On dördünji söhbet: Poeziýanyň ýüki
ON DÖRDÜNJI SÖHBET: Poeziýanyň ýüki
OSMAN ÖDE. Seniň «Dünýä» atly goşgyňda şeýle iki setir bar:
«Bu dünýäde Ezraýyl ýok,
Her kimse öz jelladydyr»
Umuman, men seniň ters pikirlenýändigiňi, dürs pikir aýdyp, tersine çöwürýändigiňden ýa-da ters pikir aýdyp, dürs ýüzüne öwürýändigiňden habarly. Ol seniň poeziýadaky söýgüli usulyň. Emma ýokarky iki setirde, aşaky öz pikiriňi tekrarlamak üçin, ýeňillik bilen dini-de, Hudaýy-da terk edip goýberiberýär. «Ezraýyl ýok» diýen pikiri sen ik nukdaý nazardan aýdaňok, ýok, keýpine, öz pikiriňi tassyklamak üçin aýdýaň. Bir pikiri aýtmak üçin ikinji bir zady ret etmek hökmanmy? Sende şu tendensiýa örän köp bolansoň men bu sowaly bermegi makul bilýän.
NOBATGULY. Sen mamla! Men şunuň ýaly ýerde birinji pikire kän bir ähmiýet bermän, esasy pikirime oňy ýassyk edinýärin.
OSMAN ÖDE. Eger sen orta asyrda şu pikiri aýdaýan bolsaň, seni dardan asardylar.
NOBATGULY. Diýmek, men şol pikiri aýdyp, ýene öz jelladym bolardym. Osman jan, biler bolsaň, şeýtan Hudaýyň oppozisiýasy! Edil şonuň ýaly ol Allatagalanyň ýaradany bolan Adamyň hem oppozisiýasy! Her bir adamda (eger ol ajdam bolsa) ýagşylyga ündeýji perişde hem bolýar, ýamanlyga ündeýji Azazyl perişde, ýagny şeýtan hem bolýar. Mendäki şeýtan has altiw bolsa gerek. Maňa özümi bilelim bäri «çilim çekme» diýdiler, men çekdim. «Içme» diýdiler, men içdim, «aýalyňa wepaly bol» diýdiler, emma...
Şeýtanda-da şeýtan bar. Men içi şeýtanly däl bolsam gerek. Sebäp durmuşda meni häli-şindi aldaýarlar. Seniň bir gowy jümläňi köp aýdýan. Özem küşt oýnan mahalyň. «Awam pahyr köp aýtdy, oglum, Osmanym, seni küştde utan bolmaz, emma durmuşda welin, köp utarlar» diýip. Sen hem, men hem, ýene biz ýaly ençe sada ýazyjy-şahyr durmuşyň çuňlugyny, çylşyrymlylygyny, kyn ýagdaýda ondan nädip baş alyp çykmalydygyny öz eseriniň üsti bilen okyja, ile öwredýär. Ýöne durmuşda welin, utulýanam biz, ýeňilýänem biz, ät galýanam. Durmuşda pikirlenýän utulýar, instinkt bilen hereket eden utýar.
OSMAN ÖDE. Adamda sanalgy instinkt bar. Çaga gözüni açmanka agzyny açýar, gorkynyň nämedigini bilmänkä gaçýar, aglasa, emme berilýäni üçin aglaýar, gorkynyň nämedigini bilmänkä gaçmagy öwrenýär... Ol instinktler haýwanda-da bar.
NOBATGULY. Adam hem haýwan. Özem hem et iýýän, hem ot iýýän mahluk. Hem ýerde ýaşaýan, hem suwda ýaşaýan mahluk. Bu dünýäde ýaşap, bu dünýäni harap edenini az görüp, o dünýäde-de ýaşamak pikiri bilen geçip ýören mahluk. Ol pikirlenip bilýäni üçin, ölümden gorkýar, gorky hem oňa o dünýäni toslamaga mejbur edipdir. Gel bu pikiri ösdürmäli, ýene dine urarys, her kimiň öz jelladydygy subut. Gowusy, pikiri bar öz pikiriniň, pikiri ýok öz instinktiniň pidasydygyna nazar aýlaly. Adamda alty sany ýyrtyk bar.
Adamda birnäçe ýyrtyk bar: Gulak! Olar doýmaz-dolmaz! Dowzah dolar, dünýäni altyndan dolduryp bolar, emma şol ýyrtyklary ýamap hem bolmaýar, dolduryp hem. Olara ýama salmak üçin diňe kämilleşmeli!
Dünýäde nähili owazlar bar: ýagşyň şabyrdysy, kelemenläp gelýän garyň owazy, sazyň owazy, gyz gülküsiniň owazy, puluň sesi, tyllanyň, kümüşiň sesi, keramatyl senalaryň, ajaýyp şygyrlaryň, geçmişiň sesi, gybat. Men geçmişde ýaşap göremok, ýöne nämüçindir geçmişde gybat aýallara mahsus bolupdyr diýen pikir bar, bizem şol pikire uýýas. Emma hakykatda erkekler aýallara görä has gybatkeş. Biz obada bir sowet döwrüniň rowaýaty ýaşaýar. Biriniň ogly ir zaman harby gullukdan galjak bolup, kerlige urupdyr. Keselhanada ýatypdyr, lukmanlar onuň ker däldigini subut edip bilmänmişler. Her hili synag edip görüpdirler. Ahyry harby komissar bilen medkomissiýanyň başlygy bir mekirlik ulanypdyrlar. Ony komissiýa çagyryp, gözüniň öňünde gullukdan galmaga degişli gyzyl bilet ýazyp eline berýärler-de, «Gidiber» diýýärler. Ol gidiber diýleninem eşitmedikden bolup, aňalyp durmyş. Ahyry ony ýeňsesine öwrüp, «gümüňi çek» diýip kowýarlar, ol gidýär. Edil gapydan çykjak mahaly, kimdir biri onuň yzyndan şaýlyk köpük oklaýar. Ol köpügiň sesine nädip yzyna öwrülenini-de duýman galypdyr... Köpük sesi – puluň sesi! Ýene bir mysal. Işe gelýäň, her kim öz işi bilen gümra. «Pylanynyň ogly bolupdyr» diýip buşlasaň, «ýuw» diýäýmeseler, dessine ol täzelik galyberýär. «Biri ölüpdir» diýseňem, «hä, bolmandyr» diýip, dessine onam unutmak bilen. Emma «Pylany özüni öldüripdir» diýseň, hemme üşerişýär, iş galýar, onsoň ol bendäniň maşgala durmuşynyň sudy başlanýar. Her kim onuň ölüminiň sebäbini bir ýerden agtaryp ugraýar, kim uşlybyň ujuny o bendäniň işindäki şowsuzlukdan agtarsa, kim onuň aýalynyň, ýa gyzynyň ahlak taýyndan agtaryp ugraýar. Onsoň şol süýt ýyllap dowam edýär...
Elhenç. Dünýädäki ähli seslerden puluň sesi belent gelýär, sebäbi dünýädäki ähli zatlary pula satyn alyp, öz hususyýetiň edinip bolýar. Dünýädäki ähli gürrüňlerden gybat rüstem gelýär. Sebäp keseki hakyndaky gybat kesekini kiçeldýär, bir adam kiçelse, adam pahyryň özi azajyk ulalan ýaly bolýar. Näçe töweregindäki adamlaryň gybaty köp edilse, olar peselip gybat edýän öz ýanyndan beýgelýär. Bahyllygyň ýeke-täk ýaragy özgäni peseldip, özüni beýgeltmek. Emma ol duran ýerinde durandygyndan bihabar. Bahyllyk bolsa adamda çagalyk keseli diýen ýaly, ganynda galan kesel!
Ýönekeýje deňeşdirme: «Tokmak» žurnaly iň köp titažly žurnal, sebäbi näme. Sebäbi ol ýerde adamlar tankytlanýar, urulýar, masgara edilýär...
OSMAN ÖDE. Sebäp Dil hem ynsanyň bir ýyrtygy! Az bilýän adam köp gepleýär. «Molçaniýe zoloto» diýýär orslar. Emma ol altyny edinesi gelýän örän seýrek. Gepläber.
NOBATGULY. Giňişräk gürle diýýän özüň, indi bi az bilýänden edip, köp gürleýäň diýmäň näme?
OSMAN ÖDE. Özüňe degilse gaty görýäň-ow... Saňa hälem il çydap ýör... Bolýar. Dil hem ýyrtyk diýen pikiri ösdürjek bolup göreli. Islendik adama pylan zady düşündir diý, bilse-bilmese düşündirmese, bilenim ýalan. Ýönekeý mysal, ýoldan barýarsyň, öňden bir gelýäninden pylan köçe nirde diýip sora, hökman jikme-jik düşündirer. Islendik adamdam, şu mahal döwleti nädeňde halky çalt baýadyp bolar diý, edil ýöne özüni patyşa däldir öýtmez, döwrüň, özgäniň ýalňyşlyklaryny birin-birin aýdyp berer. Eýse, dilinden bela galyp ýören, kellesi bolman, dilinde baý ýaşap ýören, ömrüni dili bilen ýele sowrup ýören azmy!? Adama köp diňlär ýaly, Hudaý iki gulak, az geplär ýaly, bir dil berenmiş diýip bir pikir bar, bu pikiri biziň döwrümizde-de bir şahyr goşgy etdi. Ezop döwründe, ondan irem şol pikir örän jaýdar aýdylypdyr.
NOBATGULY. Hawa, dil hem şol ýyrtyklaryň birine girýär. Emma, Osmanym, dymyp gezseň, kim saňa akylly diýjek!? Özümden bir mysal alaýyn, ýylgyrma!..
OSMAN ÖDE. Aý, sen näme ilden mysal alýamyň. Men seni tanalym bäri sitatany diňe özüňden alýaň!..
NOBATGULY. Özüňde bar zady ilden almak aýyp bor diýip pikir edýän. Ana şol mysal. «Soltan Sanjar» atly taryhy balladamda bir gahryman bar, ol patyşanyň baş akyldary. Ol oýnuň başdan-aýagyna ýekeje ýerde gepleýär. Oýnuň ahyrynda Soltan ýesir düşýär, ýesir alan oguzlar öz-özi bilen boýdan-başa küşt oýnap oturandan: «Sen köşkde näme kär edýäň?» diýip soraýarlar. Ol özüniň Soltan Sanjaryň akyldarydygyny aýdýar. Oguzlar: «Onda Soltanyňa akyl ber, seret, ol zyndana düşdi» diýýärler. Şonda akyldar: «Soltana akyl berer ýaly, men näme, akmakmy?» diýip jogap berýär. Hany onuň ýaly akyldarlar.
OSMAN ÖDE. Adamyň miwesi köp. Ol ekýär, gurýar, nesil galdyrýar, döredýär. Adamyň esasy miwesi perzent, a Adamzadyň esasy miwesi söz. Onuň müň, ýüz müň ýyllyk kämilligi diliň içinde ýerleşýär. Injil bilen ateizmiň, din bilen leriň esasy jedeli – dindarlar dil ilkinji, materiýa ikinji diýen düşünjä, ler bolsa, materiýa birinji, söz ikinji diýen düşünjä uýany üçin başlanýar. SSSR döwri nähili senzura bardy, diýjegimizi diýdirmeýärdi.
Ýaşuly, sen «Türkmenleriň Ýewropa ýörişi» atly bir roman ýazyp ýörün diýip Nuh eýýamyndan bäri çemi gelse, şondan mysal alýarsyň. Şol roman barmy, näçerägi ýazyldy, haçanrak ony neşirýata tabşyrjak!? Ýa-da bir geň-enaýy waka eşitseň, şol romanymdan diýip gürrüň bermegi endik edindiňmi?! Şol romanyň birinji bölüminiň esasynda tragikomediýa ýazanyňa-da nije ýyl boldy, men ony okabam gördüm, o mahallar teatrda edebiýat bölüminiň müdiri bolup işleýärdim. Tragikomediýany okap oňlapdygam, olam goýulmady. Onuň ykbaly nähili?
NOBATGULY. Sen ol ýerden işden gaýtdyň, Mollanepes teatrynyň direktory, baş režissýory beýik Kakajan Aşyrow hem gaýtdy. Onuň ornuna bolan baş režissýor ýaş režissýor bir oglana tabşyryp, rollaryny hem paýladylar, goýup başlanaýmaly wagtam düşnüksiz sebäplere görä yza çekip, soňky ýyla geçirdiler. Men teatryň baş režissýoryndan sebäbini soraýan, ol gyssanman bir öwrümde aýdaryn diýýär. Şeýdip ol režissýoram işden gitdi, menem garşy onuň aladasyny etmegi kiçilik bilýän. Garasaý, iki-üç ýylyň içinde teatryň repertuaram şeýlebir pese gaçdy welin, şol teatrda oýnumyň goýulmagyna islegim hem öldi.
Teatryň özüne gowy eser gerek bolmasa, eseriň gowudygyny subut edip ýol aljak bolmak lyk. Bir ýola ýazşyzadalaryň biri barýan eken, görse bir şeýtan digdenekläp, eňkamyny agdyryp durmuş. Ýagşyzada oňa: «Ah-aw, şeýtan, sen hem beýleki şeýtanlar ýaly hol duranlaryň biriniň kalbyna girip, arkaýyn döwran sürüberseň bolmaýarmy! Ýogsa sen bu bolşuňa gyşdan çykmaýaň» diýipdir. Şeýtan oňa: «O duranlardanam bir adam bormy, olar haýwança-da ýok, men olar ýalylaryň gursagyna girip, öz mertebämi peseldip bilmerin» diýen.
OSMAN ÖDE. Oňa nähili düşünmeli!?
NOBATGULY. Çary Işangulyew baş režissýor bolup köp bolsa üç ýyl işläpdir, emma şol az wagtyň içinde teatry öz derejesine çenli peseldip gitdi. Oňa gaty gowy artist diýýärler, a ol režissýorlyk isleýär.
OSMAN ÖDE. Kakajan beýik režissýor. Şol mahalky soýuzy haýran eden «Jan» spektaklynyň bir teksti on dört sahypa, dünýäniň ilkidurmuş gözelligi, sadalygy, päkligi bilen haýran edýän «Suwulgan» pýesasy on dört sahypadan ybarat. Meşhur «Däli Domrulam» bolsa ýigrimi bäş sahypa. Şojagaz tekst bilen-ä bir ýarym sagat tomaşaçyny heýjana getirip bilýän režissýora telpek goýýarsyň. Magtymgulynyň «Kepderi» atly iki sahypalyk goşgusyndan pýesa ýazýanyny eşidip, walla, aňk boldum. Kakajanyň plastikany, hereketi, sazy, dekorasiýalary ulanyşyny diýsene. Ýogsa dünýä klassyk dramaturglarynyň içinden oňa ýaraýjak pýesa az däldir, emma ol öz güýjüne zor gelip, mümkin däl zatlardan ajaýyp eser döredäýýär. Hatda onuň mugallymy, halypasy belli moskwaly Gonçarow režissýor A.Platonowyň «Jan» powestinden adybir pýesa ýazýanyny eşidip geň galypdyr. Moskwada şol oýna tomaşa edibem: «Şägirt diýeniň şeýdip halypasyny haýran etmelidir» diýipdir.
NOBATGULY. Hany, sen aýt, sen Kakajan bilen dostlugyň üçin teatra geçdiňmi ýa berk düzgün-nyzamly «Türkmenistan kommunisti» žurnalyndan fantaziýa ýaly erkin, döredijilik üçin ähli mümkinçiligi barlygy üçin geçdiňmi!? Ýogsa saňa birden sende ýok, mende ýok, Kakajanyň ýanyna işe bardyň oturyberdiň! Ýogsa şol mahalky TKP MK-nyň ideologiýa boýunça sekretary Hudaýberdi Durdyýew seni gaty gowy görýärdi, seni partiýa çlenlige alyp, mertebeli işe çekermendi.
OSMAN ÖDE. Dogry. Kakajan – talant. Talantyň özüne meýmirediji, çekiji güýji bar. Men şol güýje hormat goýýaryn. Uly-uly işlere şaýat bolmak, gatnaşmak, dramada öz güýjümi barlap görmek isledim. Kakajan bilen tanyşlyk dostluga öwrüldi. Kakajan, birhili, adaty adam däl, ol diýseň özüne çekiji, mährem. Niýetim gowy-gowy eserler döredip, Kakajany, şol bir sanda tutuş köpçüligi «bäh» diýdirmekdi. Bolmady. Başarmadym. Ynan, Kakajany haýrana goýjak sahna eserini ýazyp bilemok. Ýazyp başlaýaryn welin, göz atuwymda Kakajan janlanýar: «Bolanok» diýýän ýaly bolup dur. Boýnuma alaýyn, teatra gelip ýalňyşypdyryn. Teatr meniň ýerim däl. Ýadyňdamy, bir gezek bir oturyşykda dişiň agyryp tutuş meýlisiň işini göreniň? Ahyry Kakajan Aşyr ikimiz seni zor bilen äkidip, dişiňi sogurtdyk. Lukmanyň pyçagyndan gorkup ýören aga diýerler saňa! Bir gün dişiňi sogurdyşymyz ýaly etmesek bolmazmyka diýýän. Ýogsa soňky ýyllar iş öndürijiligiň azalyp gidip otyr...
NOBATGULY. Pyçakdan gorkamok, çünki entek pyçaga gelip göremok. Ýöne operasiýa etdirsem, munça bolmazmyka öýdýän. Men lukmanlaryň: «Kyrka ýetseň, gözüň kütelip ugrasa hökman äýnek dakynmaly» diýenlerine ynanyp, äýnek dakyndym. Dünýä bilen arama äýnek düşdi. Murdar boldy. Hezil edip işläp ýaňy gyzyşýarsyň welin, gözüň ýadaýar. Indi-indi pikir edýärin, äýnek dakynman çyrany güýçlendiribermeli ekenim diýip. Men şu mahala güýçli lukmanlara, kurortlara bil baglap geçdim, indi nesip bolsa özüme daýanyp görjek. Elli ýaşan ýylym nesip bolsa ähli keselimden dynaryn.
OSMAN ÖDE. Onda ölüm hakdaky soraga jogap bermeseň hem bolar.
NOBATGULY. Häý, şeýtan! Gülüber! Şahyrlarda bir zat bolýar. Olar köplenç ýaş mahallary ölüm hakda köp ýazýarlar, çünki ölüm daşda, duşman daşdaka bolsa näçe batyrlyk etseň edibermeli. Men hem ýaş mahallarym ýazdym, ölüm näme, ömür näme, köp kelle döwdüm. Ikinji bir hili şahyrlar bolýar, olar gowy şahyrlaryň ölüm hakda ýazýanyny bilip, şolara goşuljak bolup, ölüm hakda goşgy yzyna goşgy ýazarlar, çünki olara ölümden gorkmaga esas ýok, çünki olar gowy şahyr däl. Üçünji birleri, näme ýazjagyny bilmän ýazýarlar.
OSMAN ÖDE. Näme diýip gowy şahyrlar ir ölýärler? Gowy şahyrlaryň ýüz ýaşap ýöreni hem az däl! Tankytçy Saýlaw Myradowyň pikiriçe Magtymguly hem ýüz on üç ýaşap ölen bolmaly. Senem «Jemşidiň jamy» tragediýaňda Magtymgulynyň ýüz on üç ýaşap ölenini ykrar edýärsiň. Beýik nemes şahyry Ehan Gýote segsen iki ýaşynda hak aşyk bolýar. Muňa müňlerçe mysal tapyp bolýar... Bir gezek oturylyşykda öz öýlerinde Atamyrat serhoş bolup: «Men beýik şahyr!» diýip, gaty kän gaýtalap öwnüpdir, şol gije-de ýüreginden tutup ölüp barýarmyş. Ol şonda: «Eý, Alla jan, men beýik şahyr däl, däl, beýik şahyr gaýraky jaýda» diýip, seniň jaýyňy görkezipdir diýen bir degişme bar...
NOBATGULY. Atamyrat öwünjeňräk, emma, barybir, gowy şahyr. Onuň goşgularynyň gowusy bilen hordasyny saýlap alanyňda-da, bir beýik şahyrlyk goşgusy bar. Bir gezek otyrys içişip. Hudaýberdi Diwangulyýew şonda öwnüp oturan Atamyrada: «Goja, (Goja – Atamyradyň lakamy) Lermontowyň ýaşyndan geçdiň, ölmediň, Lermontow däldigiňe akyl ýetirdiň, Puşkiniň ýaşyndan geçdiň, ölmediň, Puşkin däldigiňe göz ýetirdiň, nesip bolsa Abaý Jambyl Jabaýyň ýaşyndanam geçersiň, Jabaý däldigiňe-de akyl ýetirsiň» diýdi. Gep şahyrlykda, ýaşda däl. Meniň pikirimçe, her bir şahyr (şahyr diýlende hakyky şahyry göz öňünde tutmaly, SSSR Ýazyjylar soýuzynyň çlenini däl!) Alla tarapyndan belli bir borç, matlap bilen dünýä inderilýär. Magtymguly ýaly gaty ägirtler oňa girenok. Magtymguly ýaly kişiler şahyr başga halkda ýok!!! Ýok!!! Edil...
OSMAN ÖDE. Başga tema alyp gaçýar seni...
NOBATGULY. Guý, onda ýüz gram... Anha, indi boldy. Indi otuz ýediň soragam bolsa çydaryn. Osmanym, gije asmana seret, ýyldyzlar aýlanyp dur, çarhypelek aýlanyp dur. Aý, Gün, Ýer aýlanyp dur, ähli zat aýlanyp dur, arasynda şeýdip kelläni aýlaýmasaň, älem bilen şahyryň arasyndaky sazlaşyk ýiter. Gürrüňi nämede goýduk!? Hä... Hudaý müňlerçe dürli ýaz güllerini döredişi ýaly, şahyrlaram biri-birine meňzemez ýaly örän köpgyraňly edip ýaradýar, çünki olar dünýäniň ähli meseleleri hakynda ýazmaly. Aýdaly, Hudaý Petefiniň söýýän gyzyny nowjuwan mahaly alýar. Puşkine şahyr bolman durup bolmaz ýaly gözel gyzy bagyş edýär, Seýdä watan üçin göreşer ýaly batyrlygy berýär, Keminä garyplygy, Zelilä watan zaryny, Kerim Gurbannepese halkyň ünsüni ýetmiş-segsen ýyl poeziýadan daşa düşen halkyň ünsüni özüne çeker ýaly halkylygy, ýene bir şahyra aýralygy, ýene birine töklügi berýär. Emma ol işigaýdan bolsa tökdügini gizlejek, bolsa-bolmasa goşgusyny ýazjak bolýar, bolanok, soňra heleýiniň keseden ýaşyryn alan çagalaryna oglum diýip goşgy yzyna goşgy bagyş edýär. Orsça aýdanyňda ne po naznaçeniýe rabotaýet! Her şahyr naznaçeniýesi boýunça ýazanynda ajaýyp şahyr bolup bilýär. Hatda her şahyryň ýazmaly zady hem asmandan berilýär, ondan daşgary ýazýan şahyrlar bolsa «halturşik» bolýar. Atamyrat dostum, bolsa-bolmasa ýazyp otyr. Şonuň üçinem Atamyradyň käbir goşgulary gaty gowudyr, käbiri bolsa erbetdir, hatda Atamyradyň ussatlygam köp babatda oňa kömek edip bilmeýär. Anna Ahmatowa, ýa bolmasa Swetaýewa şeý diýýär: her bendiň iki setiri şahyra Hudaý tarapyn berilýär, iki setiri şahyr ussatlyk bilen şoňa kebşirlemeli. Ýazmaly zady gutaran şahyrlar ölýär, hiç bolmanda Lermontow ýaly ölümi gözläp başlaýar, ýa bolmasa Eminesku ýaly ýazmasyny bes edýär. Dörediji adamyň ömri bir ajaýyp goşgy, bagtly şahyryň ömrüne şol goşgy tamam bolan badyna ölüm nokat goýýar. Hudaý betbagt etjek bolsa, ylham bermesini kesip, «Bar, ýazyber!» diýýär. Elhenç! Dörediji adam üçin ölümiň aýny wagtynda ýetişmegi ony masgaraçylykdan halas edýär.
OSMAN ÖDE. Şahyr diýeniň gaty köp, olaryň her birine bir asmany sufler goýjak bolsaň, asman hudaýdan dolaýmazmy!
OSMAN ÖDE. Atamyrat hakyky şahyr. Onuň şu mahala çenli döreden eserleri türkmen poeziýasyna uly goşant bolup, biziň şahyrana dünýämiziň örüsini has giňeltdi. Atamyradyň poeziýa eden hyzmaty kän. Elbetde, şahyryň okyjynyň gözi bilen seredeniňde gowy goşgusy, ýagny özünde okyjy üçin nähilidir birhili täzeligi saklaýan goşgusy, şeýle hem, erbet goşgusy-da, öňkülere göräräk ýazylan goşgy-da bolup biler. Bar zat bolup biler. Ýöne gep şahyryň nähili goşgy ýazanda-da muňa çynlakaý garap, muny öz ykbaly diýip bilýänligidir. Atamyradyň stilinde meniň halaýan zadym – lükgeligiň bilen poeziýa berilmek, ömrüňi şygyr üçin harç etmek. Hawa, biziň ömrümiz pul ýaly harç edilmegine mätäç närse, ony her kime bir zada harç edip geçýär. Atamyrat poeziýa bilen ýaşaýan, onuň bile gynanyp-şatlanýan, ýalňyşýan ýa ýalňyşmaýan, oýun edýän ýa çynyny edýän şahyr. Ine, şu-da onuň naturasynda esasy zat. A haýsydyr bir oňat ýa erbet şygyr we şuňa meňzeş zatlar – bular şol esasy zadyň fonunda ikinji derejeli närselere öwrülip gidýär.
Atamyrat ömürbaky gölegde. Şonuň üçinem ol hemişe bir zadyň üstünden barýar. Uly täzelik, elbetde, işläniňde-de günde-günaşa duşup durmaýar, oňa derek, garaz, kiçijik hem bolsa, bir üýtgeşiklig-ä gabat gelýär. Atamyradyň şygyrlary şeýle täsin detallardan daşdyr. Hatda şygra salyp bolmaýan täzelikleri ol başga formalarda – degişme, anekdot, kyssa, gürrüň, beýleki görnüşlerde-de ýazyberýär. Garaz, özüň delje bir zat bolsaň, bir girisine düşeňsoň, Atamyratdan sypma ýok-da. Munuň özi Atamyrady häzir poeziýamyzda zähmet çekýän iň jepakeş şahyrlaryň hataryna goşýar.
Atamyrat obrazy ýüzüniň ugruna döredip bilýän şahyr. Onuň obrazynda real durmuşyň täsiri hemişe diýen ýaly ilkibaşky terligine hem gyzgynynda saklanýar. Meniň pikirimçe, muňa esasy ýardam edýän zat – bu şahyryň her goşgusynda diýen ýaly öň hiç ýerde duşmadyk, bütinleý täze kapyýalaryň, pikir öwrümleriniň ulanylmagy. Şahyr hatda bir gezek ulanan kapyýasyny gaýdyp özem ulanybam baranok. Meger, onuň başky täsiriň terligini bozasy gelýän däldir. Gerekmejek, hökman däl öýden ýerinde bolsa ol hatda kapyýa-da ulanjak, formallygy berjaý etmekden ötri kapyýa tapjak bolup kösenip oturanok. Uly zehin hem irginsiz zähmet Atamyrady hakyky ussatlyk derejesine ýetirdi. Indi ol çep eli bilen goşgy ýazýan diýilýänlerden. Muny, ylaýta-da, men şahyryň terjimelerini okap, oňat akyl ýetirdim. Nähili erkinlik, nähili giňişlik! «Jeňňamanyň» terjimesi meni haýran etdi! Ony okap XIX asyr türkmen şahyrynyň nähili çeperçilik hadysa bolandygy hakda oýlandym. Atamyrat şol poemany jana getiripdir, ony estetiki ähmiýetli faktorlara öwrüpdir. Meniň pikirimçe, Nesimi, Azady, Baýram han ýaly köne türkmen dilinde ýazan şahyrlary-da häzirki dilimize terjime etmegi Atamyratdan haýyş etmeli. Ýogsa häzirki durşunda olara şahyrdyr öýdýänem az, aý, dogrusy, şolary okaýanam juda az. Hatda özüm-ä spesialistleriňem olar hakda il ýüzüne gürrüň edip oňýandyklaryny birnäçe gezek gördüm.
Atamyradyň şygyrlarynyň käbir bentlerini ýatlaýaýyn:
Örän rahat ýatyr rus topragy,
Ümsümlik üstüne damjak bolup dur.
Aý yşgyňa berýozalaň ýapragy
Lowurdap-lowurdap ýanjak bolup dur...
Bir seretsem, agaçlaryň ýapragy,
Tisginen dek dur gözlerin tegeläp.
Agaçlar ýokarda bir-birne oklap,
Pökgi ýaly Aýy gökden togalap.
Alyp barýar ilerdäki derwezä,
Hemem barýar kölüň suwy garalyp.
Agaçlar bir eýýäm oýanyp, indem
Otyrlar daň şemalyna daranyp.
Nähili janly kartina! Şeýle janlylygy bermek üçin şeýle sada, ýönekeý sözler, söz düzümleri ulanylýar. Şemal, Aýyň hereketi, bularyň fonundaky agaçlaryň yranyşy şahyrana obraza geçip, edil şahyryň şo pursat kalbynda tebigy görnüşden galan üýtgeşik täsirleri elektrik geçiren ýaly okyjynyňam kalbyna geçirýär. Eýsem-de bolsa, poeziýanyň esasy borjy-da şeýle geçirişde görünmeýärmi?! Atamyradyň zehini gaty erkin zehin. Şonuň üçinem şahyr durmuşy, wakany, pursady, duýgyny, täsiri islendik äheňde islendik tarapdan suratlandyryp bilýär. Meniň pikirimçe, Gurbannazardan soň türkmen poeziýasyna köpsanly erkin formalary getiren şahyr diňe Atamyratdyr.
Atamyrat şahyrana pikirlenişe giňişlik berdi. Onuň şygyrlarynda kapyýa, setir, bent, senzura, aýdyljak bolunýan pikiri boganok-da, onuň jaýlanan tabydyna dönenok-da, erkin hem sähra ýaly giňiş pikir ol formallyklary böwsüp, pytradyp goýberýär. Onsoň bu ýerde täze pikiriň yzýany bilen özboluşly täze äheň, täze şygyr owazy gelýär. Türkmen dilinde owalky prozaiki seslerden bu ýerde şahyrana owaz alynýar. Ine, «Köne gala» şygry:
Köne gala
Ýasalypdyr palçykdan,
Ýyllar geçip,
palçyk gatap gidipdir.
Köne gala —
Guýlan ýaly gurşundan.
Ýöne
Köne gala jaýryk atypdyr.
Edil burçundan.
Ullakan ýylana meňzeşdi jaýryk.
Eger-de jaýrygy galadan aýryp,
Zeminde goýaýsaň, boljakdy ýylan.
Şu jaýrykda hökman ýylan bolmaly
diýip çakladyk.
Az salym jaýrygyň agzyn sakladyk.
Dogrudanam, şol jaýrykdan
ýylan çykdy ullakan.
Ullakan däl,
Jaýryk bilen barabar,
Megerem, ol ýylan däldir,
Megerem, ol adamdyr.
Şol söweşde gorkup, gizlenen adam,
Ýa-da şu galany ýykanlaň biri.
Iki tarapdan hem hiç kim galmandyr,
Nämüçindir ýylan galypdyr diri...
Şygryň özboluşly melodikasy owazlanyp dur. Men entek onuň filosogiýasy hakynda aýdamok... Umuman, Atamyrat entek açylmadyk syr.
5.07.1994 ý.
Nobatguly REJEBOW, Osman ÖDE

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.