Ene sowgady
Hanha ejeñ gelýä iki eplenip,
Ogly turman ýatyr ýassyk ýaplanyp,
Gelni meçew berýä äre gep berip,
Gözin diker otyr gitmez lepberip.
Saýla birimizi meni ýa ony,
Şu gapydan gelmez ýaly et şony,
Ejeñ gözi gaşy çekip duranok,
Aramyza çöp atmasa bolanok.
Şol wagt ýigit tarpa turdy ýerinden,
Gahary gaýnady gazaby çogdy,
"Päheý senem" diyip aýlan ýumrugy
Balam diýen eñäñ başyna degdi.
Sebäbini bilip bilmedi ene,
Bosagadan ätläp serildi ýere,
Balasyna zaryn bakdyda ýene,
"Balam eliñ agyrmady dälmi?"
Hiç düşünip bilmän ýuwdundy ene,
Turjak bolup gördi turup bilmedi,
Şo:l ýatyşy boldy ýany galmady,
Hiç peýda bolmady däri dermandan,
Oglunyñ ýüregi doldy armandan.
Iñ soñky deminde ene gowsunup,
So:l gün "Balam"diyip böldi sözüni ,
"Düwünçegi açyp göriñ" diýdi - de,
Razylaşyp bilmän ýumdy gözüni.
Enä ýumrugyny göteren ogul,
Ýygyrlyp bir gysym bolup otyrdy,
Perzendine miras getiren ene,
Perişde deý nura çümüp ýatyrdy.
(Awtory näbelli)
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.