On bäşinji söhbet: Erkek kişiniň aýratynlygy

ON BÄŞINJI SÖHBET: Erkek kişiniň aýratynlygy

OSMAN ÖDE. Hudaýa şükür, agam, janymyz sag, ýurt parahat, näme iýsek öňümizde, günümiz, allanäme, hany, alaýaz bolup bir açylsana! Meniň ýekeje borjum bar – seniň sözleriňi okyja ýetirmek, sözbaşy ornundaky söhbetimizde bolsa, adam hökmünde seniň içki dünýäňi açmak. Çeper eserleriň seniň ruhy dünýäňi açsyn, interwýumyz bolsa seni adam hökmünde açsyn. Sen bolsa açylman heläk edýärsiň. Hany aýt, elli ýaşadyň, bir gazet ýa bir žurnal seniň bilen resmi interwýu guradymy?
NOBATGULY. Ýok! Hiç wagt guramady! Özümem gaty höwes edýärdim, aýratynam, ýaş wagtlarym, soň bolsa ol duýgular öldi gitdi. Mahal-mahal şeýle bir interwýu bermek isleýärdim, entek aýdylmadyk pikirleri, pynhan syrlary okyja ýetiräýjek ýalydym. Özüň bilýäň, hiç bir belent wezipeli adamyň ileri tutýan şahyry bolmadym. Dogry, gowy ýazyjy, oňat adam, beýik dostum Hudaýberdi Diwangulyýew gazet redaktory mahaly men şeýle interwýuny ýaňzytdym, ylgap gelip, bu islegimi böküp etjek ýazyjy, žurnalist kändi, ýöne men Hudaýberdiniň goşgularymy çap edenini has ibaly gördüm. Ol: «Gyssanma, seni Ýazyjylar soýuzyna çlenlige almasalar, almasynlar, men seni aldygyna çap ederin» diýip, göwnümem göterdi, aldygyna çap hem etdi.
Bir gün tötänleýin bir waka boldy. Men irden işe gelýän, ýagdaýym gaty ýaramaz, pohmel üçin ýüz gram gerek. Biziňki ömür şeýle boldy geldi-dä… Keýpim üçin mydama ýüz gram ýetenok, aýlyga çenli hem on bäş-ýigrimi manat… Hawa, gelýän awtobusda, dyknyşyk, ýöne ýerem bar. Şol mahal Goşjan Seýitmädow hem awtobusa münen eken. Ol dik duran bolsa nätjek gapdalragymda. Goşjan pahyr örän gowy adamdy, imany hemrasy bolsun pahyryň, dogry, ýazan zadyny-ha okap göremok, özi erbet adam däl, ýazanam erbet däl bolsa gerek. Ol maňa: «Nobatguly, sen Ýazyjylar soýuzyna düýnde-öňňünde bardyňmy?» diýip sorady. Meniň köpçülikde şeýle soraga gaharym geldi. Men diňe baş yrap oňdum. Ol ýene: «Seni Soýuza aljak gürrüňleri bar, ýöne tapamzok diýişýärler» diýdi. Men: «Gerek bolsa taparlar» diýip, gepleşmek meýlimiň ýokdugyny aňdyrdym. Umuman, men köpçülikde edebiýatyň, ýazyjylygyň gürrüňini halamok. Ol gürrüňleriň öz ýeri bar. Onsoňam, Ýazyjylar soýuzy meni gözläp tapmaz ýaly däl, ýüz elli metr gapdalynda işleýän, iki-üç telefon bar.
Garasaý, işe bardym, Atamyrat hem baran eken, Kakabaý hem. Onsoň men «Ýazyjylar soýuzyna jaň edip göräýeýin» diýip, jaň etdim. Aşyr Nazarow pahyr bir sagatlyk gerekmejek saglyk-amanlykdan soň, meni ýer ýykyp tapmandygyny, näçe gün bäri gözleýändigini aýdyşdyrdy-da: «Şu gün üçe çenli dokumentiňi ýetişdir» diýdi. Agzalyga alanlarynda seniň özüňem görensiň, Ýazyjylar soýuzynyň dokumentlerini taýýarlamak üçin bir boş el bilen üç aý wagt gerek, ýogsa Annamämmet agadan dokumentiňi geçirdip biljek gümanyň ýok.
Annamämmet Jumageldiýew gaty sowatly, sözüň doly manysyndaky azaphon çinownik. Ol dolduran dokumentiňi ilki bir okap çykar, soň äýnegini dakynyp, soň lupaly… Sweta Stepanowa – olam pahyr boldy, iş edinip orsça ýazmalysyny ýazdy, men tükmençesini… garaz, ýetişdirdik… Goşjan aga pahyr aýtmadyk bolanda, men «gözledik, tapmadyk» bahanasy bilen galdyrylmaly, meniň ýerime bolsa başga biri «dokumenti el ýüzde bolup» geçmeli eken, men bu wakany näme üçin ýatladymkam?.. Huşam galmandyr… ýok, inim…
OSMAN ÖDE. «Kelläm ýok» diýeniňden «huşum ýok» diýen ýagşy-da… (gülýär). Kesegürrüň. Bir gezek Kakajan Rejep diýen şahyr Nobatgulynyň ýanyna gelipdir-de:
– Nobatguly, agşam gaty köp içipdirin. Kelläm ýarylyp gelýär. Gaýrat et-de, meni adam etsene – diýipdir.
Nobatguly oňa:
– Seni adam edib-ä biljak däl, ýöne ýüz gram bilen özüňe gelýän bolsaň, ine, pul – diýip, bäşlik uzadypdyr.
NOBATGULY. Gülme, Osman jan, yzdan gelýänsiň, huşsuzlygyň nämedigini entek görersiň... Hawa, şeýdip meni bir günüň içinde ýazyjy etdiler oturyberdiler. Men Hudaýberdä jaň etdim. Ýazyjylyga geçenimi buşladym. Soňam:
– Hudaýberdi, men saňa indi bir hakykaty aýtmaly, hökman aýtmaly – diýip dymdym.
Hudaýberdi:
– Sen maňa bir hakykaty aýdarsyň öýdüp garaşýardym, emma edil Ýazyjylar soýuzyna geçen günüň aýdarsyň-a diýip garaşmaýardym – diýip, jakgyldap gülýär. Men oňa «Meni Ýazyjylar soýuzyna çlen edip ýaman etdiler, indi men öňküm ýaly ýazyp bilmen, öň hemişe: «Hany, meni siz agzalyga almanam bir görüň» diýip, hyruç bilen ýazýardym, redaksiýalara gatnaýardym... Ana, şol hyruçdan welin, aýryldym» diýdim.
OSMAN ÖDE. Nobatguly, men-ä saňa içiňi aç diýýän, senem on bäşinji derejeli zatlary gürrüň berip, ýene söhbedi başga ýaňa alyp gaçýarsyň. Okyjylar seniň nähili adamdygyňy bir bilsinler ahyry...
NOBATGULY. Osman jan, iç diýeniň bir adamyň ýanynda ýa-da iki adamyň, özem jan ýaly dostuň ýanynda, ýa içgiň başynda açylýar.
OSMAN ÖDE. Näme ikimiz dost dälmi, ýa içgä göwnüň ýetenokmy?
NOBATGULY. Wah, içgide-de kem ýok, dostda-da, ýöne seniň aňryňda okyjy dur, tutuş millet dur. Onsoň içiňi açmak gaty kyn-how... Dogrusyny aýtsam-a, mende iç diýer ýaly iç hem ýok. Tüpeňiň nili ýaly, agzymy açsam o çetim görnüp dur, «kalby dilinde, ýüregi ýüzünde» diýlen ýalylardan men. Dilim bilen duşman gazanyp ýörün. Eger, men Orsýetde dünýä inen bolsadym, baryp ýatan epigrammaçy bolardym. Orsýetiň ýazyjylary biri-birini görmän ölüp gidýärler. Bizde bolsa sanalgy ýazyjy bar, ýüzde-göz bolup durduň. Şonda-da ýüz görmejek bolýan. Emma hakykaty hemişe aýdyp bolanok, üstesine-de, häzir. Häzir körzehinler tutuş edebiýaty eýeledi. Gazetlerde-de, žurnallarda-da, radio-telewideniýede-de, neşirýatlaryň käbirinde-de edebiýatyň golaýyna eltilmeli däl ýazyjysumaklar gulakagzy saklap ýatyr. Sakany saklap ýatyr. Özlerem şeýle bir wepaly, körzehin şol ýerlere baran dessine eserini geçirýär, zehinli bardygy atasy ölýär. Ýa goşgulary ýitirilýär, ýa «başlyga ýaramady» diýip gaýtarylýar. Başlygam körzehin, ýa körzeginiň öňüni dolan. Haýsy biri bilen söweş edip eser geçirjek. Biziň hem, siziň deň-duşlaryňyza orta çykmak örän kyn düşdi. Zehinlä ýazmak bir kyn, çykartmak müň esse kyn! Bizi garradan zat eserimizi çykartmak. Mende bir endik bar, sen bilýäň. Men redaksiýa goşgy eltsem-de: «Oňarsaňyz, kesmejek boluň, kesseňizem, maňa aýtman kesiň, çykansoň bilip galaýyn, emma özüňizden ýekeje setir hem ýekeje söz hem goşujy bolaýmaň» diýýärin. Meniň goşgularym kesileni bilen goşgulygyny doly ýitirmez, emma söz goşulsa, şol söz hürri ýaly meniň goşgyma girip bilmän, ýüregimde gyýçak bolup ýatýar.
OSMAN ÖDE. Redaksiýada özüni Hudaý hasap edip oturan adama şeý diýseň, onsoň goşgyňy çykararmy?
NOBATGULY. Çykarman geçsinler. Bir gezek bir Plenum boldy. Ýaşlara bagyşlanan Plenum. Ýaşlara köp söz berildi. Muňa «ýaşlara rol berilýändir» diýip düşünen yňdarma dostum Amanmyrat Bugaýew çykyp dikdi Kakaly Berdiýewiň üstünden. Agzalan kişem ömür tankyda çydajak kişi däl. Amanmyradam: «Ýaşlaryň goşgularyny kesim-kesim edip berýärler. Ynha, Nobatguly Rejebow hem goşgularynyň kesilip çykýanyndan dat edýär» diýip, menden mysal getirdi. Şondan soň şol hökmürowan redaktor on üç ýyllap meniň goşgymy çykarmady. «Men otursam şonuň goşgusy çykmaz» diýipdir. Menem eşidip: «Edebiýat we sungat» gazeti meniň üçin ýok eken-dä, şonsuzam şahyr bolşumy bir gör» diýip ýazyberdim...
OSMAN ÖDE. Aşgabada ýaňy gelen wagtlaryň Atamyratdan goşgy çykarmany öwrenişiňi aýdyp bersene?!
NOBATGULY. Bir ýola öýde arak içip otyrys. Atamyrat redaksiýalar bilen nähili gepleşmelidigi hakda sapak berýär. Ertesi men Gowşut Şamyýewe jaň etdim. Alty aý goşgymy saklap ýördi. Ol şol mahal «Sowet Türkmenistany» gazetinde işleýärdi. Men onuň bilen Atamyradyň öwredişi ýaly berk gepleşdim. Ol goşgymyň bir ýerini işlemelidigini aýtdy, men oňa şahyr däldigini aýdyp, üç-dört ýyl gepleşmän gezdim. Ýöne Gowşut yzýany zähmet rugsadyna çykdy, menem şol gowşak diýilýän goşgyny alyp, Döwlet Esenowyň ýanyna bardym. Döwlet Esenow – baýry žurnalist. Goşgymy öwüp-öwüp arşa çykaryp, erteki nomerinde gazetde ýalpyldadyp çykardy. Dogrusyny dogry aýtmaly, goşgusy ugrunda, şahyrlyk ugrunda Atamyrat ýaly göreşip bilýän şahyr ýok. Onda mertligem, hile-de, elaçyklygam bar goşga gezek gelende... Osman, siz prozaçylar bagtly, bir ýylda bir powest ýazýarsyňyz, bir ýa iki redaksiýa barsaňyz işiňiz bitýär. Şahyryňky bolsa kyn, gaty kyn, iňňe satan ýaly, jübi ogrusynyňky ýaly, maýda spekulýantyňky ýaly kyn...
OSMAN ÖDE. Sende görüplik bardyr öýdemok, ýa barmy, aga?
NOBATGULY. Osman, adam haýwan bolup dünýä inýär. Ýedi-sekiz ýyl haýwanlaryň içinde ulalan çaga, soňra dil hem öwredip bolanok. Adam bir bölek palçyk, özünden islän adamyňy ýasabermeli. Gözüň gitmek duýgusy bar, görüplik duýgusy bar. Mysal üçin, Guldurdy Sähetdurdyýewiň bir goşgusyny okap görýän-de: «Men näme diýip şeýle inçe lirikany ýazyp bilemok» diýip oýlanýan, şeýdip ýazmagyň ugruny agtarýan...
Ýetmiş sekizinji ýylda Atamyrada maşyn berdiler, men oňa göriplik etmedim, gaýta: «pul toplabereýin, maňa-da bererler» diýip, gije-gündiz terjime etdim, iki aý geçip-geçmän maňa-da berdiler. Atamyrada komsomol baýragyny berdiler, göriplik etmedim, gaýta komsomol bir ýerik «Komandirowka git!» diýse, ugrunda ylgadym... Meniň pikirimçe, edebiýata talantsyz gelenler köplenç görip bolaýmaly, çünki olar gowy-ha ýazyp bilenoklar, onsoň ýazýanlary inkär edip, zyýan edip başlamaly boljagy düşnükli. Gözüň gitmek duýgusy herekete getiriji progressiw duýgy, göriplik özüňe özüňi iýdirýän resressiw duýgy...
OSMAN ÖDE. Ýöntem bolýaň, ýaşuly. Olaram bir, heý, özüni özi iýermi, olar saňa, maňa öz-özüňi iýdirýär...
NOBATGULY. Doýman, üstesine özlerinem iýýändirler.
OSMAN ÖDE. Käte meşhur şahyryň bir agyz sözi ençe şahyrlary uly dert-azara goýýar. Populýar şahyr gepiň gerdişine görä bir sözi aýdyp goýberýär. Onuň her bir sözüni yzarlap, şoňa meňzejek bolup ýören şahyrlar bolsa, onsoň şol sözi durmuşa geçirjek bolup gara günde. Meşhur şahyryň bolsa ol aýdan sözi ýadyňda-da ýok. Gurbannazar Ezizowyň birje oýnam sözüni mysal getireýin: «Diňe goşgynyň kyn ýazylýandygyny boýun alanyňdan soň, hakyky şahyrlyk başlanýar». Gaty jedelli pikir. Men-ä ylalaşamok bu pikir bilen. Diňe goşgynyň kyn ýazylýandygyny boýun alanyňdan soň, hakyky şahyrlyk başlanjak bolsa, onda dünýä şahyrdan dolaýmaly. Türkmen şahyrlaram Gurbannazaryň bu pikirine güp ynanyp, goşgy ýazmagyň kyndygy barada baý goşgy ýazdylar-a. Şeýdibem hakyky şahyr boljak boldular. Gurbannazaryň şol sözünden soň (1971 ý.) goşgynyň kyn ýazylýandygyny boýun alyp ýazylan goşgulary bir ýere jemleseň, iki tom-a boljak. Şol aýdan sözüniň şeýle öwrüm aljagyny bilen bolsa, Gurbannazar, belki, şol sözüni ýazmasa-da ýazmazdy. Ýazmazdy. Gurbannazaryň şol pikirini baýdak edinenler seniň deňi-duşlaryň, Nobatguly. Şonuň üçin men anyk mysal getirip durmaýyn. Mysal getirmeli bolsam, men uzak ýere gitmeli däl, hut senden başlabermeli.
Meniň esasy diýjek bolýan zadym bir söz diýjek bolaňda ýedi ölçäp däl, müň ölçäp, bir kesmeli. Gurbannazarda bolsa soňy barada oýlanylman aýdylyp goýberilen pikir az däl.
NOBATGULY. Ýene bir mysal getir.
OSMAN ÖDE. «Biz näm bolsak şol bolaly, bolsa bolýar eziz Watan». Ýalan şygar. Sowet ideologiýasynyň bolsa halajak şygary. O näme üçin biz näm bolsak şol bolmalymyşyk? Eger biz bolmajak bolsak, Watan nämä gerek? Ýene bir mysal: Staliniň ölüme höküm eden ýazyjysy Ýewgeniý Zamýatiniň «Tetrad primeçaniý i mysleý Onufriýa Zuýewa» atly bellikler topmugy bar. Onda ýazyjy käbir belli-belli ýazyjylaryň eserlerindäki sözüň, faktyň düýp manysyna düşünmän, fakty anyklaman ýazyşlary ýaly, şonuň netijesinde-de gülkünç, gelşiksiz sözlemiň bolýandygyny gysgaça beýan edýär. Ine, şol bellikleriň ýekejesini mysal getireýin.

NEÇTO O RAZMNOŽENII ÇELOWEKA

A imenno, w knige I.P.Popowa «Minuwşiýe i perežitoýe» o nekotorom ýego sowremennike goworitsýa: «otsa u nego ne bylo, a mat, kažetsýa, služila w prislugah». Takoý sposob razmnoženiýa s pomoşýu odnogo ženskogo pola do sih por izwesten byl liş w Swýaşennom pisanii. Polagaýu, çto kniga wesma polezna dlýa borby s religiýeý: (Ý. Zamýatin, Sobrannyýe proizwedeniýa. M. «Sowetskaýa Rossiýa». str. 483.). Ý.Zamýatin gepi kesä çekýär, I.Popowyň diýjek bolýan zady düşnükli, ýöne kesä çeker ýaly sözlemden gaçarak durmaly. Her bir sözüň gunt düşen dek bolsun. Türkmende-de Ý.Zamýatin ýaly, sözlemiňe üns berjek, bir forma tapyp ýaňsa aljak tapylmaz diýip bolmaz. Sebäbi türkmen edebiýatynda eliňi uran ýeriňden muňa isledigiňçe mysal tapsa boljak. Munça gepiň başyny agyrdanyma görä, men ýene bir zady ýatlaýyn.
«Rus klassygy N.W.Gogol «Sungatda aldamak bolmaýar» diýipdir. Ýöne biz käte aldamakçy bolýarys. Sungat bilen oýun etmekligi ret edipdirler. Emma biz ony oýnamak isleýäris. Klassyklar Nesimi, Magtymguly, B.Kerbabaýew söz sungaty bilen oýun etmändirler. Siz B.Hudaýnazarowyň, A.Agabaýewiň, B.Jütdiýewiň, A.Atabaýewiň goşgularyna üns berip görüň! Oýun edilýän ýerini aňsat tapmarsyňyz». Men bu sitatany T.Nepesowyň «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1998-nji ýylyň 22-nji iýunynda çykan «Zamanamyza çyn eserler gerek» atly makalasyndan aldym. Men «oýun edilýän ýerini aňsat tapmarsyňyz» diýen sözüň yrgadygyny nygtajak bolýaryn. Sebäbi awtor sitata alan ýerimizde iki gezek häzirki döwürde söz sungaty bilen oýun edilýändigini – «ýöne biz käte aldamakçy bolýarys», «emma biz ony oýnamak isleýäris» diýip nygtaýar. Eýsem awtoryň biz diýýäni kim? Awtor özüni – T.Nepesowy göz öňüne tutmaýandygy-ha hak. Onda kimi göz öňünde tutdyka? Ýa indi biz T.Nepesowyň kimi göz öňünde tutýandygyny biljek bolup pal atyp oturmalymykak?! Tejen Nepesow: «Siz B.Hudaýnazarowyň, A.Agabaýewiň, B.Jütdiýewiň, A.Atabaýewiň goşgularyna üns berip görüň! Oýun edilýän ýerini aňsat tapmarsyňyz» diýýär. Biz bolsa: «Aňsat tapmarsyňyz» diýen söze: «Eliňi uran ýeriňden tapmarsyňyz» diýen manyda düşünýäris. Diýmek, ýaňky awtorlaryň eserlerinden «aňsat», eliňi uran ýeriňden oýun edilýän ýerini tapyp bolmaýan bolsa, birneme arrygymyzy gynap, köpräk sahypa agdaryp, gözlän halatymyzda olardan «oýun edilýän» ýerini tapjak ekenimiz. Diýmek, onda awtoryň nusga hökmünde görkezýän adamlaram, garaz oýun edýän ekenler-dä, ony (sungaty) oýnamak isleýän ekenler-dä. Diýmek: «Zamanamyza çyn eserler gerek» diýen howalaly sözbaşy bilen makala ýazýan T.Nepesowyň özem azda-kände oýunam edýän eken, oýnamagam isleýän eken. Ýa men ýalňyşýanmy?
NOBATGULY. Logika-ha üýtgewsiz seniň aýdanlaryňa getirýär.
OSMAN ÖDE. Megerem, Jelaletdin Rumynyň şeýle bir sözi bar: «Ýa bolşuň ýaly görün, ýa-da görnüşiň ýaly bol!» Şu maslahatdan gyşarmak ýa ikidillilige, ýa-da ikiýüzlülige eltýär. Muny köpçülige bir zat aýtmak üçin orta çykan her bir adam bilmelidir.
Aga jan, ertirden bäri saňa yzly-yzyna sowallar bermek bilen, «bir içki dünýäňi açsana» diýmek bilen, seni hem Möwlananyň şu sözüne çagyrýardym. (Gülüşýäris).
Meniň hem başymdan iýndi. Ýöne akyl edip oturýan welin, bu problema meniň akylymyň goýalyşan döwrüniň hem gögele döwrüniň gylyk-häsiýetlrinden ybarat. Sende nähili!? Edebiýatyň üsti bilen tutuş dünýä terbiýe berjek bolup ýören halyma men-ä hut öz oglumam terbiýeläp bilmändirin. Ýa terbiýe meselesine ters düşünip elli ýaşdaky durgunlygy ýigrimi ýaşly ýigdekçelere geçirjek bolup ýene ýalňyşyp ýören bolmaýyn?!

* * *
OSMAN ÖDE. Ýazyjy öz döwrüniň gahrymanyny ýüze çykarmaga çalyşýar. Elbetde, özboluşly obraz döredip, ölmez-ýitmez gahrymana jan girizmek aňsat-aňsat iş däl. Herhal, biziň ýazyjylarymyzyň käbirine öz döwrüniň adamlarynyň ruhy keşbini özünde jemleýän obrazlary döretmek başardypdyr.
Edebiýatymyzyň täze formaly, prozaly bolansoň – otuzynjy ýyllardan bäri ençeme edebi gahrymanlar garysyna galdylar. Olar kimler.
Bagtly ýigit Annaguly sölpi goşun gullugyna gidip, gowy adam boldy. Ellinji-altmyşynjy ýyllarda halk Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýanyň deňsiz-taýsyz, özem hiç wagt gaýtalanmajak Ýeňşine guwandy. Halk öz Artygyna, Berdisine, Aýnasyna, Saparmyradyna, Jemşidine, Aýnasyna, Uzugyna guwandy, olar agyr külpetleri başdan geçirdiler, kyn sütemlere, synaglara rüstem geldiler, halkyň azatlygy üçin hiç bir kynçylyga-da ýan bermediler. Olaryň bitiren işleri, päk söýgi ugrundaky göreşleri, halkyň, okyjylaryň ýüreklerini galkyndyrdy, eserler elden-ele geçip okaldy.
Altmyşynjy ýyllaryň ahyrynda, ýetmişinji ýyllaryň başlarynda halk öz sowadyny artdyrmaga has köp üns berdi. N.Jumaýewiň Kyýasy orta çykdy. Ol kalby arassa, okuwa hyjuwly ýigit. Şeýle gahrymanlar halkyň isleg-telwaslaryny özünde jemledi.
Uruş ýyllary doglanlar ýetmişinji ýyllarda ýigit çykdylar, mekdebi, ýokary okuw jaýlaryny tamamladylar.
Ýetmişinji ýyllarda ýetim gahrymanlar köpeldi. Eger şeýle atlandyrmak mümkin bolsa, onda men ýetmişinji ýyllaryň türkmen edebiýatyny «Ýetim gahrymanlar ýyllary» diýip atlandyrardym.

* * *
NOBATGULY. Durmuşda şeýle bir gowy adamlar bilen ykbal duşurýar weli, tutuş durmuşyň, ömrüňiň, dünýäniň gymmaty artýar, manysy goýalýar, okgunyň artýar. Uniwersiteti tamamlamanka redaksiýa işe çagyrylmak, Aşgabatda galmaga zamun edinmek her ýüz studentiň birine başardýar. Sen okap ýörkäň «Türkmenistan kommunisti» žurnalyndan iş teklip edýärler. Emma ol žurnal fantaziýasy giň, duýgulary möwç urup duran talantly ýigidiň işlemeli ýeri däl. Resmi, berk düzgün-nyzamly žurnal. Emma sen žurnalda işlemäge däl-de, şol žurnalda Ahmet Bekmyradyň ýanyna baran bolsaň gerek. Ahmet neresse edebi ensiklopediýa, ýanyp duran talantdy. Ýaş talanta onuň bilen işleşmek, ondan sapak almak uly ýazyjy bolmak üçin hökmanylygyny bileniňden soň sen şol redaksiýa işe baran bolsaň gerek!?

* * *
NOBATGULY. Çeper kyssanyň, ylmy-populýar kyssanyň, ylmyň öz dili bolýar. Emma meniň pikirimçe, Ahmet Bekmyrat ylmy dili şeýle halkylaşdyrmagy başardy. Men onuň ähli kitaplaryny dört-bäş öwra okap çykandyryn, taryhy bir zat ýazsaň, Ahmede ýüzlenmän bolmaýar.

4.06.1995 ý.

Nobatguly REJEBOW, Osman ÖDE
0 лайков 287 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.