Ezizim, ot ýakdym

Ezizim, ot ýakdym ýol ýakasynda,
Gel, otur,
Geçeli ojak başyna.
Isleseň,
Ikimiz söhbet açaly,
Ýalyn ýalkym salsyn degre-daşyna.
Her kimiň öz derdi,
Öz hyýaly bar,
Kim meýlise barýar,
Kimseler işe.
Emma ot başynda,
Ojak daşynda
Göwün posy açylýandyr hemişe.

Aýby ýok,
Käte sen böwrüňi diňläp,
Oýa gidip otursaň-da sedasyz.
Göreş tutup,
Hüjüm edip,
Hiç haçan
Ýeňen ýokdur ýer ýüzünde pidasyz.

Aýby ýokdur, arzuw baryn eksegem.
Käte gaty güläýsegem,
Aýby ýok.
Gözden gizlän hatamyzy aç-açan
Ot başynda biläýsegem,
Aýby ýok.

Arzuw-hyýal ot-ýalyna öwrülip,
Tüsse deýin gaýyp bolsun gussalar.
Elmydama taplaýandyr ot bilen
Ýalaw ýaly ýaraglary ussalar.

Ezizim, ot ýakdym ýol ýakasynda,
Sowul,
Çoýunmaga çagyrýan seni.
Ýylyn-da, ýoluňa gidiber ýene,
Kaýyl men, üşäňde ýatlasaň meni!
1966 ý.

Ata Atajanow.
7 лайков 145 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.