Eje hakda.

Ejeňdir ejeň.
Bu dünýäde gyzgyn mährini berjek,
Ana ol zenan hem ejeňdir ejeň.
Aglaňda "gel" diýip gujagyn gerjek,
Ýene ol zenan hem ejeňdir ejeň.

Gyz üçin geçýäris eje-dädeden,
Eje dälmi? Ýürekleri şat eden,
Gussany-gaýgyny bir dem ýat eden,
Ynha ol mähirli ejeňdir ejeň.

Eger başyňyza düşäýse kyn dert,
Alajyn tapmarsyň goýsaňsa bir şert,
Agyr günde halyňy sorajak mert,
Ýene ol mähriban ejeňdir ejeň.

Bir gün maýyp bolup ýykylsa başyň,
Ýalandan aglandan köp bolar daşyň,
Ýürekden aglajak döküp göz ýaşyn,
Ana ol mukaddes ejeňdir ejeň.
Dawut Hojageldiýew.
0 лайков 1 619 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aksary
24 фев 2023, 13:11
Gowşak.