulag ýangyç tygşytlylygy we bahasynyň elýeterliligi bilen günbatarlylaryň iň halaýan ulaglarynyň birine öwrülýär. 1966-njy ýylda «Corolla»-nyň ilkinji nusgasyny tanyşdyran «Toyota» şol ýyl «Hino», 1967-nji ýylda «Daihatsu» awtomobil kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar. 1972-nji ýylda kompaniýa 10 millionynjy awtomobilini öndürýär. 1978-nji ýylda hem ilkinji öňdençekişli awtomobilini – «Tercel»-i öndürip başlaýar.
Kompaniýa 1976-njy ýylda 20 million, 1980-nji ýylda 30 million, 1986-njy ýylda 50 million we 1999-njy ýyla çenli bolsa 100 million awtomobil öndürýär. 1982-nji ýylda meşhur «Camry» modeliniň ilkinji nusgasy peýda bolýar. 1987-nji ýylda «Toyota Motor Corporation» «Volkswagen» bilen şertnama baglaşyp, Germaniýa üçin «pikap» awtomobilleriniň önümçiligini ýola goýýar. 1988-nji ýylda «Lexus» atly brendini döredýär. 1990-njy ýyllaryň ahyrynda ilkinji gibrid awtomobili – «Toyota Prius» konweýerden çykýar. Awtomobil önümçiliginde ol ilkinji gezek dowamly öndürilen elektromobil boldy. 2007-nji ýylda «Toyota» 77 ýyldan bäri awtoulag önümçiliginde dünýäde birinji bolup gelýän «General Motors»-dan ozdurmagy başardy.
«Toyota» kompaniýasy häzirki wagtda her 5 sekuntda bir awtomobil öndürýär. Ýer ýüzünde «Toyota»-nyň 340 müňden gowrak işgäri, 69 sany zawody bar. «Toyota» 140-dan gowrak ýurtda satylýar. 90-njy ýyllardaky öndürilen «Toyota»-laryň 80 göterimi häzirem ýollarda hereket edýär.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.