Goşgy

DOGA

Merýem ene, bakyp nurana keşbe,
Minnetdarlyk bilen çokunamok men.
Ýa halas et diýip meni söweşde,
Ýa-da toba edip, ökünemok men.

Kalbym boşap, gezip ýörsem-de ygyp,
Medet ber diýip haraý islämok senden.
Bu sowuk dünýämi ýyladan gyzyň
Päkize kalbynyň dogaçysy men.

Berewer özüne ylaýyk bagty,
Gözünden salmajak baky hemra ber.
Garrylygy rahat, ýaşlygy ýagty,
Ýürekden umydyn eýleme kemter.

Ýa gije, ýa gündiz kaza dolmaga
Çen bolup, şol müddet gelse golaýlap.
Iber, oň ajaýyp ruhun almaga,
Perişdeleň iň bir oňadyn saýlap.

***

Aýra düşdük, ýöne keşbiňi seniň,
Gursakda saklaýan ömür ýitirmän.
Geçen şat ýyllaryň salgymy deýin,
Ol meniň kalbyma şatlyk getirýär.

Hiç undup bilemok şu günlere çen,
Täze duýgulardan alsam-da men paý.
Sebäp, taşlansa-da metjit metjitdir,
Harlansa-da ýene Hudaýdyr Hudaý.

M. LERMONTOW

Terjime eden: A. Atabaýew
2 лайков 110 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
S❤
01 фев 2023, 22:48
Size-de Salam
W. P
Автор 01 фев 2023, 22:51
Xyivenia_babayeva.,
Gowumysyňyz? 09. 7 19:48-de "Gurbanlygyňyz kabul bolsun gadyrly W. P" diýip mowzuk açypsyňyz. Şony maňa ýüzlenip açdyňyzmy?
S❤
01 фев 2023, 23:12
W.P
Hudaya sukur ozuniz nahili.

Hemmaniz ucin. Bir sistema bar. sony yazyan welin herkimin oz niki gorunyar. Menem hemmanizin adyn ayratynlap durmayyn dp sol sistemany ullandym.
W. P
Автор 01 фев 2023, 23:41
Xyivenia_babayeva.,
Sag bol, jigim, häli agzalaň mowzuklaryny görüp çykaýyn diýip bir-birden girip otyrkam, öňümden çykaýdy. Menem sag bolsun aýdaýyn diýip gyzyklanyp otyryn.
W. P
Автор 01 фев 2023, 23:42
Xyivenia_babayeva.,
Özüň bir zatlar ýazýaňmy ýa okyjymy?
S❤
02 фев 2023, 00:14
Haa dogry

Yazyanam, okyjam. Sugunler yazamok. Onki yazanlarymy okasynyz gelse, acan mowzuklaryma girayin.
W. P
Автор 02 фев 2023, 06:52
Xyivenia_babayeva.,
Bolýa ?