Gaýa we tiken

GAÝA WE TIKEN

Bir tikenek gaýanyň böwrüni böwsüp
çykypdyr

— Sen nähili ejiz geldiň tikenden,
Ol seniň böwrüňi deşip çykypdyr?
Sen şeýle berk, gaty, agramly juda,
Ol seniň teýiňden niçik çykypdyr?

— Dogrudan hem, bu — hakykat,
Hakykat.
Käteler berk zat hem döwülýän eken.
Ýöne ol göwsümden gül bolup çykdy,
Asyl tikene soň öwrülýän eken.
Ah, meniň gözüm
Bir daş bölejigi tötänden gözüme düşdi.
Ah, meniň gözüm,
On iki süňňümiň biri.
Sen nähili ejiz ekeniň.
Birmahallar,
Aýagma çüý batanda,
aglamandyň.
Elime çekiç uramda,
Bir kişi aglamandyň.
kemsidiji sözler bilen
Ýüregimi ýaralanda-da,
senden damja ýaş çykmandy.
Bu gün bolsa
Bir daşjagazyň oýnuna döz gelmän,
Boýur-boýur ýaş dökýärsiň.
Düşünýän, düşünýän.
Ol daşjagaz
Seniň özüňe degdi ahbetin.

Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW.
2 лайков 119 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Bir bar bir ýok
18 авг 2022, 00:01
Bu awtory birnäçe ýyl mundan ozal gazet- žurnallardan gaýybana tanaýadym welin, şu goşgusa birhili hiç özüniňkâ meňzânokda. Ýalňyşýan bolmagymam ahmal, nâme üçindir, şu goşgy mowzugy paýlaşanyň setirlerine meňzeýâr.
Öwreniji
Автор 18 авг 2022, 12:27
Bir bar bir ýok
Bu awtory birnäçe ýyl mundan ozal gazet- žurnallardan gaýybana tanaýadym welin, şu goşgusa birhili hiç özüniňkâ meňzânokda. Ýalňyşýan bolmagymam ahmal, nâme üçindir, şu goşgy mowzugy paýlaşanyň setirlerine meňzeýâr.

Sagbol minnetdar! Şu şahyryň goşgusyna deňäniň üçin, ýöne men şu goşgusyny kitapçydan aldym. Hakykatdanam özüniňki