Arman

*****
Seniň günäň däldir, meniňkem däldir,
Söýgiň ýok ýerinde dogulmagymyz.

                                      Çary Ýegenmyradow
*****

Indi duýgulardan haraý tapmaryn,
Telbe kimin söýenimem peýdasyz
Bir ýyla meňzedip her geçen güni,
Ýaralanyp ýatdym - söweş meýdansyz

Dälilik hetdine ýetdim-le welin,
Gitmedim aklymdan asla azaşyp
Şatlykdan, söýgüden gazan dolduryp,
Bagty bişirjekdim, gussa az goşup

Näme artyk boldy, näme-de kemter?
Bagt diýip edenim bulamak boldy
Deňje başarmadyk, şonuň üçinem
Dilegimde bagtyň dilemek boldy

Bagtymyz biten ýer güllesin gitsin
Bolmasyn gyzdyr-u-ogul gamymyz
Seniň günäň däldir, meniňkem däldir,
Söýgiň ýok ýerinde dogulmagymyz.


Ylham GURBANALYÝEW
6 лайков 106 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aymaraljana_a
13 июл 2022, 01:32
brawo malades
Massimus
13 июл 2022, 05:52
Şu Ylham Gurbanalyýewiň muşdagy bolup barýan men-ä, tüweleme, galamyň mundanam ýiti bolsun...
Venus
Автор 13 июл 2022, 11:10
Aymaraljanama_a,
Massimus,
Sagboluň, minnetdar!