KERIM ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET DÜNÝÄSI
Çyn zehiniň täsin syrlary bar. Zehin bolup döretmegiň ejiri
kän, emma höziri ondanam kän. Bütin ömrüňi kagyz çyrşap
geçirip, ençeme kitap çykardyp, at alyp, laureat bolup hakyky
döredijiligiň nämedigini bilmän gidenler, aňman ýörenlerem bar.
Zehiniň Hudaýdan berilmese, «köňle geleniňi taraşlap şagladyp»
bolanok.
Kerim şahyr ömrüniň ahyrky günlerinde agyr kesel mahaly
bir gezek ahmyr bilen şeýle diýipdi: «Öňde bir şahyryň aýdyşy
ýaly «başardygymça-ha ýazasym gelenok, isledigimçe-de ýazyp
bilemok».
Ömrüniň tas otuz ýylyny ol diňe isledigiçe ýazyp geçiripdi.
Bir gezek meşhur Sahy bagşy heniz ýaşrak bagşyka talapkär halypasy Magtymguly Garlynyň ýanynda çalaja kine bilen
zeýrenen bolupdyr.
– Halypa, sen saz etseňem, aýdym aýtsaňam jüp-jüp ýerine
düşüp dur. Şunça azap edýäsem weli, biziňki-hä şeýle boluberenok.
Şonda Sahy bagşyny bütin ömrüne söýgülän Çuwal bagşy:
– Sahy jan, kesbiňden nägile bolmagyn. Bu zehiniň bilen
göwnüňe düwüşiňçe aýtmaga-da ýetişersiň. Şonda edeniň bolar
durar – diýipdir.
Hawa, Kerim şahyr döredijilikden gelen at-abraýyň, şan-şöhratyň, derejäniň nämedigini ençeme ýyllap görüp, bilip, syzyp gitmegiň seýrek duş gelýän bagtyna ýeten adamdy.
Ol metbugatda haýsydyr bir kitabynyň, eseriniň mahabatlandyrylyp, öwülip ýazylmagyna, haýsydyr bir adyň berilmegine
mätäç adam däldi. Halk ýazyjylygyna ol heniz kyrk hem ýaşamanka, Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna ýaňy kyrkdan
geçende mynasyp bolupdy. Şol ýaşlarynda-da ol eýýäm Ýokary
Sowete deputat hem saýlanypdy.
Emma bu derejeler onuň ýatanda-da ýadyna düşmeýan ýalydy. Deputatlyk nyşanyny ol diňe Ýokary Sowetiň sessiýasynyň
geçýän günleri dakynardy.
Halk ýazyjysynyň, laureatlygyň nyşanyny ol hiç mahalam
dakynmazdy. Özem käbir süwümsizleriň bu nyşanlary hut türkmen tomsunyň tüp yssysynda-da dakynan bolşup, özlerini hondan bärsi görkezmekçi bolýan mahaly şeýledi.
Kerim şahyr muny kimedir birine görelde bolmak, il içinde
özüni sada alyp barmak üçin şeýtmeýärdi.
Tebigy sadalyk, açyk göwünlilik, ussat şahyrlyk buýsanjy
onuň göwnüniň doklugyndan, biçak sowatlylygyndan, ruhy taý-
dan güýçlüliginden gelip çykýardy.
Berdi Kerbabaýew, Beki Seýtäkow, Gara Seýitliýew, Aman
Kekilow ýaly ägirtler bilen häli-şindi duz-emek bolşup, edebiýat,
döwür, dünýä hakda uzak wagtlar söhbet etmegi Kerim şahyryň
döredijiliginde-de, hüý-häsiýetinde-de gowy yz galdyrypdyr.
Hut şuňa görä-de Kerim şahyrda beýik ussadyň öz-özüni
tanamagynyň täsin buýsanjy, giň göwrümliligi, arkaýynlygy bardy.
Elbetde, beýle ýagdaý öz-özüne kemsiz göwni ýetýän adamyň howaýy gopbamsylygy däldi. Kerim şahyr beýle çäkleri
ilik-düwme bilýärdi, hem-de özüni tüýs türkmen ýaşulusyna,
pähim-paýhasly adama mahsus alyp barýardy.
Men Kerim şahyryň beýle häsiýetlerini nä sebäbe görä beýle
çintgäp nygtaýarkam?!
Şeýle bir mysaly getirsem, bu sowala azda-kände jogap bolar
öýdüp pikir edýärin.
Bir gezek meşhur Sapar gyjakçy daşhowuzly ýaş, zehinli bag-
şylaryň biri bilen tirkeşip, Türkmen radiosyna barypdyr. Pürli aga kärdeşini gadyrly garşylapdyr.
– Şeýdeweri, Sapar halypa, Magtymguly aganyň yzyny ýö-
retjekleri ýetişdireweri – diýip, köne dostuny söýgüläpdir.
Uly halypalara duşanyndan susty basylyp, egnini ýygryp
duran ýaş bagşyny kemsiz synlan Pürli aga Sapar aga sowal
beripdir.
– Bu ýigit bäş-alty adamy görenden şeýdip, egnini gysyp dur
welin, toýda-tomguda nädýär?! Sapar aga uludan ahmyrly dem
alyp başyny ýaýkapdyr:
– Elem erbet däl, sesem. Ýöne märekä çyksa, ýitip heläk
edýär – diýipdir.
Şonda Pürli aga:
– Wah, Sapar jan, näsini aýdýaň. Magtymguly halypa, Sahy
bagşy ýaly agyr märekäniň dik depesinden garap, çarpaýa galyp
aýdym aýtmak üçin özüňde gor bolmaly, gor. Aý, nesip bolsa,
başy ýaş, ýigidimizem gor ediner-dä özüne – diýipdir.
Görnükli rus şahyry Baratinskiniň aýdyşy ýaly, «Zehinlilik–her hili ýagdaýlarda-da hökmany suratda amal edilmeli tab-
şyrykdyr hem».
Kerim şahyr Beýik Watançylyk urşunyň yz ýanlarynda döredijilik işi bilen ymykly iş salşyp başlan gününden şol «Hökmany
suratda amal edilmeli tabşyrygy» gyşarnyksyz berjaý edip geldi.
Emma şahyryň özi «aňly-başly döredijiligini 1958-nji ýylda çap
edilen «Goşgular we poemalar» kitapçasyndan bärik!» hasapla-
ýar. Şol ýyllarda ol eýýäm meşhur «Taýmaz babanyň» awtorydy.
Bu poemany bolsa gabarasyna garamazdan, ýüzlerçe adam ýatdan bilýärdi.
Altmyşynjy ýyllaryň ortalarynda ol eýýäm biziň şol ýyllarky
poeziýamyzyň kerwenbaşysyna öwrüldi hem-de şol derejäni
ömrüniň ahyryna deňiç hiç kime gidermedi.
Onuň tutuş poeziýasy durmuşynyň beýanydyr, türkmende
şu derejedäki başga bir şahyry tapaýmak aňsat däldir. Halk
durmuşyna, ruhuna, onuň şu gününe, geçmişine iňňän beletligi
bilen Kerim şahyr şol halkyň iňňän kämil edebi dilinde diýseň
çeper dür saçmagy-da başarýardy. Kerim şahyr, megerem, be-
ýik Magtymguludan soň türkmen okyjysynyň kalbyna iň berk
ornaşan şahyrdyr. Onuň onlap, ýüzläp goşgularyny, tutuş epiki poemalaryny ýatdan güzledip oturan okyjylar bar. Şahyryň
kitaplary çap edilen badyna okyjylaryň kitap tekjelerine siňip
gidýär. Şu ýerde aýratyn bir ýagdaýy nygtap geçmek gerek: Kerim şahyryň diýseň milli häsiýetli goşgulary milli aňyň, milli
ruhuň çäklerine gaplanyp oturmaýardy. Onuň şygyrlarynyň
köpüsi adam ahlagynyň, adam ruhunyň, adam kalbynyň içine
çuňňur aralaşýandygy üçin umumy adamzat derejesine galyp
bilýärdi.
Siz onuň şu kitap bilen atdaş «Oýlanma baýry», «Sary gapy»,
«Wepa», «Uly mazaryň başujunda», «Jeza», «Şöhrat», «Saheriň
gymmaty… » ýaly täsin goşgularyny ýene-de bir gezek ünsli okap
görüň. Siz olarda umumy adamzada degişli ajaýyp pähimleri
görersiňiz.
«Şahyr, öz döwrüniň gözi, gulagydyr» diýlen pelsepe Kerim
şahyryň şygryýet dünýäsine diýseň bap gelýär. Ol her bir şygry
öz wagtynda, okyjynyň şahyryň şol sözi aýdaryna tüýs garaşýan
wagty ýazmagy başarýardy.
Siz Kerim şahyryň «Ýazmasy agyr düşen goşgy», «Döwür
şeýle, döwür», «Ýaşlyk dramasy», «Maşgala basan şahyryň elegi-
ýasy», «Biziň işimiz» ýaly, ýüzlerçe ajaýyp goşgularyny ýene-de
bir gezek okap görüň: olarda kalbyňy heýjana salýan durmuş
epizodlaryny öz başyňyzdan geçiren ýaly bolarsyňyz.
Şu günler käbir şahyrlar hamana totalitar düzgün döwründe,
Kommunistik ideologiýanyň höküm süren döwründe durmuşyň
nogsanlyklary barada ýazmaga rugsat berilmändiginden zeýrenişen bolýarlar. Hakykat-da welin, hakyky zehin haýsydyr bir
düzgünlerden heder edip durmaýar. Beýik Magtymguly «Şalar
adyl bolmaz, daglar dumansyz», «Orramsydan bolan haram-hor
begler, Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady» diýýän wagty şol
döwrüň gadaganlyklaryndan birjik-de heder etmän, durmuş
hakykatyny ýazýardy. Ol bu pikiri sadalyk bilen belent derejä
ýetirip aýtmagy başarypdy.
Kerim şahyr «Ýazmasy agyr düşen goşgy», «Maşyn, maşyn,
maşyn», «Plan dolmaly, plan», «Biziň işimiz» ýaly ajaýyp şygyrlaryny totalitar düzgün döwründe türkmende milli ahlak gymmatlyklarynyň ýitip ugran mahallarynda ýangynlyk bilen
ýazypdy.
Kerim şahyryň şygryýet dünýäsiniň belentligi diňe bir öz
wagtynda aýdylanlygy, şeýdibem okyjynyň kalbyny şahyrana
duýgular bilen joşduranlygy bilen çäklenmeýär. Eserleriniň pä-
him-paýhas geriminiň giňligi, aýdyljak bolunýan pikiriň many-mazmunynyň täze-terligi, çuňlugy, ilkinji bolup aýdylýanlygy, şygyrlaryň diliniň biçak halkylygy Kerim şahyry biziň milli
poeziýamyzyň ölmez-ýitmez şahsyýetine öwürdi.
Kerim şahyry şu döwrüň ýekeje şahyry bilen çalşyrjak gümanyň ýok. Onuň pikir açyş stili, şunluk-da tüýs türkmen şahyry
bolup aýdyşy käte Magtymgula, Keminä, kätelerem Mollanepese, Mätäja çalym edýan ýalydyr. Emma ol Kerim şahyr bolup
aýdýandyr. Sungatda öz ýüz-keşbiňi, öz ýoluňy, öz stiliňi tapmak beýiklikden nyşandyr.
Men Kerim şahyryň ajaýyp poemalary hakda pikir ýöredip
oturmagy makul tapmadym. Sebabi, olar hakda ençeme kitaplar,
makalalar ýazyldy, doktorlyk, kandidatlyk dissertasiýalary goraldy. Ýöne, her niçik-de bolsa, Kerim şahyryň şahyrana ussatlygy
onuň poeziýasynyň şahyrana gerimi, halkylygy… açylman galdy.
Bu poemalar diňe bir wakalarynyň täsirliligi, sýužetiň mäkämligi
bilen däl, eýsem-de bolsa, ynsan häsiýetiniň täsin gözelliklerini
iňňän çeper beýan edýänligi bilen biziň edebiýatymyza ebedilik
girdiler.
Elbetde, biz muny näçe isleýänem bolsak, Kerim şahyryň
şahyrana ussatlygynyň syryny öz derejesinde hiç haçanam açyp
bilmeris. Onuň şygyrlarynyň jadylaýjy güýjüniň nädip bu derejelere ýetişini nädip düşündirjek?!
Emma bir zat welin bellidi: Kerim şahyr biçak şahyrana şahsdy. Şahyranalyk diňe bir onuň şygyrlarynda däl, adaty sözlerinde-de edim-gylymynda-da, dostana gatnaşyklarynda-da, hatda
geýnişin-de, ýöreýşinde-de… bardy.
Ol gündogar, rus, ýewropa, dünýä edebiýatyny ilik-duwme
bilýän adamdy: Siz onuň «Dostluk çemeni» atly terjimeler kitabyny okap görüň: şahyryň dunýä edebiýatynyň genji-haznalaryny
diňe bir okap oňaýman, çuňňur öwrenenligine göz ýetirersiňiz.
Çuňňur analitik akylly, biçak sowatly, durmuş tejribeli adamdygy Kerim şahyryň her bir söhbetinde aç-açan görner durardy.
Şahyryň «Tomus ýazgylaryny», «Güýz ýazgylaryny» okap çyksaňyz munuň şeýledigini aňryýany bilen aňarsyňyz.
Ol hemişe şygyr bilen sözleşýärdi, şygyr bilen degişýärdi.
Bir gezek uniwersitetde ekzamen berýärkä Kerim şahyryň biletine G.Seýitliýewiň uruş döwri ýazylan «Pogonly gyz» goşgusy
düşüpdir. Geň galmaly ýeri Kerim şahyr şol goşgyny okamanam ekeni. «Okamadym» diýäýse-hä gülki döretjek. «Okadym»
diýse-de ýalançy boljak. Kerim şahyr nädendir öýdýäňiz?! Bilet
çekip oturan ýerinde «Pogonly gyz» diýen goşgyny ýazypdyr-da,
güzledip okap beripdir.
Ekzamenatorlar bir-birleriniň ýüzlerine çiňerilişipdirler. Ahyram olaryň biri:
– Ýoldaş, Gurbannepesow, biziň okan «Pogonly gyzymyzda-ha» beýle bentler ýok ýalydy – diýip, ynamsyz gürläpdir.
– Maňa-ha bu goşgyny şahyryň özi okap beripdi, şol wagtyň
özünde-de ýat tutupdym. Soň kem-käs üýtgeden bolsa, bilemok.
Şahyr ekzamenden «bäşlik» bilen geçipdir. Kerim şahyryň
kalbynyň hemişe şygyr bilen joşup duranlygyny özümem telim
gezek gorüpdim.
Şeýle bir waka bolsa, anyk ýadymda galypdyr. 1975-nji ýylyň
mart aýynyň başydy. Aşgabat baharynyň şahyr göwni ýaly joşup
duran mahalydy. Giç öýlänler Kerim şahyr redaksiýamyza geldi:
Egni tämiz ak kostýum-jalbarly, ak köwüşli, ýüz-gözleri joşgun
bilen gülüp dur. Gele-gelmäne:
– «Ýaşkomçy» gelin-gyzlary hemmeden öňürti bahar baý-
ramlary bilen gutlap geçeýin diýip sowulaýdym – diýdi.
Ol mahallar «Ýaş kommunist» gazetiniň redaksiýasy şindiki
Sahy Jepbarow köçesiniň ugrunda, köne poligrafkombinatyň
howlusynda ýerleşýärdi. Kerim şahyryň ýaşaýan jaýy redaksiýadan sähelçe ilerräkdedi. Şahyr geçende-ötende häli-şindi
redaksiýa sowlup, çaý içip, ýaş kärdeşleri bilen degşip-gülşüp
giderdi.
Hemişekilerimiz ýaly, şahyry gadyrly garşy aldyk, öňünde
çaý-süýji goýduk.
Şol ýyl mart aýynyň başyndan başlap komsomol agzalarynyň agzalyk biletleri çalşyrylyp başlanypdy. «Ýaş kommunistiň»
nobatdaky sany tutuşlygyna diýen ýaly şol waka bagyşlanypdy.
Gazetiň birinji sahypasynda goly komsomol biletli owadan gyzyň suraty berilýärdi. Tegelek ýüzli, ýogyn saçly, buýsanç bilen
uzaklara seredip duran gyz diýseň gözeldi.
– Şahyr, siz uly toýuň üstüne geldiňiz, toýa bolsa, sowgatsyz
gelinmeýär. Ynha, şu gyza goşgy goşup ber, gazetimiziň ertirki
sanynda çap etjek. Şol goşgam siziň ýaşlara sowgadyňyz bolar –
diýdim.
Şahyr gyzyň suratyna haýran galyp seretdi-de biziň ýuzümize soragly nazaryny aýlady.
– Redaksiýada işleýänleriň deň ýarysy ýaş şahyr, şunuň ýaly
ajaýyp gyzyň keşbini görübem joşup bilmediňizmi?!
– Herimiz bir bent ýazdygam weli, göwnümizden turanok.
– Weý-weý, heý-de munuň ýaly owadan gyza-da göwnüňden
turmaýan goşgy goşup bormy?! Hany, äber, galam-kagyzyňy!
Kerim şahyr ýüzugra birnäçe setir ýazdy-da, maňa uzatdy.
– Me, ýoldaş redaktor, saňa sowgat.
Men şahyryň beren degişme goşgusyny okap ýetişmänkäm,
ol ikinjisini öňüme süýşürdi.
– Me, ýoldaş Diwangulyýew, bu-da saňa ýadygärlik.
Degişme goşgyny okap, gülüşip otyrkak, ol üçünji goşgyny
öňümize süýşürdi-de:
– Indi biraz ümsüm oturyň, häzir gazete gitmeli goşgyny
ýazýan – diýdi.
Kerim şahyr suratdaky gyza guwanç bilen seretdi-de, ýapyrylyp, çep eli bilen kagyza çalt-çaltdan bir zatlary ýazdy. Soňra
okap çykyp, birki sözüni düzetdi.
– Alyň, ynha, size şahyrdan sowgat.
Goşgyny okap, ondaky setirleriň bir käse çaý içim salymda
dünýä inişine, bu gudratyň hut öz gözümiziň öňünde bolup
geçişine haýranlar galdyk.
Şu kitabyň soňky bölüminde çap edilýänligi üçin men şahyryň şol goşgy setirlerini bu ýerde getiribem durmadym.
Kerim şahyryň goşgy, kitap çap etdirişi-de diýseň täsindi.
Gazetde çykýan goşgularyny sahypada hökman özi okardy. Goş-
gularynyň sözbaşylarynyň ýygylyşyna, beýitleriň ýerleşdirilişine
aýratyn üns bererdi.
Bu babatda ol diňe bir öz goşgular toplumynyň däl, Atamyrat
Atabaýew, Nobatguly Rejebow, Gurbanýaz Daşgynow, Amanmyrat Bugaýew ýaly ýaş zehinli şägirtleriniň goşgularynyň çap
edilişine gözegçilik ederdi. «Ýaş kommunistiň» redaksiýasyna
gelip, kä berekella, käte käýinç berip giderdi. Bu onuň ýaş şä-
girtlerine halypalyk sarpasydy, olar hakdaky atalyk aladasydy.
Bu onuň redaktorlyk tejribesinden gelip çykýardy.
Kerim şahyryň öz kitaplaryny çapa taýýarlaýşy-da täsinlikdi.
Ol kitapda haýsy goşgynyň yzyndan haýsy goşgynyň gitmelidigini özi kesgitlärdi. Olary bölümlere bölerdi, suratlaryna juda
ünsli serederdi. «Menzil», «Ýedi ýaprak», «Düýn, şu gün» atly
ajaýyp kitaplaryny şahyr öz eli bilen taýýarlapdy.
Eliňizdäki «Oýlanma baýry» atly kitap taýýarlananda-da,
Kerim şahyryň kitaby çapa taýýarlaýyş tärlerine mümkingadar
eýeriljek bolundy. Bu kitaba şahyryň «Menzil» kitaby esas edilip
alyndy.
Öz döwrüniň talaplaryna, kommunistik ideologik matlaplara görä ýazylandygy üçin şahyryň «Kyrk», «Ynsan bilen ynsap»
atly poemalaryny şu kitapda bermegi makul bilmedik. Elbetde, bu ýagdaý şahyryň bu eserleriniň gowşak ýazylandygyny
ýa-da okyjynyň talaplaryna jogap bermeýändigini asla aňlatma-
ýar. Biz diňe bu ajaýyp poemalary şahyryň eserleriniň akademik
neşirlerinde çap etmegi makul tapdyk.
Kitapdan galdyrylan poemalara derek, bu ýygynda şahyryň
«Ýürek poemasy», «Ogul», «Rubagy-poema» atly ajaýyp eserleri
girizildi.
Kitabyň soňunda şahyryň şahsy arhiwinden tapylan, dost-ýarlaryna ýazyp beren goşgulary-da girizildi. Elbetde, olaryň
köpüsini Kerim şahyr çap etmek üçin ýazmandyr. Şonuň üçin
şol goşgularyň käbiri çap ederden gowşagrak çykan bolmagam
mümkin. Emma şonda-da, olarda kämil ussadyň eli, şahyrana
ýüregiň tirpildisi duýulýar.
Kitapda şahyryň dürli ýyllarda düşen suratlary, maşgala ag-zalarynyň suratlary ýerleşdirildi.
Bu kitabyň ajaýyp şahyr Kerim Gurbannepesowyň öz okyjylaryna tapylgysyz sowgat boljakdygyna şek-şübhe ýokdur.
Hudaýberdi Diwangulyýew,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.
“Oýlanma Baýry” kitabyndan
Çeşme: https://tmgosgular.wordpress.com/2022/08/13/kerim-sahyryn-sygryyet-dunyasi/ http://tmgosgular.wordpress.com/2022/08/13/kerim-sahyryn-sygryyet-dunyasi/

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.