Meşhur ýazyjylar nädip döretdiler?
MEŞHUR ÝAZYJYLAR NÄDIP DÖRETDILER?
Zehin döredijilikdäki birinji esasdyr. Ýöne diňe başarnyk bilenem galam ýöredip bolmaýar.
Beýik ýazyjylaryň dürdäne eserlerini okap, olaryň örän zehinlidigini duýýarsyňyz. Hakykatdanam, şeýle ajaýyp eserleri ýazmak ýönekeý hadysa däl. Zehin döredijilikdäki birinji esasdyr. Ýöne diňe başarnyk bilenem galam ýöredip bolmaýar. Islendik beýik ýazyjynyň terjimehaly bilen tanşyň. Şonda bir zada
aýdyň göz ýetirersiňiz: olar özlerini çynlakaý terbiýeläpdirler. Okap, gözläp, ýazyp, öçürip ýene gaýta-gaýta ýazypdyrlar. Olara tiz-tizden ylham gelipdir we şonuň üçinem aňsatlyk bilen döredipdirler diýen pikir hem ýalňyşdyr. Ylham gaty seýrek zat we hemişe gelmeýär. Köplenç, ol mejbury getirilýär. Nädip diýýäňizmi? Bu barada her kimiň özüne mahsus galam ýöredişi bar. Mysal üçin, beýik ýazyjy Gabriel Garsia Markes «Işdä iýmitiň üstünde gelýär» diýen nakyla eýeripdir.
Ylhamyň, ýagny ýazmak isleginiň barýoklugyna garamazdan işlemäge oturypdyr. Ol özüni pikirlenmäge, oýlanmaga, göz öňüne getirmäge ugrukdyrypdyr we garaşylýan netijelere ýetipdir.
Aşakda käbir ýazyjy-şahyrlaryň döredijilik usuly we durmuş ýagdaýy barada söz açylýar. Eger siz hem galam ýöredýänlerden bolsaňyz, hasam ünsli boluň! Umuman, haýsy ugra degişlidigiňize garamazdan, eger döredijilik ukybyňyz güýçli bolsa, öz ugruňyzyň öňdebaryjy hünärmenlerinden birine öwrülersiňiz. Şonuň üçin ünsüňizi peseltmäň. Belki, bu usul we tertipleriň size peýda bermegi hem mümkin.
1. Fridrih Şilleriň (1759 – 1805) gaty geň galdyryjy endigi bolupdyr. Şahyryň iş stolundaky çekmede çüýrük alma bolmasa, oňa ylham gelmändir! Şilleriň dosty,
meşhur ýazyjy Gýote şeýle gürrüň berýär: «Bir gün Fridrihi görmäge bardym. Ýöne ol nirädir bir ýere çykan eken, aýaly onuň otagynda garaşmagymy sorady. Oturgyçda oturyp, tirsegimi stola diräp ýerleşdim. Birden göwnüm rahatsyzlandy. Arassa howadan dem almak üçin açyk penjiräniň ýanyna bardym. Ilki bilen bu ýagdaýyň sebäbine düşünmedim, soň nämäniň nämedigine düşündim. Şilleriň stolundaky gutuda on iki sany çüýrük alma bardy! Hyzmatkärleri çagyryp, ony aýyrmaklaryny isledim, ýöne almalaryň belli bir maksat bilen gutuda goýlandygyny, ýogsam eýesiniň işläp bilmeýändigini aýtdylar. Fridrih gelenden soň bu barada
aýtdym, ol hemme zady tassyklady!».
2. Aleksandr Puşkin (1799 – 1837) depder ýa-da kagyzlaryň gyrasyna her hili bulam-bujar hatlary ýazmagy gowy görüpdir. Iş wagtynda limonad içmese durup bilmändir. «Käwagt gijelerine ýazmak islese, otagyna bütin gijä ýeterlik limonady çykaryp bererdim» — diýip, şahyryň öý hyzmatkäri Nikifor Fedorow ýatlaýar.
3. Aleksandr Dýuma (1802 – 1870) fransuz dilli ýazyjylaryň içinde dünýä boýunça iň köp okyja eýe ýazyjylaryň biridir. «Graf Monte Kristo», «Üç muşketýor» ýaly
başdan geçirmeli eserleri bilen dünýä meşhur ýazyjy hem juda täsin bir endige eýeripdir. Ol her gün sagat ýedi-de «Ýeňiş arkasynyň» aşagynda alma iýipdir. Bir seretseň düşnüksiz ýaly görünýän bu maşkyň guramaçysy Dýumanyň şahsy lukmany bolupdyr. Bu waka ýazyjynyň tertipsiz durmuşy sebäp bolupdyr. Ol saglyksyz
durmuş ýagdaýy sebäpli ukusyzlyk derdine ýolugypdyr. Irden sagat altyda turmaly, ýedä çenli arkaň ýanyna barmak we ol ýerde alma iýmek üçin Dýuma irräk ýatmaly we gün tertibe eýermegi zerur bolupdyr.
4. Nikolaý Gogol (1809 – 1852) dik durup ýazypdyr. Ýatlamaçy Pawel Annenkow öz ýatlamalarynda beýik ýazyjynyň «kontorka» diýip atlandyrylan beýik stolda
işländigini belläp geçýär. Aslynda, bu seýrek ýagdaý däl. Wirjiniýa Wulf, Ernest Hemingueý we Tomas Wolfe ýaly döredijileriňem dik ýagdaýda ýazandyklary mälim. Ýöne Gogol şahsyna gyzyklanma güýçli bolany we ol hakda dürli myş-myşlar döredilendigi sebäpli bu ahwala hem üýtgeşik ýagdaý hökmünde seredilip, dürli
manylar çykarylypdyr.
5. Çarlz Dikkens (1812 – 1870) 15 sany roman ýazypdyr. Olaryň köpüsi 800 sahypadan gowrak. Mundan başgada juda köp pýesa, hekaýa we hatlary kagyza ýazan bu ýazyjy hem berk gün tertibe we endiklere eýe bolupdyr. Dürli adamlardan we durmuş aladalaryndan goramak üçin otagyna ikinji gapy gurdurypdyr. Stolunyň üstünde galam, syýa salynýan we kagyzlar ýerbe-ýer ýerleşdirilipdir. Täze ýolnan güller we bürünçden ýasalan heýkeller hem stoldan orun alypdyr.
Ýazyjy berk iş wagtyny berjaý edipdir. Oglunyň ýatlamagyna görä, Dikkens tertip düzgüne eýermek babatynda beýleki edara işgärlerindenem gowy bolupdyr. Ol irden 7-de turup, ýuwnup, daranandan soň ertirlik edinipdir. Sagat 9-da işe başlap, gündiz 2-ä çenli işläpdir. Arasynda maşgalasy bilen günortanlyk naharyny hem edinipdir. Şeýlede bolsa, ol dürli oý hyýallara berlip naharlanyp, iş hakdaky pikirlere çümüp, hiç kim bilen gürleşmändir. Gysga günortanlyk nahardan soň otagyna ylgap, işini dowam etdiripdir. Meýilnama görä, her gün 2 müň sany söz ýazmaly eken. Eger iş başa barsa ol durman, 4 müňe çenli sözi kagyz ýüzüne geçiripdir. Sussupes bolup, ýekeje setir hem ýazyp bilmeýän günlerindede tutanýerlilik bilen iş stolundan galman oturypdyr.
Sagat 14:00da otagyndan çykyp, üç sagatlyk gezelenje ýol alypdyr. London we onuň daştöweregine seýil edýän wagtlarynda, täze bölüm ýada täze kitap hakynda pikirlenipdir. Seýil etmek ýazyja güýç kuwwat we çydamlylyk beripdir. Sagat 18:00da maşgalasy bilen käte myhmanlaryň ýanynda agşamlyk edinipdir. Dikkns gije ýarymyna ýetmänkä uka gidipdir.
6. Lew Tolstoý (1828 – 1910) irden juda giç, dokuz töweregi oýanyp, ýuwnup, geýnip, sakgalyny tertibe getirmese hiç kim bilen gürleşmän-dir. Kofe we bir sany çala bişen ýumurtga bilen ertirlik edinip, nahar wagtyna çenli iş otagyndan çykmandyr. Käwagt bu otagda ýazyjynyň aýaly Sofýa Andreýewna hem ümsüm oturypdyr. Eger «Uruş we parahatçylygyň» bir babyny täzeden ýazmak ýa-da indiki babyny diňlemek zerur bolsa, onuň hyzmatlaryndan peýdalanypdyr. Nahardan öň Tolstoý gezelenje gidipdir. Yzyna gaýdyp gelende, keýpi gowy bolsa täsirlerini paýlaşypdyr ýa-da çagalary bilen oýnapdyr. Eger-de tersine bolaýsa, kitap okapdyr ýa-da myhmanlar bilen söhbetdeş bolupdyr.
7. Gýustaw Flober (1821 – 1880) «Bowari hanym» eserini bäş ýyllap ýazypdyr. Iş juda haýal we kyn geçipdir: «Bowari» öňe gidenok. Bir hepde-de diňe iki sahypa! Sussupeslikden ýaňa kelläňi daşlara urmak isleýäň — diýip, ýazyjy ýatlaýar.
Flober sagat dokuzda oýanyp, heniz ýerinden turmanka hatlar we gazetler okapdyr we ejesi bilen gürleşipdir. Soň bolsa suwa düşüp, ertirlik we günortanlyk naharyny maşgalasy bilen bilelikde iýipdir we gezelenje çykypdyr. Bir sagatlap ýegenine taryh we geografiýadan öwredip, soň oturgyjyna berk ornaşypdyr we agşam ýedä çenli okapdyr. Agşamlary ejesi bilen gürrüň edip, diňe giç bolanda ýazmaga oturypdyr. «Iş durmuşdan üzülmegiň iň gowy usuly» diýip, ýazyjy bellik edipdir. Hakykatdanam, ol barlyk äleminden aýrylyp, rahat işläpdir.
8. Mark Twen (1835 – 1910) «Tom Soýeriň başdan geçirmeleri» eserini fermada ýazypdyr. Bu ýerde onuň hususy iş otagy bolupdyr. Penjireleri açyp, kagyzlaryň üstüne kerpiç goýup işläpdir. Hiç kimiň otagyna ýakynlaşmagyna rugsat bermändir. Eger ýazyjy öýündäkilere juda gerek bolanda, surnaý çalyp çagyrypdyrlar. Ýazyjy ýazanlaryny agşam wagtynda ýakynlaryna okap beripdir. Ol durmuşdaky islendik wakadan lezzet almaga öwrenişipdir.
9. Anton Çehow (1860 – 1904) döredijiliginiň ilki basgançagynda degişme eserlerini tiz ýazypdyr. Ondan soňky ýyllarda ýuwaşlyk bilen, oýlanyşykly her bir jümläni saýlap-seçip ýazypdyr. Ol derňäp işlesede, döredijilik işinde hiç hili syrlylyk bolmandyr. Oňa perdeleri düşürilen, gapylary gulplanan asuda otag gerek bolmandyr. Güýçli içki döredijilik güýjüne eýe bolan Çehow geljekki eserleriniň sýužetlerini galamdaş dostlaryna hem aýdyp beripdir. Ýazyjy Aleksandr Lazarewiň (lakamy A. Gruzinskiý; 1861 – 1927) ýatlamagyna görä, «Peterburg gazeti» üçin birnäçe hekaýalary we «Daşt» kyssasynyň birnäçe sahypalaryny Çehow şol pursatda, ol ýanynda wagty kagyza düşüripdir.
A. Lazarew: «Bir gezek Çehowyň öýünde bolanymda inçe depdere gözüm düşdi» diýip ýatlaýar.
― Bu näme? ― diýip soradym.
― Bellik depderi. Sizem şunuň ýaly depderçe saklaň. Eger gyzyklanýan bolsaňyz, okap bilersiňiz ― diýip, Çehow jogap berdi.
Bu ýazyjynyň elmydama ýöredýän depderçelerinden biridi. Göwrümi juda kiçi we ýazuw kagyzyndan elde ýasalypdyr. Oňa Çehowyň hyýalyna gelen mowzuklar, seýrek pikirler we nakyllar ownuk harplar bilen ýazylypdyr. Bir bellik goňur itiň üýrmegi hakyndady: «Ähli goňur itler tenor sesde üýrýär». Bu söze köp wagt geçmänkä, «Daştyň» soňky sahypalarynda duş geldim.
10. Moris Materlink (1862 – 1949) belgiýaly ýazyjy we dramaturgdyr. 1911-nji ýylda Nobel baýragynyň eýesi bolan fransuz dilli ýazyjy, ylham ýa-da döredijilik ruhunyň bar-ýoklugyna garamazdan ýazmaga oturypdyr. Her gün ir bilen üç sagat işläpdir. Ýazsa-da, ýazmasa-da şu wagt aralygynda stol başynda oturmaga endik edipdir. Şol sebäpli hem 1927-nji ýyldan 1942-nji ýyllar aralygynda 12 tomdan ybarat eserler ýygyndysy dünýä ýüzüni görüpdir.
11. Marsel Prust (1871 – 1922) «Ýitirilen wagty gözläp» romanyny on dört ýyla golaý wagtyň dowamynda ýazypdyr. Bu wagtyň aralygynda ol bir ýarym million sözi
kagyza ýazypdyr. Işe ähli ünsüni jemlemek niýetinde ýazyjy jemgyýetden daşlaşypdyr we ýatylýan otagyndan asla çykmandyr. Ol, esasan, gije işläpdir we gündizine üç-dört sagat uklapdyr. Ertirlik üçin hiç zat iýmändir, süýtli kofe we azajyk süýji bilen kanagatlanypdyr. Ýazyjy düşeginde oturyp, dyzyna depder we kellesine ýassyk goýup ýazmaga başlapdyr. Ýazyjy bu hili durmuş ýoluny bilgeşleýin saýlapdyr, ol fiziki azaplaryň sungatda uly belentliklere eltjekdigine ynanypdyr.
12. Somerset Moem (1874 – 1965) 92 ýyllyk ömrüniň dowamynda 78 sany kitap ýazypdyr. Ýazyjynyň terjimehalyna görä, ýazyjy bilesigelijiligi bilen däl-de, ýazmaga endik edendigi üçin galam ýöredipdir. Moemiň özi hem bir orunda ýazmak keselini içgilige endik etmek bilen deňeşdirip: «Ikisine-de aňsatlyk bilen baglanyp bolýar, ýöne dynmak kyn». Ýazyjy her gün bir ýarym müň söz ýazypdyr. «Ýazýan wagtyňda, gahryman döredeniňde, ol hemişe seniň bilen bolýar, sen onuň bilen meşgul bolýarsyň, ol dem alýar, ýaşaýar» diýip, ýazyjy döredýän pursady hakda aýdypdyr. Ýazmaga öwrenişen bu ýazyjy işini gutaranynda özüni gaty ýalňyz duýupdyr.
13. Gertruda Steýn (1874 – 1946) bir günde bary-ýogy bir ýarym sagat işläpdir. Ýöne ol her gün päsgelçiliksiz işläpdir. Tanymal ýazyjy we edebiýatşynas bolan bu aýalyň örän geň galdyryjy döredijilik usuly bolupdyr. Ol jorasy bilen bir depä baryp ýerleşipdir. Ýoldaşy bolsa onuň gözi düşýän ýere sygry alyp gelipdir. Meýdan we sygyrdan lezzet alýan Steýn oý-pikirlerini kagyza döküp başlapdyr. Eger bir sygyr oňa ylham berip bilmese, başga bir ýer we başga bir sygyr gözläpdirler.
14. Jeýms Joýs (1882 – 1941) özi hakda: «Adamyň gowy häsiýetleri az, ol içgilige we höwessizlige maýyl bolýar» diýip ýazypdyr. Ýazyjy hiç wagt tertip-düzgüne eýermändir. Ol dokuza çenli uklamaga öwrenişipdir. Iňlis dilinden sapak bermek, öwretmek we pianino çalmak bilen pul gazanypdyr we üznüksiz karz alypdyr. «Uliss»-i ýazmak üçin oňa ýedi ýyl gerek bolupdyr. Bu döwürde ol sekiz keselden ejir çekipdir we Şweýsariýa, Italiýa we Fransiýa on sekiz gezek barypdyr. Ol arakesmeler
bilen geçen döredijilik pursatlarynda ýigrimi müň sagady işlemäge sarp edipdir.
15. Agata Kristi (1890 – 1976) tarapyndan onlarça kitap neşir edilse-de, soragnamalarda «kesp-käriňiz» diýen ýere «öý-hojalykçy» diýip bellik edipdir. Aslynda hem, onuň esasy işi öý-hojalyk işleri bolupdyr. Onuň aýry iş otagy ýa-da ýazuw stoly bolmandyr. Ýatylýan otagdaky ýa-da naharhanadaky stoldan peýdalanypdyr. Köplenç, işiň arasynda, eli boşan pursadynda döredipdir. «Ýazmaga başlamak, köplenç, oňaýsyz bolýar. Emma bir alajyny tapyp ýazyp başlanymda, biri päsgel bermezligi üçin
gapyny ýapyp, dünýäni unudyp, döredijilige çümerdim» diýip, ýazyjy ýatlaýar.
16. Genri Miller (1891 – 1980) 1932-nji ýylda «Leňňeç tropigi» romanyny ýazýan wagtynda şu hili gün tertibini düzüpdir: Ertir: «Eger keýpiň bolmasa, bellikler ýaz we olary tertibe sal. Başga nähili ýagdaýda bolsada işe giriş». Günortan: «Kitabyň islendik bir bölüminiň üstünde işle. Ünsüňi sowma. Bir bölümi gutarman, başga bir bölüme geçme». Agşam: «Dostlaryň bilen duşuş, oka. Şäheriň nätanyş ýerlerine git. Eger howa gowy bolsa, tigir sür. Ýagyş ýagýan bolsa, pyýada seýil et. Şähdiň açyk bolsa ýaz. Ýadawlyk ýa-da aňyňda boşluk duýsaň, bir zatlar çyz».
Bellik: «Gündizine muzeýlere gitmek, iş meýilnamalary düzmek, tigir sürmek üçinem biraz wagt galdyr. Filmlere azrak tomaşa et! Hepde-de bir gezek kitaphana git».
Şu düzgünleri ýerine ýetiren Genri Miller ýüze ýakyn eser ýazypdyr.
17. Fransis Skott Fitzjerald (1896 – 1940) ilkinji romany ― «Beýleki tarapda» eserini türgenleşik lagerinde ýazypdyr. Hyzmatdan boş wagtlary dürli hili gyrkylan kagyzlara
ýazypdyr.
18. Ernest Hemingueý (1899 – 1961) ömrüniň ahyryna çenli ir turmak endigini terk etmändir. Kän uklamasa-da, özüni ruhubelent we güýçli duýupdyr. Ol, köplenç, tekjäniň öňünde dik durup, günortana çenli işläpdir. Tekjede ýazuw enjamy bolup, onuň gapdalyndaky ýörite tagtada kagyzlar serenjam edilip goýlupdyr. Ol galamda ýazypdyr. Ähli kagyzlary doldurandan soň, ýazuw maşynynda ýazmaga başlapdyr. Ýazyjy her gün ýazan sözlerini hasaplap, aýratyn sanawa bellik edipdir.
19. Jorj Simenon (1903 – 1989) XX asyryň iň ökde ýazyjylaryndan biri hasaplanýar. Ol 425 sany kitap ýazypdyr. Olardan 200-si meşhurlyk gazanmadyk romanlarydyr. Şonuň üçinem bu kitaplary lakam bilen neşir etdiripdir. Galan 220 kitabyny öz adyndan çap etdiripdir. Ýazyjy gün tertibine eýermändir. Adatça, iki-üç hepde aralygyndaky säginme bilen irden altydan dokuz aralygynda işläp, bir oturanda segsen sahypany doldurypdyr. Işläp bolansoň gezelenje çykyp, kofe içip, uklapdyr we telewizora tomaşa edipdir.
20. Aýzek Azimow (1920 – 1992) her gün sagat altyda oýanypdyr. Ýediniň ýarynda ýazmaga oturypdyr we agşama çenli dyngysyz işläpdir. Köplenç, bütin hepdäniň dowamynda şu tertipde, dynç günündede dynç alman der döküpdir. Şu sebäpli käwagt bütin bir kitaby birnäçe günüň içinde ýazyp gutarypdyr. Ýazyjy şeýle gün tertibine ýaşlygyndan öwrenişipdir.
21. Reý Bredberi (1920 – 2012) ylmy fantastika žanrynyň klassigi hasaplanýar. Ol söhbetdeşlikleriniň birinde iş ýagdaýy barada şeýle diýýär: «Oýananymdan soň, ýazuw maşynkasyna tarap ylgaýaryn. Sebäbi bu meniň durmuşymyň iň uly lezzeti. Käbir wakalar kagyza düşmek isleýär we meni özüne baglanyşdyrýar. Ine, bu isleg bar wagty ýazmagy bes etmeýärin, sebäbi mende iş meýilnamasy diýen zat ýok. Islendik ýerde ― düşekde ýa-da myhmanhanada hem işläp bilerin. Los-Anjelesdäki ene-atam bilen kiçijik bir öýde ýaşaýan wagtymyzda hem naharhanada ýazýardym. Radionyň gaty sesde gygyrýany ýa-da ene-atam, doganymyň gürrüňleri hem maňa päsgel bermeýärdi». Reý Bredberiniň wagtyny boş geçirmeýäni anyk. Şonuň üçinem ol biziň döwrümiziň iň ökde ýazyjylarynyň birine öwrüldi.
22. Gabriel Garsia Markes (1927 – 2014) içki erkinlik bilen ýaşaýan, göwün islegine seredip hereketlenýän ýazyjydyr. Gowy günleriň birinde ýazyjy maşgalasy bilen Meksikanyň Gerrero ştatyndaky Akapulko şäherine dynç almaga barypdyr. Gerrerodaky daglary görüp gygyryp: «Men özümiň isleýän owazymy tapdym! Enemiň aýdyp beren täsin, ynanyp bolmajak ertekileri ýaly ajaýyp hekaýalary kagyza düşürerin» diýipdir. Ol şunuň bilen Meksika gaýdyp, «Ýalňyzlygyň ýüz ýylyny» ýazmaga başlapdyr. Ýazyjy romanyň üstünde irdenden agşama çenli işläpdir. On sekiz aýlyk zähmetden soň, «Ýalňyzlygyň ýüz ýyly» taýýar bolupdyr. Ýöne ony Argentinadaky neşirýata ibermek üçin Markesde puly bolmandyr. Geljekde Nobel baýragynyň eýesi aýalynyň şahsy zatlaryny satyp, eseri neşire iberipdir. Roman gowy garşylanyp, görlüp-eşidilmedik meşhurlyga eýe bolupdyr. Bu waka latynça «audentes fortuna juvat», ýagny «Güýçlüleri ykbalam goldaýar» diýen nakyly ýadyňa salýar. Beýik ýazyjyda diňe bir batyrlyk däl, eýsem, uly ynam we erk-islegi hem güýçli bolupdyr.
22. Jonatan Franzen (1959-njy ýylda doglan) döredijilik işindäki çydamlylygy bilen taryhda galmaga mynasypdyr. Oňa dünýä derejesinde şöhratlyk getiren «Düzediş» romanynyň döredilmegi baradaky maglumatlaram bu pikiri tassyklaýar. Zähmetsöýer ýazyjy 1990-njy ýyllaryň ahyrynda geljekki kitabynyň sýužetini şekillendirmek, manysyny we mazmunyny anyklamak maksady bilen, ümsüm bir jaýda ýerleşipdir. Perdeleri ýapyp, gulaklaryna pagta salypdyr we gözüni ýapyp, ümsümlikde we
garaňkylykda ylham gelmegine garaşypdyr. Ýazyjynyň arzuwy amala aşýar we «Düzediş» azaplar içinde dogulýar. Şonuň üçin romanda azap-kynçylyk reňkleri köpdür. Franzen bu eseri üçin «Milli kitap baýragyny» alypdyr.
Elbetde, her bir ynsan başga dünýä. Biriniň söýýän zadyny siziň halamazlygyňyz mümkin. Şeýle-de bolsa köpçülige mahsus umumylyklaram bolýar. Ýokardaky durmuş ýörelgesi bilen tanyş bolan ýazyjylarymyzy birleşdirýän bir tarapa üns beren bolsaňyz gerek: olaryň köpüsi ýazmaga çynlakaý çemeleşipdirler. Her gün diýen ýaly ýazypdyrlar. Siz şonuň ýaly edip bilýäňizmi? Bir halypam Lew Tolstoýyň ajaýyp endigini yzygiderli ýaňzydyp durýardy. Eger-de Tolstoý bir gün ýazyp bilmeýän bolsa: «Bu gün men hiç zat ýazyp bilmedim» diýip, kagyzy boş goýmaýan eken. Yzygiderli türgenleşmek, okamak, öwrenmek bilen aň-hyýalyň «myşsalaryny» güýçlendirmek zerurdyr. Şol bir wagtyň özünde sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, başgaça aýdylanda, sport bilen meşgullanmak, durmuşdan üzňe bolman, bedeniň işjeňligini artdyryp durmak, açyk howadaky gezelenje çykmak, ýagdaýyňy gowulandyrýan we ynsandaky nerw dartgynlylygyny peseldýän möhüm taraplaryň biridir. Şu aýdylanlary gündelik durmuşyňyza girizseňiz işiňizem, durmuşyňyzam gözelleşýändir.
Zergül YLÝASOWA,
Türkmenabat şäher häkimliginiň 3nji hünärtehniki okuw mekdebiniň talyby
Çeşme: "Dünýä edebiýaty" žurnaly.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.