Ondan-mundan alynan goşgy bentleri

ONDAN-MUNDAN ALYNAN GOŞGY BENTLERI

Uludyryn öýtme etseler taryp!
Kiçidirin öýtme peseltse görüp!
Ne uly, ne kiçi, ne baý, ne garyp,
Tüýs baryp ýatany –
Şu bolşuň besdir.

* * *

Ol ýigide seni çatmandy hiç kim,
Şepbik dek ýelmeşdiň. Tirkeşdiň üç gün.
Dördünji gün derrew sypadyň saçyn,
Bäşinji gün. Eýýäm aldanşyň besdir.
Peseltdiň mukaddes mertebäňi sen,
Aýlap ýere çaldyň gyz jygaňy sen.
Indem başa düşen pajygaňy sen
Içiňe sygdyrman,
Aglaşyň besdir.

* * *

Ýaňyrak bir ýerde gördüm bir toýy.
Arzuwlar aýdyldy goýudan-goýy.
Söz berildi çynar boýly ýigide –
Gepinden utanyp aglap dur boýy.

* * *

Bu bir durmuş. Munda kän zat bolup dur.
Ýandak gülläp otyr, bägül solup dur.
Saňa akyl berýär iň adam,
Iň akylly adam akyl alyp dur.

* * *

Göräýmäne çözülmejek düwün ýok,
Ömür gysga, düýn göreniň bu gün ýok,
Her ädimde boýum ýaly boý tapdym,
Emma welin göwnüm ýaly göwün ýok.

* * *

Sen ýylda gaýdýarsyň dogduk diýara,
Onun sada görmeginden doýaňok.
Çagalygňa duş geläýmek hyýalyň,
Emma ondan daşlaşýanňy duýaňok.

* * *

Köýüp agyr günden, irip teşwüşden,
Mydam ajap döwri arzuw etmiş sen,
Bagtly geljegmize garaşyp ýörüs,
Emma hergiz bagty tapýas geçmişden.

* * *

Bile girip, bile çyksaň öýden sen,
Ömürbaky bagtly borun öýdensiň,
Ertekiler tamamlanýa toý bile,
Durmuş welin başlanýandyr toýdan soň.

* * *

Sapak edinmeseň dersin geçmişiň,
Gaýtalanýar, ýalňyşlaryň, etmişiň,
Bişirmeseň şol bir ýeri depersiň,
Aý-ýyllar, asyrlar şonsuz hiçmişin.

* * *

Her kim iki günde ýetse bir nana,
Döwük gapdan suw tapdyrsa ynsana,
Neçün hyzmat eder özi dek kişä,
Ýa niçün gul bolar her bir nadana.

* * *

Meni getirmekden baý bolmaz pany,
Ýada äkitmekden artmaz oň şany,
Eşitmedi hiç kimden iki gulagym,
Getirmek, äkitmek niçün ynsany.

* * *

Geçer ömür, öter bu dem.
Ne ýörersen, gedem-gedem.
Pili raýa salan adam,
Seni gurçuk iýesidir.

* * *

... Aslynda-da aşygy men tupanyň,
Gaýda-harasatda ýüregiň gopýar.
Gorkunç töwekgellik küýseýän kalbyň
Özüniň gödeňsi ruhdaşyn tapýar.

* * *

Dünýäň piňine däl:
kim sen
näme sen?
Munda her kes özün eýleýär pida.
Akyldaryň akly ýetmedik dünýä
Akylsyzlar üçin düşnükli juda.

* * *

Gutarýan alada sataşmadym hiç,
Birem gutarmaýan pula duşmadym.
Täze dörän gul bazarna aýlanyp,
Azatlyk isleýän, gula duşmadym.

* * *

Kimiň ýüki namys, wah, ýöne gedaý.
Kim wyždana gedaý, ýöne deýýus baý.
Berjek bolsaň garybada ber bir zat,
Baý doýar, dirä garaşma Hudaý.
10 лайков 389 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ýüreksözi
24 авг 2022, 17:56
Edil hemmesina bilemok bilemok kopusi Kerim agam setirleri spasibo paylasanyna entek okamadyklarmam bar eken?
Soho
24 авг 2022, 17:59
Shiralyn setirleri hem bar...
My life
24 авг 2022, 20:50
Ondan mundan alynanam bolsa elyetmez goshgular.
Margarita
25 авг 2022, 07:41
Gowy bentler saýlapsyňyz.
Maksat
25 авг 2022, 09:53
Täze dörän gul bazarna aýlanyp
Azatlyk isleýän, gula duşmadym.

Dogry aýdypdyr haýsy şahyram bolsa.
Soho
25 авг 2022, 12:45
@Bayker, Shiralynky
Hiayress
Автор 25 авг 2022, 14:04
Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizow, Guldurdy Sähetdurdyýew, Omar Haýýam, Magtymguly Pyragy, Nobatguly Rejebow, Şiraly Nurmyradow