Seniň haýyşyň

Sen ir gitdiň,
Dünýeden däl,
Dünýämden,
Soragsyz-idegsiz.
Gelişiň ýaly!
Maňa näme bolar?
Anyk bilýän men:
Men oňmaryn, emma ýüregmiň haly
Teň bolup, uçrasa dowasyz derde,
Asla, eger-eger geňem görjek däl.
Duýdansyz baryna çekdiň-de perde,
Gitdiň,
Gitme diýip golum serjek däl,
Şonsuzam bilýäň-ä näme diýjegmi,
Çuňlugynda ot gaýnaýan göreçlem
aýdyp durka aýdylmaýan syrlarmy,
Syr bermejek bolup guran göreşlem
peýdasyzka peýda gözläp ne peýda
taparyn, galsam-da hernäçe derde?!
Gitdiň, görünseň-de maňa birmeýdan,
Duýdansyz baryna çekdiň-de perde.

Ýazygymmy ýazgydymyň ýazgysyn
özüm ýazmadygym?
Jogabyň hany?
Kagyza ýazdymmy bir söz — ýazmasyz,
Meni galam bilen eýlediň ganym:
Her pursat alamda men ony ele,
Sen gelýäň dile.
Geljegime goýan hasratyň bile
Öňe barýan ýollarymy ýoýduň sen.
Jellat gözlim, bakyşlaryň jan alar
Gözleň bilen gözlerimi oýduň sen.

Her säherde howlugardym saňa men,
Senem maňa,
Günler şeýle süýjüdi.
Arzuwlap-arzuwlap çykýan daňa men,
Sensizlikde söýgim has-da güýjedi.
Sensizligiň yzasynyň yzlary
Tagma bolup galar,
Şeýle-de bolar!
Ýüregim,
gözlerim,
ömrüm,
durmuşym —
Sensiz ýetim ýaly galdy-la olar.

Ömrümiz amanat — bu hemmä belli,
Bizde söýgimizem boldy amanat.
Bir, dünýede barlygyň-da teselli,
Indi şeýdip etmelimi kanagat?
Indi göýä Günüň nuram peseldi,
Günlerem geçenok soragyn sürtmän.
Men gorkamok ýatlamaga geçeni,
Seni unutmakdan şeýlebir gorkýan

Birden, ýitip gitse gözden suduryň,
Soň näderin?
Soň keşbiňi görmenmi?
Oňmaly bormukam suratyň ogşap,
Gorübilmän görkden doly gözlerňi?
Suratlaryň dälmi — gijäň bir wagty
Mejburlap ellerme galam tutduran!
Gülüm, sen-ä ýeňdiň söýgi oýnunda,
Men — bijesiz!
Bijesini utduran!

Ýatlasam, ýene-de göresim geler,
Ýokmuka öňümde günleň bizligi?
Ýanyňa ýene-de barasym geler,
Baryp bilmerin:
Sen haýyş edipdiň görünmezligi...

Mukam MUHAMOW.
4 лайков 137 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şamuhammet
19 авг 2022, 13:47
Japalak! ?
yusupahmet12
19 авг 2022, 16:26
Gowy goşgy
Ependi
Автор 19 авг 2022, 18:57
@Jeksparro, Şammy şumroý))