Iň soňky wesýet

"Goñşusynyñ aýaly bilen zyna etmegiñ günäsi başgalar bilen on gezek zyna edendenem agyr günädir".
Hadyslardan.

"Eý waý! Bagtyma boran ýagdy-leý!" diýip çykan ses ýap-ýañy düşegne süýnüp, oýurganyp ýatan Nazary ör-boýuna galdyrdy. Gapdal goñşusynyñ öýünden çykan şaññy ses gowlugyñ alamaty däldi. Bu adam ýogalanda gygyrylýan waý sesidi. Ol ylgap daşary çykdy. Nazar bary-ýogy ýarym sagat mundan öñ hammamda ýuwunyp durka eden gorkunç pikiriniñ amala aşyp duruberenine ynanjagynam, ynanmajagynam bilmedi. Haýsy bolanda-da boljak iş bolupdy...
Näzik eje maýyp ogly Selimi gujaklap, zaryn-zaryn aglaýardy.
- Jan balam, indi sen bu maýyp halyñ bilen sopbaşyña näme edersiñ! Agtyjagyma kim idi-issiwat etsin!.. Eý, Tañrym bu zulumy bize neçüýn rowa gördüñ?!.

* * *

Güller Selime durmuşa çykyp geleli bäri Näzik ejäniñ eli-aýagy uzady. "Elinden dür dökülýär" diýilýänlerden bolup çykan ýaş gelin öýüñ ody bilen girip suwy bilen çykdy. Diñe tikin-çatyn edibem maşgalanyñ sowalgasyny arkaýyn gazanýardy. Biş-düşe-de ökdedi. Günde näçe dürli nazy-nygmatlar, üýtgeşik salatlar, her dürli naharlar bilen hezzetlenýän Selimiñ ýüzi-gözi durlanaýdy.
Daýzasynyñ ogly bolany üçin berilenem bolsa, Gülleriñ özem Selimi erbet görmedi. Selimiñ kakasy ir aradan çykypdy. Dogrusy, Selim on ýaşly çagajykka awtoulagda barýarka heläkçilige uçrapdylar. Hommat aga wakanyñ bolan ýerinde aradan çykypdy. Selimjigiñ çöregi bitin eken. Ýöne aýagyna erbet şikes ýetip, ömürlik maýyp bolup galdy.
Maýypdygyna seretmezden bergi edip alan "Opel" awtoulagynda kireý edip gazanýan puluna ejesi bilen bile ölmez-ödi gününi dolaýan Selim öýlenensoñam kireý etmesini goýmady. Ýogsa, Güller adamsyna näler ýalbarypdy...
Zatlaryñ bahasynyñ keýgiñ şahyna çykmagy bilen gün-güzeranam görlüp-eşdilmedik derejede kynlaşdy. Selimiñ getirýän puly indi ýañja doglan oglan bäbejiginiñ gury süýdi bilen "Pampersine-de" ýetenokdy. Tikin-çatyndan düşýän pul bilenem dört baş maşgala oñjagy oñmajagy görnüp duran zat.
Güller goñşy mikroraýonda çörek bişirilip satylýan ýerden çörek alyp gapdallaryndaky dükana getirip satmagyñ pikirini edip başlady. Ol bu pikirini dükanyñ satyjysyna aýdanda, satyjy görgüli "Hojaýynyma aýt, men bilemok!" diýip jogap berdi. Soñra Güller muny dükanyñ eýesi Nazara aýtdy. Nazar öz awtoulagynda gündelik satjak çöregini getirip duranam bolsa, onuñ bu teklibini ret etmedi. Güller girende-çykanda ony göz astyndan synlap, öñden bäri niýetini ýamana düwüp ýören Nazaryñ gökdäki dilegi ýerde gowuşdy. Şeýdibem ol Güllere ýakynlaşmagyñ ebeteýini gözläp başlady.
Kellesinde söwda-satyg edip pul gazanmakdan başga pikiri bolmadyk Güller goñşusy bolansoñ Nazardan erbetlige garaşmady. "Özüm kömek ederin saña, sen diñe meñ aýdanlarymy ediber, söwdany özüm öwrederin" diýip, ony dükana haryt getirmäge gidende birki gezek bazara hem äkitdi.
Nazar sabyrly eşek eken. Ol amatly pursat döreýänçä hiç zat pyşgyrmady. Bir gün bazara gidip gelýärkäler, Güller Nazara ýüzlendi:
- Goñşy, bir zat iýelimi? Irdenem hiç zat iýmän aç gaýtdym.
Nazaryñ gökdäki dilegi ýerde gowuşdy:
- Mesele däl! Iýeli, iýeli. Menem ajykdym.
Güller ajyganyny aýtmasa-da aýtmazdy. Ýöne iñ soñkuja puluna düýn agşam "Nestogen" alansoñ, elinde ertirlik almaga çörek pulu-da galmandy. Selimiñ getiren puly bolsa Näzik ejäniñ dermanyna gitdi. Gülleriñ şu günki gazanjy olaryñ agşamlygy bolmalydy...
Nazar awtolulagyny göni "Lezzet" kafesine sürdi. Kafeni gören Güller ör-gökden geldi:
- Waý, duraweri, goñşy! Nirä getirdiñ meni? Kafe-safe meniñ geljek ýerim däl. Birden tanyş-biliş görse näme diýer? Toba!..
Nazar mysapyrsyrap bolmajyny boldy:
- Ýok-la, kim görsün? Onsoñam gara öý bar ahyry. Gözden çetde. Girip, iýip-içip çykarys. Hany, ýör! Menem ajykdym, içegelem jugurdap "eljuk" diýip başlady.
Güller hernäçe göwnüne jaý görmese-de, sesini çykarman Nazaryñ yzyna düşdi.
Bir kemsiz bezelen gara öýüñ ortarasyndaky stoluñ üsti eýýäm dürli nazy-nygmatlardan doldurlandy. Çaky, bu ýere geljegini Nazar eýýäm habar eden bolmaly.
Güller düýn öýländen bäri oñly zat iýmänsoñ, ortadaky çişlige işdämen topuldy. Nazar owurdyny çişirip duran eti bir sagyna, bir çepine geçirip, gäwüşäp durşuna ýerinden turdy we gapynyñ kildini içinden ildirdi.
Gülleriñ ýüregi erbet jyglap gitdi.
- Goñşy, näme üçin ildirýäñ gapyny?
- Aý, adam-gara giräýmesin diýýän-le? Gowy däl.
- Nazar meñ ýüregim bir zat syzjak bolýar. Bir masgaraçylygyñ üstünden baraýmaly birden? Turaly indi.
- Nirä turjak, iýip-iç mazaly.
Nazar maýkasy görnüp duran gäbe garnyny sypalap Gülleriñ gapdalyna labyryny atdy.
- Waý, oglan nirä gelýäñ dykylyp? Wiý muny-y... masgara!..
- Güller, Güllerjan, men seni gowy gördüm, söýdüm! Bilýäñmi sen şol öýe gelin bolup geleniñden bäri men seniñ arzuwyñda gezdim...
- Toba!..
Nazaryñ gözi gyzardy, gulagy gapyldy. Ol indi hiç zat eşdenokdy. Bir burça dykylan ejizje göwräni düýrläp goltugyna saldy. Agzynyñ hyllygyny akdyryp Gülleriñ gulagyndan, boýnundan ogşap-ýalap başlady. Güller elini saçakda duran çygly salfetka ýetirdi. Salfetkadan birini sogrup alyp, Nazaryñ ogşan ýerlerini süpürdi. Horkuldap aglamaga başlady.
- Eý Alla! Men indi munuñ elinden nädip syparkam?...
Onuñ gözi saçakda duran wilka düşdi. Elini ýetirjek boldy. Ýetişmedi. Gülleriñ iki aýagynyñ arasyna jaýdar ýerleşen Nazar onuñ hyýalyny añan ýaly ellerini hem mäkäm geçirip ony burça gysdy. Demi gysylan Gülleriñ gözi garañkyrady. Akja göwüslerini açgözlik bilen sokjalap duran Nazara garşylyk bermäge mejaly galmady. Bar sesi bilen gygyrjak boldy. Bolmady. Iñ soñky pursatda zordan pyşyrdamaga ýarady:
- Goñşy, jan goñşy, ýalbarýan... Ejize ganymlyk etme. Allanyñ haky üçin ýalbarýan, beýtme!..
Nazar diñlemedi. Gatap daşa dönen imansyz ujyt girmeli ýerine aldyrany bar ýaly süsñäp girip gitdi...
Işini bitiren Nazar hasyr-husyr geýindi. Güller geýinerli däldi. Namysy synan ýaş gelin ýalañaç butlaryny saññyl-saññyl edip, bir eli bilen ýüzüni, bir eli bilenem göwüslerini tutup aglap ýatyrdy. Ol indi pyşyrdanokdy, aldygyna samraýardy.
- Men indi adamymyñ ýüzüne nädip bakaryn? Gaýnymyñ, ýekeje oguljygmyñ ýüzüne nädip bakaryn?... Men indi künti boldummy?...
Nazar göwünli-göwünsiz oña teselli beren boldy:
- Aglama goñşy, köşeş. Saña künti bolduñ diýýän barmy? Öwrenşersiñ, birinji gezek şeýle iş edensoñ birhili bolýansyñ. Indi ärinden başga erkek bilen gezmeýän aýal galdymy näme...
- Gepleme, haramzada. Sen-ä haram keýpiñi bilýän eşek ekeniñ. Ne goñşy diýip syladyñ, ne naçar diýip. Iñ bolmanda maýyp goñşyñ hormatyny saklaýmaly ekeniñ. Allañ haky üçin ýalbardym-a saña. Şonda-da çekilmediñ yza. Hudaýsyz ekeniñ... - Güller gapdalynda düýrügip ýatan türsügini geýdi-de, ýene aglap başlady. - Ýeri, etjek bolsañ künti azmy şäherde? Puluny berseñ edýänlerem kändir-ä? Gelip-gelip, men ýaly garawsyz ejizi gördümi gözüñ? Wah, saña ynanyp gelen günüme nälet! Seni tanan günüme nälet bolsun! Galan ömrüme erkege ynansammy!
- Goñşy, köşeşsene. Hemme zat gowy bolar. Özüm kömek eder duraryn...
- Men kömek et diýip gelmedim-ä goñşy ýanyña. Näme üçin beýtdiñ?..
Nazar näme jogap berjegini bilmedi. Güller bolsa bes ederli däldi.
- Men adamymdan hiç zady gizlämok. Men bu masgaraçylygy nädip ondan gizläp saklaryn. Aýdar ýaly zadam däl-ä bu! Aýtsam özüni näder? Meni näder, seni näder? Gowsy şu duran ýerimde meniñ janymy takga al, wah diýsem namartdyryn, jan Alla! - Ol ýigrenç bilen Nazara gözüni aýlady: - Pis ekeniñ-ow, goñşy! Daşy jäjek, içi möjeklerden ekeniñ. Meniñ saña diýjek sözüm ýok. Ýetişip gelýän ýeke gyzyñ bar. Şondan gork. Hasapsyz zad-a ýokdur dünýäde...
Allanyñ ady agzalanda pälinden gaýtmadyk Nazaryñ ýeke gyzy ýadyna düşende ini jümşüldäp gitdi. Ol geplemän daşary çykdy. Awtolulagyny işletdi. Yzyndan çykan Güller awtoulaga münmän köçä çykdy.
- Dur, nirä barýañ? Özüm äkiderin...
- Gerek däl, özüm giderin. Gaýdybam gözüme görnäýme!..
Gülleriñ münüp giden taksisiniñ yzyndan garaba-garaba giden Nazar onuñ öýüne girenini görensoñ, ynjalyp olam öz öýüne girdi. Ýuwundy. Soñam düşegne, gyzyny gujaklap ýatan aýalynyñ gapdalyna süýndi...

* * *

Nazar jaýyñ sekisinde oturdy. "Eý Alla, Güller özüne kast edäýdimikä? Bir maşgalanyñ ganyna galdym öýdýän? Men bu agyr webalyñ astyndan neneñ çykaryn? Edeniñ bar bolsun Nazar, seni öldüreniñ kesewisi gögär!"
Näzik ejäniñ sesine Nazaryñ aýaly Şirinem ören ekeni. Ol Gülleriñ oguljygy Rahmanberdini gujagna alyp gelşine howsalaly pyşyrdady:
- Hakyt Güller uksus içäýipdir. Neresse gözgyny bolup ýatyr. Ýas sowluşýança, gelýän-gidýänleri azalyşýança çagajyga seretmeli bor.
Nazar ysgynsyz gürledi:
- Näme üçin etdikä?..
- Alla bilsin näme üçin edenini! Gara düşen bolaýmasa görgüliñ yzyna.
"Aý meniñ biçäre heleýjigim. Zatdan habaryñ ýok. Gara nämişlesin. Äriñden beter gara barmy. Äriñ düşdi oñ yzyna, äriñ..."
Nazar janyna jaý tapmady. Awtoulagynyñ ýanyna bardy. Birdenkä onuñ gözi maşynyñ gapysyna ildirilen eplengi kagyza düşdi. Ynanar ýaly däl. Haty Güller ýazypdyr. Özüne kast etmänkä, daşary çykyp haty maşynyñ gapysyna gysdyryp giden bolmaly. Nazar haty açyp okamaga durdy.
"Nazar, gaty uly namysyñ astynda goýduñ meni. Men bu masgaraçylygy adamyma aýtmaga ýüzüm ýok, aýtsamam näme boljagy belli. Wyždan azaby çekibem ýaşap biljek däl. Şoñ üçinem ölüp dynmagy ýüregme düwdüm. Bolan işi aýdyp özümi öldürsemem bolardy. Emma mertlik menden galsyn. Men sen ýaly ejize ganym däl. Ölýänçäñ wyždan azabyny çekip ýaşamasañ Alladan razy däldirin! Edeniñi görersiñ. Günämi ýuwjak diýen bolup, çagama ýa adamyma kömek ediji bolaýma! Razy däldirin. Sen ýaly haramyñ eli çagama degmesin. Haram eliñ degen göwsüñden emdirmäge öz ynsabym çatmady. Ýogsa iñ soñky gezek emdirjekdim. Neresse aç galdy..."

Nazar hatyñ mundan aşagyny okamaga bogny ysmady. Haty elinde düýrläp durşuna, öýe girdi. Çagajygy gujagynda saklap duran aýalyna ýüzlendi:
- Çagajygy goñşymyz Jahanlara äkit!..
- Heý, weý, bolmaz-a, Nazar! Kyýamat güni goñşudan. Kyn günde goñşy bolup arka durmajak bolsak...
- Kän gepleme-de, aýdylany et! - Nazar aýalyna azgyrylanam bolsa, sözüni ýumşadyp dowam etdi: - Jahan goñşy her niçik bolsa-da çaga emdirýär. Bizde kösener.
Gözüniñ ody alnyp-alnyp öwrennikli bolan Şirin çagany alyp Jahanlara ugrady. Gülleriñ iñ soñky wesýetini berjaý eden Nazaryñ gulagynda Näzik ejäniñ ýas sanawajyna goşulyp orlaşýan aýallaryñ sesiniñ arasynda "Allañ haky üçin ýalbarýan, beýtme!", "Ýetişip gelýän gyzyñ bar. Şondan gork..." diýen sözler daña çenli ýanlandy durdy...


Has Türkmen.
Islenen.ru
7 лайков 488 просмотров
16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
18 авг 2022, 11:39
Inni şu ýerde gelin günäkärmi ýa şol haramzada goñşy? Meñ pikirimçe gelin günänär. Şol gelni göz öñümde janlandyrdym welin aza kanagat etmeýän, ärini äsgermeýän, çagasyna mähri ýok (bolsa nestogensizem süýt inýä) türsikli moda bir erkegiñ yzyna düşüp kafe girýän, şol erkek bilen maşynly oña muña gidip söwda edýän bolsa iñsoñunda boljagy şo. Ol oglanyñam ýüzüni ýuwamok ýöne ganjyk guýruk bulamasa köpek yzyna düşmez, düşsede çyzykdan çykmaz.
Maksat
18 авг 2022, 11:48
Soñky döwür gelinler balak geýenokmyş nämüçinkä? Yssymyka ýa erkek oglanlar köçede türsükli aýlanyp ýörse şoña barmagyny çommaldyp "masgara bolup ýörşüni" diýerler özleri welin türsükli. Aý borla özbek özüne bek diýýä özümizi oñarsak razy. Men aýal maşgala aýal ýaly, erkek adam erkek ýaly geýinmelimikä diýýän.
Maksat
18 авг 2022, 11:54
Ýogsa iñ soñky gezek emdirjekdim. Neresse aç galdy...
Nestogen yzygiderli berilýän çagada ejesini emýämikä menä emenok diýip bilýän onsañam süýdini çekýändirä.
@Kinza menem ýürege düşdüm öýdýän şular ýaly ýagdaýlary halamok, obada zatda-da eşdilýä welin gyzlar özüne bek bolsa oglan aklyna aýlanar.
Güljemal
Автор 18 авг 2022, 12:46
@Banker. Ýok hiç hili ýüregme düşmediňiz. Soňam her kim özüçe düşünübem, tankytlabam biler. Balakly mesele barada plan diýip biljek däl, ynsap her kimiň özünde. Nestogeni yzygiderli däl-de kömekçi iýmit hökmünde ulanyp biler. Ikisinem deň derejede däl oglany artygrak ýazgarjak menä. Islegiňi güýjüňe daýanyp berjaý etmeli däl.
Güljemal
Автор 18 авг 2022, 12:47
Soñky döwür gelinler balak geýenokmyş nämüçinkä? Yssymyka ýa erkek oglanlar köçede türsükli aýlanyp ýörse şoña barmagyny çommaldyp "masgara bolup ýörşüni" diýerler özleri welin türsükli.
:))
Bir bar bir ýok
18 авг 2022, 13:38
Adam pahyr başyna belany özi satyn alýada soňam öňki edähedi boýunça başgany günäkârläberýâr. Gelin başyna belany özi satyn aldy, soňundanam toba toba, masgara diýeniň bilen hemme zat düzeliberenok. Menem gelni günâkârleýän. Erkek azgyn bolsa, sen özüňe bek bolup, goranmaga mejbur hasaplamaly özüňi. Bir geline nâtanyş erkek bilen şeýdip kafelerde iýip içmegiň soňy, elbetde , bolgusyz zatlaryň üstünden eltjegi belli zat. Aýal maşgala işdeşi bolsun, klasdaşy bolsun, goňşysy bolsun... agraslygyny saklap, erkek adamdan uzak dursa ýagşy, işdeşim, pylanym diýip arkaýyn çäk goýmazdan özüňe ýakyn hasaplap, degişip gülüşmegi gaty nâdogry we gelşiksiz hasaplaýan. Bular ýaly ýakynlygam günüň birinde bolmanam bolgusyz zatlaryň üstünden eltjegi gümansyz. Niýetiň gowy bolany bilen peýdasy ýokda hereketleriň erkeklere gol bulaýan bolsa.
Kleopatra
18 авг 2022, 14:17
Bayker
Inni şu ýerde gelin günäkärmi ýa şol haramzada goñşy? Meñ pikirimçe gelin günänär. Şol gelni göz öñümde janlandyrdym welin aza kanagat etmeýän, ärini äsgermeýän, çagasyna mähri ýok (bolsa nestogensizem süýt inýä) türsikli moda bir erkegiñ yzyna düşüp kafe girýän, şol erkek bilen maşynly oña muña gidip söwda edýän bolsa iñsoñunda boljagy şo. Ol oglanyñam ýüzüni ýuwamok ýöne ganjyk guýruk bulamasa köpek yzyna düşmez, düşsede çyzykdan çykmaz.

Maksady corek getirip satmakdy welin gurrun nirden nirä geldi.Indiniň gyz-gelinine ynsap bersin...
Belki
18 авг 2022, 15:16
Näme üçin hemme zatda aýaly günäkärleýäñiz?
Oñ eklenç üçin gitmegi adamsyny sylamaýandygyny añlatmaýar-a.Gaýta öýüne goşant etjek bolupdyr.
Gaty geñ bolduñyz,bagyşlañ.
Maksat
18 авг 2022, 17:11
Belki
Näme üçin hemme zatda aýaly günäkärleýäñiz?
Oñ eklenç üçin gitmegi adamsyny sylamaýandygyny añlatmaýar-a.Gaýta öýüne goşant etjek bolupdyr.
Gaty geñ bolduñyz,bagyşlañ.

Meñ teswirime ýalñyş düşünmäweri jigim men garşy däl işleýän, hojalyga goşandyny goşýan gelin gyz köp dürli kärlerde. Işlesin berekella çörek satsyn başga zat satsyn mesele ol däl. Özi islemeýän geline kafeda ýanaşyp bolmaz şol erkek wandam bolsada ýöne awtor soñunda uksus içirdi olam gelişmedi. Ýurdumyz edeniñi edilýän ýurt dälmikä diýýän toçno bilemok welin. Allajan gyz gelinlerimiziñ elmydama ýüzleri gülüp dursun biz şolar bilen adam.
Maksat
18 авг 2022, 17:14
Eger etjegi eklenç bolsa elinden dür dökülýä, adamsam süýnüp ýatan hassa däl agyr hojalyk däl. Alada eklenç däl otaýda.
Massimus
18 авг 2022, 17:25
Boljak iş bolandan soň günäkäri gözläniň peýdasy ýok. Häzirki azgyn döwürde, daşyndan göräýmäge maşgala diýip ylgaýan ýigitleriň näçesi bilen gezýändigini aýdyp "öwünip" ýanyndakylarada göýä şeýle işleri normal ýagdaý hökmünde görkezmäge synanşylýan döwürde, ola kafe gitmek eken, iş zerurlygy bilenem bellenen çäkden sähel aňry geçilip gülüşip-degişilse käbir "kowboýlaryň" göwnünde başga pikir döremegi mümkin.
Manysyz hekaýa. Awtor bärde namysyny saklap bilmedik gelini başardygyndan aklamaga synanyşýar. Göýä maşgala durmuşy agyrmyşyn, äri ýarawsyzmyşyn, nämährem erkek bilen ýapyk ýere diňe iýip-içmek maksady bilen girenmişin, düýnden bäri hiç zat iýmän, çişlige işdämen topulanmyşyn. Bagyşlaň welin, Siz Afrikaň yza galak döwletleri däl-de Türkmenistan barada gürrüň edýärsiňiz. Wip ýaşaýyş bolmasada bular ýaly açlyg-a ýok meň gören ýerlemde. Soňam gelin halyňa dostsyraýan bir erkege "gaty ajykdym, ýör naharlanaly" diýmegiň özi eýýäm birinji ädimiň gelin tarapyndan ädilendigini görkezýär. Iň soňunda özüni öldürmegi bolsa manysyz hekaýaň manysyz soňlanmasy bolupdyr.
Belki
18 авг 2022, 17:33
Şu kafe diýilýän gara öýleri göz öñüme getirip bilemok.Nähili bolýaraý kafeñ gara öýi?
Soho
18 авг 2022, 17:50
hmmm beh, bey diydiniz:ow...
Soho
18 авг 2022, 17:54
kafe diyilyan yerleri halamayan dine menmikam :-/
Hiayress
18 авг 2022, 18:10
"Güller Selime durmuşa çykyp geleli bäri Näzik ejäniñ eli-aýagy uzady. "Elinden dür dökülýär" diýilýänlerden bolup çykan ýaş gelin öýüñ ody bilen girip suwy bilen çykdy. Diñe tikin-çatyn edibem maşgalanyñ sowalgasyny arkaýyn gazanýardy. Biş-düşe-de ökdedi. Günde näçe dürli nazy-nygmatlar, üýtgeşik salatlar, her dürli naharlar bilen hezzetlenýän Selimiñ ýüzi-gözi durlanaýdy."

Ilki bilenä elinden dür dökülýän, tikin-çatyn bilen maşgalaň sowalgasyny arkaýyn gazanyp ýören ezber tikinçi zenanymyza, iki bent atlap, atlamakak ne döw çaldy beýle, elinde hünäri barka, dür dökülýärkä, goňşusynyň magazininde niredendir bir ýerde ýarty-ýurty getirilen birlän, ikilän çörege daňyldy galdy. Ýa-da gün uzyn oturyp iki çörek satmak, tikin tikmekden düşewüntli boldumy?! Awtor garyp maşgalanyň naçar gelniniň ýowuz ykbalyny suratlandyrjak bolup, birhili onuň üstünden gülen ýaly bolupdyr. Nazaryň ykbaly oňat suratlanypdyr, olam awtordan daşdaky keşp däldigi üçin şeýledir.
Indi mantyksyz ýerleri:
Ezber tikinçiniň çörege daňylmasy.
Goňşusynyň magazinende çörek satmana rugsat soramasy. Nädip rugsat sorap bolar, bolsa-da magaziniň içinde diňe 10 sany çörek satmak üçin gün uzyn daňylyp oturjakmy.
Ar-namysly geliniň helk-helk edip goňşusynyň maşynynda söwda meselesi bilen aýlanyp ýörmesi, bile nahar iýmegi haýyş etmesi, kafe baranda, hasam gara öý ýaly ýapyk ýere haýsydyr bir erkek bilen girende ýaramaz hiç zat güman etmesi, zorlananda sesini çykarmazlygy, hasam kafe ýaly, gara öý adamyň üýşen ýerinde sähel yňkyňy çykarsaň hemmäniň eşitjek, ylgap ýardama geljek ýerinde sessizje bolmasy, soňam hiç zat bolmadyk ýaly agzy dolman, gürläp bilmän, mandyraş kakman "Aý goňşy şuna oňarmadyň, menä sende beýle zada garaşamokdym" diýip adaty gürlemesi.
Garaz sanasaň sogaby kän ýalňyşlaryň, ýerine düşmedik obrazlaryň, hereketleriň. Ýene-de maşynyň gapysyna şeýle haty ýazanda, maşynyň eýesinden başga biri görüp alar, okar, aýbym puç bolar diýip pikir etmedimikä?!
Hiayress
18 авг 2022, 18:11
"Maýypdygyna seretmezden bergi edip alan "Opel" awtoulagynda kireý edip gazanýan puluna ejesi bilen bile ölmez-ödi gününi dolaýan Selim öýlenensoñam kireý etmesini goýmady. Ýogsa, Güller adamsyna näler ýalbarypdy..."

Öňem ýeter-ýetmeziň içinde ýaşap ýörkä adamsyna kireýini goýduryp, öýünde ýatyrdyp näme etjekdikä ýa-da maýyp adamsyna ministr zat bol diýip "näler ýalbardymyka?!"