Öz goşgyma parodiýa



“Elim ýazgyr bolsun, galamym – ötgür”
diýip, ýazan goşgularmy aldym-da,
Oda, ýele, suwa zyňyp goýberdim,
Garaşýaryn, näme barka alnymda?!

Birhaýukdan bir ses gelýär daşardan:
“Ah-eý, ýüzi gurmuş, okumyş haýran!”
Seretsem, aşakda gybatkeş goňşym,
Elinde-de ýele niýetlän goşgym!

“Üç çagasy bara meňzänok asyl,
“Söýýän, köýýän” diýip, bu ýaşlardan soň...”
Äpişgäni ýapdym, sem boldy sesi,
Ynha, indi ýaz-da başarýan bolsaň!

Altyntäç REJEBOWA
7 лайков 159 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ssaparay
17 авг 2022, 18:22
Bu goşgy ýazylanyna görä ýazyp başarypsyňyz. :)
Pegas
17 авг 2022, 18:39
Altyntäç mugallymyň oňat terjimelerem bar.