Onunjy söhbet: Hossar, halypa, poeziýa

ONUNJY SÖHBET: Hossar, halypa, poeziýa

OSMAN ÖDE. Uniwersitetiň dördünji kursunda okap ýörkäm, metbugat öýüne bardym. Öňümden Ahmet Bekmyrat çykdy. Aşgabatda galmagy maslahat berdi, özem öňüme düşüp, şindi studentkäm «Türkmenistan kommunisti» žurnalyna korrektor edip işe ýerleşdirdi. Edebiýata gelmegimde ilkinji hossarlyk eden Allaguly Ýusubow bilen Ahmet boldy. Ikisi maňa sözüň hakyky manysynda aga boldy.
Metbugatda ilkinji hekaýamyň çykan gününiň ertesi işe gelsem, oglanlar maňa minnetdarlyk bildirýärler:
– «Hekaýamy ýuwuň» diýip, Ahmede goýup giden puluň iki-üç ýuwuşlyga ýetjek. Onça köp pul goýmaly däl ekeniň. Puluňy zaýa etmejek bolup, tas özümizi zaýa eden ekenik!..
Ýuwuşlyk üçin men pul goýup gitmändim. Ahmet akga syryň üsti açylar öýdüp, howatyrlanyp, böwrüme çalaja hürsekledi. Ahmediň bu aladasyna depäm gök diredi.
Onuň seniň döredijiligiňe-de hormat-gadyry gaty uludy.

NOBATGULY. Ahmet neresse bu dünýä ýaşamaga däl-de, işlemäge gelen ýalydy. Men oňa hemişe: «Ahmet, eger elimden gelse, men saňa dirikäň ýadygärlik goýardym» diýerdim. Bi boş magtama däldi. Ahmediň sähelçe ýylda eden işini birnäçe alym bolup hem edip bilmezler. Üstesine-de Ahmet ylmy makalany edil çeper eser ýaly edip ýazýardy. Okadygyňça okasyň gelýär. Men onuň kitaplaryny öwran-öwran okandyryn, sebäp ol makalalar hem ylym-bilim berýär hem lezzet. Edebiýat ylmynyň taryhy gaty çylşyrymly. Dürli-dürli ylmy garaýyşlar bar. Ahmet bolsa olaryň ählisini okyjynyň suduna hödürläp, öz pikirinem aýdyp hakyky pikiri döredäýerdi.

OSMAN ÖDE. Hawa, ol yrga pikirleriň yrgalygynyň sebäbini tapýança ynjalmazdy. Dogrusy, biz siziň ikiňiziň işleýşiňize gözümiz giderdi. Basa oturaýmasaň, edebiýatda köp iş bitirdäýjegem däl.

NOBATGULY. Bir gezek Teýmir bir adamyň: «Päheý, agsak Teýmir diýilse, bizem bir hil adam görjek ekenik. Munuň adyny arşa galdyryp... Bu bujagaz göwresi bilen nädip Teýmir Leňk bolup bildikä?» diýenini eşidipdir. Şonda Teýmir balagyny aşak çekäge-de, ol kişä syrtyny görkezipdir. Syrty nas temmäkiniň ýapragy ýaly gasyn-gasyn gabarçakmyş. Ana, şol ýeri gabarçaklatman, aňsat ýazyjy bolup bolmaz.

OSMAN ÖDE. Ahmet soňky döwür poeziýamyz hakda tutumly kitap ýazmagy arzuw edýärdi. Ol kitapda haýsy şahyrlaryň goşgularyny derňejekdigi barada-da gürrüň bererdi.

NOBATGULY. Neresse ir öljegini bilen bolmaly, edebiýat ylmynyň ähli ýerine ýetişjek bolup, gaty heläk boldy. Wah, eger-de ol döwürdeş poeziýasy barada tutumly bir iş edeninde soňky nesilleriň poeziýasynyň ösmegi üçin hem gaty ähmiýetli bolardy.

OSMAN ÖDE. Beýik şahyr bolmak üçin beýik şahyr bolup ýaşamak, ýazmak ýeterlik däl eken. Diňe beýik zehin hem ýeterlik däl eken. Edebiýatda öz ornuňy eýeläp, öz bitiren işiňe mynasyp orunda galmak üçin daşyňy gallap duran howandarlar, janköýerler derwaýys eken. Men Halyl Kulyýewi göz öňünde tutýaryn. Adamlar öz aralarynda Halyl Kulyýewiň mylaýym, sada, näzik, beýik poeziýasy, onuň edebiýatdaky abyrsyz uly orny hakynda örän köp gürrüň edýärler. Baýrak berilmeli, ýa at dakylmaly bolsa, Halyl Kuly öz liriki gahrymany «ýetim oglan» ýaly, bir gyrada galyberýär. Meniň şu ýagdaýa gaty nebsim agyrýar. Hiç bolmanda, Halyl Kulyýewiň, Ahmet Bekmyradowyň, Akmyrat Şirowyň adyny Aşgabatda bir köçä dakyp bolar ahyry. Ýazyjy-şahyra dakylýan hormatly ada biri mynasyp bolsa, şu kişiler hem mynasyp. Şonuň üçin merhemetli Prezidentimiz şu şahslara hormatly atlary daksa, olaryň bitiren hyzmatlaryna adalatly baha berildigi bolardy. «Çyn şahyrlaryň ölensoň gadyry bilner» diýýärler, emma, ölensoňam ady beýle bir tutulyp barylmaýan şahyrlar bar ahyry.

NOBATGULY. Edebiýaty döredýän bar, ibaly zat döretmän klassyk bolýan bar. Yhlas edip ýazýan bar, her hili ýollar bilen okuw kitaplaryna girýän bar. Edebiýat ylmyna dahylly adamlar, okuw kitaplaryny düzýän kişiler diriler üçin ýüz görmegini, adalatsyzlygyny hut ölüler üçin hem ulanýarlar. Şonuň üçinem hakyky adalat, hiç bokmanda, şahyr ölenden ýüz ýyldan soň dabaralanar.

OSMAN ÖDE. Akmyrat Şiriň ölümine ynanar ýaly bolmady. Bagyşla welin, onuň bar aladasy sendiň. Hernä ol: «Nobady goralyň» diýerdi. Onuň ilkinji student ýoldaşy bolşuň ýaly, eserlerini terjime eden hem sendiň.

NOBATGULY. Men şindi Akmyradyňky ýaly kalbyny gözlerinde göterip ýören başga bir şahyr-ýazyjynam göremok. Kyssasy – poeziýa, zandy – şahyr, kalby – syrly duýgulardan doly, syraty – aşygyňka çalymdaş Akmyrat Taňrynyň elin ýaradan ýigididi. Neresse sadady, ynanjaňdy, ylymdardy. Şol bir wagtda-da özüniň kimdigini bilýän buýsanjaňdy. Gözleri yşkdanmy ýa Taňrynyň beren ylham meýindenmi ýa kalbyndaky duýgularyň baş bermezligindenmi – biljek däl, mydama ümezläp durdy. Ol gündeliginiň bir ýerinde: «Leningradda köp halatda neşekeşler öňümden çykyp, «neşäň barmy» diýip, soraýarlar» diýip ýazypdyr. Ýeri gelende, men Akmyrat pahyr bilen iň soňky duşuşygymyz barada-da iki agyz aýtmagym gerek. Ýadymda, şol gün on ikinji maýdy. Üç-dört gün baýramçylyga gabat gelip, ilkinji işe çykan günümizdi. Kino işinde bolsa bir gün öňünden etjek işiňi zakaz bermeseň, etmäge işiň bolmaýar. Şonuň üçin biz baýramçylykdan soň, üýşüşip edarada çaý içdik. Sagat on ikiniň ýarynda maňa ýazyjy Hojanepes Meläýew jaň etdi, ol şol mahal edebiýat fondunyň başlygydy. Hojanepes maňa Arçmana haýyş eden putýowkamyň gelendigini, derrew alyp gidäýmesem, elimden kakdyrmagymyň ahmaldygyny jaň edip aýtdy. Men Akmyrada:
– Ýör gideli, öňi-soňy bu gün işimiz hem ýok – diýdim. Ol göwnemedi. Men ony gaty köp yrjak boldum. Sebäp, ýoldaşly gitseň, pyýada hem ulagly ýaly bolýar. «Işsiz oturandan öýe gidip bir kitap okasaň peýdaly» diýdim. Şonda, neresse, üç-dört gün bassyr işländigini, öýden ýadandygyny aýtdy. Sagat ikä çenli işde bolaýyn diýdi. Men, birhili, şonda-da goýmadym ony. Soňra ol ýylgyryp, dialektde oýnabrak:
– Bir süýşe işsek gideli – diýdi.
Men ol mahallar içmän ýördüm, owarram edip içsem içerdimem, sebäp Akmyradyň göwnüni ýykan ýerim ýok, oň ýaly meselede dagy, heý, menmi onuň göwnüni ýykjak!? Men onuň içmegine garşy çykdym, sebäp, ejesiniň aýal dogany ýogalyp, şoňa gidende öýkeniniň iki tarapynam mazaly sowukladyp, doktora gatnap sanjym alyp ýördi. Men oňa «öýken gyzdanam näzik bolýar, onuň bilen oýun etme» diýdim.
Wah, «Ýör, içeli, Akmyrat jan!» diýemde bolmaýamy?! Müň ýola içip, müň birinjide akyl satmam näme!?
Men putýowkamy aldym, öýe gelip baýramçylykda eden işlerimi elime aldym, sagat ýedilerde-de Hemra Şir şol eýmenç habar bilen meniň gapymy kakdy...
Soň derňäp otursam, Akmyrat sagat bäşlere çenli gaýtmandyr. Ol «Naýza» žurnalynda režissýorlyk edýän Aman Rejebow bilen içmekçi bolýar. Akmyrat öz jaýynda däl-de, redaksiýada oturmagy makul bilýär. Redaksiýanyň jaýyny içinden gulplaýarlar, a redaksiýanyň gulpy bolsa döwükdi, açary ýarym towlasaň açyp bolýardy, eger bir towlasaň içinden açyp bolmaýardy. Akmyrat ondan habarlydy. Şeýle ýagdaýda gapyny diňe daşyndan açmalydy. Şol mahal daşardan Gurban Abdyrahmanow gelýär, ol hem biziň ýoldaşymyz. Kinossenariçi. Oňa gapyň gulplanandygyny aýdyp, Aman ýokardan açar uzadýar, emma, gapy inli bolup, yşyňam darlygy üçin açar ýokarda galýar. Aman açary darak bilen gaçyrmaga synanýar. Şol mahal Gurban daşdan: «Men aşak düşeýin, siz açary äpişgeden ýere oklaň, ýöne, azajyk gyssanmaň, men buhgalteriýa ýarym minut girip-çykaýyn, işim bar» diýýär. Bu waka bary-ýogy bir-iki minudyň içinde bolýar. Gurban edil gapdaldaky buhgalteriýa giren badyna, eýmenç gürpüldi eşidýär, açyk penjirä okdurylýar, görse eýýäm Akmyrat pahyr ýerde ýatyrmyş.
Gapy açyljak bolup durka näme diýip ol penjireden geçjek bolduka? Belli däl!
Onuň ölümi barada her hili wersiýalary tekrarlaýanlar barmyş. Ýöne, olaryň barynyň esassyzdygyna men ynanýaryn.
Nätjek, ýaşaýşyň syrly bolşy ýaly, ölümem gaty syrly bolup galdy, wadaryg!

OSMAN ÖDE. Ýadyňdamy, üç bolup komandirowka gidipdik, özem Akmyratlaryň obasyna.

NOBATGULY. Heý, ýatdan çykar ýaly döredijilik sapary boldumy o gezek! Akmyrat şol gün irden Leningraddan gelipdi, biz bolsak öýlän eýýäm Çärjewe uçmalydyk. Neresse köp wagtlap çagajyklarynyň arasynda bolmandygyna garamazdan, biz bilen gidermen boldy. Her hal, çaga, maşgala aýratyn bolýar. Baý, ol aeroportda ikimize ýalbarmak ýalbardy. «Ertir yzyňyzdan baraýyn, söz berýän» diýýär, biz bolsak «ýok, biz bilen gidersiň» diýip kejirlik edýäs. Ahyry sen rugsat bereňsoň, guş bolup öýüne eňdi. Ertesi söz beren ýerinde – Çärjew myhmanhanasynyň öňünde bize garaşyp dur eken. Baý, seni «Osman jan» diýip gowy görer-dä! Özem «Osman jan» diýen sözi birhili aýdardy... Olam şiwesinde geplemäni gowy görerdi...

OSMAN ÖDE. Nähili beýik adamkärçilikli ene-atasy bar. Şir aga bilen Hesel eje nähili gowy adamlar.

NOBATGULY. Ol ikisi şeýle gowy bolmasa, Akmyrat ýaly ajaýyp ýigit nireden bolsun!? Biziň edebiýatymyzda sklad müdirleri hemişe otrisatel tipler hökmünde beýan edildi. Ýöne men bir-ä Şir agany, birem örän talantly dostumyz Muhammetguly Amansähedowyň kakasyny tanaýaryn. Ikisem kolhoz gurlandan bäri, şu güne deňiç sklad müdiri, şol bir köneje eşikli, ulalma diýýän zady bilmedik adamlar. Hudaýa şükür, olara taňry şoňa laýyk döwlet hem eçilip bilipdir. Iki maşgalanyňam gol doly çagalary, agtyklary, çowluklary bar. Ogullarynyň hersi bir deräniň şiri! Ylaýym, Alla köp görmesin! Men her gezek Şir agalara baramda, özümi ekiztaýy doganym ölen ýaly duýýaryn. Ekiztaýy ölen kişiniň bolsa bu dünýä bilen seri bolmaýar, onuň ýary o dünýäde...
Erbet adamlaryň uzak ýaşaýanyny şu ýerde düşündirse bolýar. Olar hiç kime ýürek bilen berilmeýär. Olar beýleki kişi ölende, hiç haçan azajyk ölmeýär. Gowy adamlar gowy dostlary ýogalanda, azajykdan ölüp, Ezraýyl gelýänçä ölüp tamamlanýar.

OSMAN ÖDE. Tirkeşen dostlarymyzyň içinde Ahmet Bekmyradow ikiňiziň basa oturyp işleýşiňize gözüm gidýärdi. Basa oturaýmasaň, edebiýatda köp iş bitirip bolaýjagam däl.

NOBATGULY. Barataşwili ýigrimi sekiz goşgusy bilen edebiýatda ymykly orun alýar, ýüz tom ýazan kişi bolsa gidiberýär wagtyň tozanyna garylyp. Her hal, köp işlemek zerur. Özüm hakda aýdylanda bolsa, men ýazasym gelýän zady (kyssa bolsun, pýesa bolsun, poema bolsun) tä dynýançam ýadamok. Ýadanymam bilemok. Şol derdem meniň keselimiň başy bolan bolsa gerek!.. Ýaşlar birçene baryp gelýär, eýýäm bir zada akyl ýetirýärsiň: dünýäniň ähli keýpleri geçegçi eken, dünýäde diňe bir keýp – döretmek keýpi baky!..
Şu ýerde ýokarky pikirimi jemlemek gerekmikä diýýän: öz gysga ömürlerinde ummasyz uly, gymmatbaha, wajyp iş edip giden Saýlaw Myradam, Italmaz Nuram, Akmyrat Şirem, Ahmet Bekmyradam, Bapba Gökleňem mekdep programmasyna girizip, okuwçylara olaryň döredijiligini öwretmek zerur. Ol merhum ýoldaşlarymyza gerek däl, ol hakyky edebiýatyň nämedigine göz ýetirmek üçin biziň nesillerimize zerur.

OSMAN ÖDE. Bapba Gökleňiň «Bolmaz bolmajak bolsa...» goşgusy onuň öz ömrüne bagyşlanan ýaly bolup dur.

NOBATGULY. Rast aýdan bolsaň gerek. Şol goşgy Bapbanyň döredijiliginde aýratyn parhlanyp dur, neressäň özem ýaşlaryň arasynda tapawutlanyp durardy.

OSMAN ÖDE. Atamyrat Atabaýewiň poeziýasyna aýratyn hormatym bar. Maksada hyjuwly, ruhubelent, otlukly. Hatda onuň goşgy okaýşam özboluşly.

NOBATGULY. Men üçünji kursdakam, Atamyrat ýaňy okuwa giripdi. Edebiýat birleşmesinde goşgy okany ýadymda. Ol uniwersitet dünýäsine ýaňy aralaşana düýpden meňzeş däldi. Goşgusyny şeýle bir labyz bile okady welin, hatda onuň goşgusyny derňemäge-de ýetişmediler. Atamyratda artistizm güýçli. Hakyky uly şahyrlara mahsus şortalyk, ýitilik, märekä jür bolup, hemmäň ünsüni özünde jemläp bilmek, kyn pursatlarda aňsat çykalga tapmak, halky almak ýaly ukyplar onda bar. Üstesine, söwdaýy hem. Dogry, käte wezipe alyp gaçýarmy, ýa «Wolwamy», birden ulaljak bolýar, olam oňa asla gelşenok, ony onuň özem bilýär.

OSMAN ÖDE. Tüweleme, ýadamasy-ýaltanmasy ýok, dünýäň kitabyny terjime edip otyr.

NOBATGULY. Dünýäň kitap däldigine şükür et!.. Atamyrat maňa bir ýola Gurhany terjime etjekdigini aýtdy. Men makullamadym. Gurhan – Gurhan bolýar. Maňa-da «ony terjime edäýseň» diýdiler, men «...onsuzam meniň günäm ýeterlik» diýip, terjime etmedim. Soň pikir edip oturdym, başga üç-dört sany adamyň Gurhany terjime etjek bolýandygyny eşitdim-de Atamyradyň pikirini oňlaýdym. Eger Gurhany şahyr terjime etmeli bolsa, onda Atamyrat hem ony terjime etmelileriň biri. Umuman, Atamyrat gaty işjanly. Işjanlylygam talantdan gelip çykýar. Talant oturtmaýar, talant öz günüňe goýmaýar.

OSMAN ÖDE. Dogry aýdýarsyň. «Jemşidiň jamy» atly eseriň hem ýuwaşlyk bilen dörän däl bolsa gerek. Ýalňyşmasam, ol seni eger, öz sözleriň bilen aýtsam, oturdanam däldir, öz günüňe goýanam däldir. «Serwi agajynyň» döreýşi barada gürrüň beräýseň...

NOBATGULY. «Serwi agajyny» men bary-ýogy üç-dört günüň içinde ýazdym...

Gara saçy gulaç, ýar,
Gel gulaçlap göreýin
Dolsun bagtdan gujak, ýar
Gel gujaklap göreýin.

Bagtym ysgap göreýin,
Bagtym ogşap göreýin,
«Eljireme» diýme sen
Bagtym oýnap göreýin.

OSMAN ÖDE. Poemanyň döremegine näme sebäp boldy? Beýle yşky poema ýöne ýere döremeli däl?

NOBATGULY. Bujagaz günümi köp görýäň öýdýän!..

OSMAN ÖDE. Ýeri bolýar, gelnejemden gorkýan bolsaň, temany üýtgedäýmeýäsmi... Halkymyzyň geçmişi barada, eger, ýalňyşmaýan bolsam, soňky döwürler çynlakaý pikir öwürýärsiň öýdýän? «Gurt» goşgyňy düşündirip beräýseň...

NOBATGULY. Bu goşga düşünmek üçin taryhy gowy bilmek, türkmen halkynyň tebigy aýratynlygyna göz ýetirmek gerekmikä diýýän. Türkmen halkynyň totem hudaýynyň möjekdigini taryh köp tassyklaýar. Möjek barada birnäçe nakyllarymyz hem bar. Görogly görden çykanda, ony emdirýänem geçi däl-de, gurt. (Bagşylar ony geçä öwrüp, gaty gödeklik goýberipdirler. Ýadyňa sal, Görogly kyrk galandaryň geçisini bakyp, olaram ýoklap gelende, şeý diýýändir: «Bir gün geçi bakan türkmeniň kyrk ýyl akylyna zeper ýeter». Geçi emen kişi beýle nakyl aýtmaz!).
Halkymyzyň taryhynda bolan uruşlarda hem möjek urşy türkmene gaty mahsus. Baryp Dariniň on müň goşunyny hilegärlik bilen Garaguma alyp gidip ýekeje çopan gyrýar. Beýik seljuklaryň şalyk eden zamanalarynda sene ýazan taryhçylar türkmenleri gurda meňzedýär. Görogly-da mydama gaçyp-kowup uruşýar. Diýmek, gurduň bize hudaý bolmagy tötänden däl.

GURT

Gurdum,
Ata-baba hudaýysyň bu ýurduň!
Sen gadymy hudaýysyň türkmeniň!
Köwsarlap ugrasa gursakda derdim
Gelýän mynajata ýanyňa seniň.
Sen munda ýatyrsyň garyň ýassanyp,
Ýassanyp ýatyrsyň elhenç azalyň.
Ne üns berýäň gelýän-geçýän millete,
He Hudaý deý salýarsyň sen nazaryň.
Hamyň göýä hamy ýaly şagalyň,
Men – hor, sen mendenem elli esse hor,
Hudaýyň kapasda gören mahalyň,
Aýt, Hudaýym, neneň çydam etse bor!?
Eý, erksiz hudaýy erkana iliň,
Seniň hudaýdygňam bilýän ýok hatda.
Indi türkmenlermiz multfilm görýär,
Towşanyň möjegi ýeňişi hakda.
Gaýry illeň daşa çokunýan wagty,
Oda, ýele, suwa çokunýan çagty,
Eger sen hudaýy bolmadyk bolsaň,
Galmazdy bi türkmenleriň deragty!
Eger sen hudaýy bolmadyk bolsaň,
Geçip ganly garpyşykly eýýamdan,
Şindi türkmeniňki bolmazdy asla:
Bu daglar,
sähralar,
ala meýdanlar,
Seniň şekliň pasyrdapdy tugumda
Hem mertligiň lasyrdapdy ruhumda.
Külli duşman dumly-duşa bosupdy,
Türkmen seniň bilen türkmen bolupdy.
Eý, sen, Garagumuň erkin möjegi,
Mert çyda, bu-da bir heňňamyň oýny,
Indi türkmen gyryp tohum-tijiňi
Garagumda diňe köpeldýär goýny!..
Zyndan ýatan jaýyň, bendelik paýyň,
Men – hor, sen mendenem elli esse hor.
Zyndandaka erkanalyk Hudaýyň,
Aýdyň, ata-babam,
Näme etse bor!?

Bu pikir meniň «Gedaý bagşy» tragediýamda-da bar. Olam gönümel berlen. Adatça, men öz pikirimi ýygşyryp bermegi gowy görýän. Aýratynam, SSSR zamanynda edebiýatda her bir setiriň lupaly okalýan mahaly, başga hili bermek mümkinem däldi. Meger, şol ýiti gözegçiligem biziň podtekstli, ýagny ägä ýazmaga ussat edendir.

OSMAN ÖDE. «Tula» atlu goşgyňam assarly goşgy. Ýöne onuň podtekstini kyssa geçirseň, publisistik pikir. Ýa beýle dälmi?

NOBATGULY. Okyjylaryň dykgatyna hödürläp göräýeli.

SUW DAMDYRÝAŇ AGZYMA

Eý, tula!
Edil ýylan ýaly jadyly tula,
Mawy gözleň oýnakladyp geldiň-de,
Ygtyýarym alyp,
öwürdiň gula,
Pagta bilen damagymy çaldyň sen.
Ne jan berdiň,
ne janymy aldyň sen,
Ne gulak salýarsyň meniň arzyma.
Sen ganymy sorup,
öldüm-öldümde
Pagta bilen suw damdyrýaň agzyma.

Şygra gowy düşünmek üçin göçme manydaky sözi terjime edeliň: TULA: – Basybalyjy. Meniň pikirimçe, goşgyny kyssa öwrüp bolanok. Umuman, goşgy düşündirişe mätäç bolsa gowy goşgy bolmaýar. Tersine, iň gowy goşgulara öz wagtynda düşünip bolmaýar. Muňa Magtymgulyda mysal kän.

OSMAN ÖDE. Poeziýa öz döwründe düşünmek-düşünilmezlik meselesi jedelli. Poeziýa tapmaça däldir. Gözellikdir. Gözelligiň hem şahyryň akyl ýetiriş çäkleri kä halatda taýýarlyksyz okyjy üçin nämälimlik bolup biler, emma bu iş şahyr tarapdan tebigylyk bilen dünýä inderilmän – ýörite ýasalan halatynda, ol ýasama, sowuk hem lezzetsiz bolarmyka diýýän.

21.IX.1993 ý.

Noabatguly REJEBOW, Osman ÖDE
5 лайков 134 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.