Depelenen namysymyň ary 1-nji bölüm

1-nji bölüm.
Ýaz aýlary, Aýgül hemişeki ýaly işe barýardy. Aýgül hemişe işe barşyna seýilbagda oturan maýyp adamdan hal-ahwal soraşyp, kä wagt bolsa oňa okar ýaly kitapdyr, gazetlar getirip berýärdi.

Bir gün Aýgül ýanyna oguljygyny hem alyp, jorasy Çynar bilen seýil baga aýlanmaga çykdylar. Aýgül ýene şol adama gabat gelip, hal- ahwal soraşyp geçip gitdi. Jorasy Çynar:
--Aýgül, sen näme bu adamy tanaýaňmy?
--Hawa tanaýan, onda-da juda gowy tanaýan.
Ýüzüne ýere salyp, keýpi gaçan Aýgüli gören Çynar:
--Agy-y-y, Aýgül, näme boldy? Näme beýle ýüzüňi ýere salyberdiň-le gy-y?
Aýgül bolsa seýilbagyň çetindäki bir oturgujyň üstünde, ogluny bagryna basyp
bir nokada seredip oturdy. Çynar Aýgüliň bu ýagdaýna geň galdy. Ol jorasyny
hiç beýle ýagdaýda görmändi. Biraz wagtdan soň Çynar:
--Agyz Aýgül name bolýa saňa? Özüňe gel! Ýüzüň arwah gören adamyň ýüzi ýaly
ap-ak bolaýdy-la?!

Adamyň sabryny synama-da aýdaý içiňdäkini- diýip
Aýgüliň egnine kakyp goýbedi. Tisginip giden Aýgül:
--Çynar, ýeri men saňa name aýdaýyn hä? Näme aýtmagyma garaşýaň? Özümiň
ajy geçmişimden başga näme aýdaýyn? Bu syry özüm bilen baky dünýä alyp
giderin öýdüpdim, emma indi kimdir birine aýtmasam bu ýük maňa agyr bolýa.
Sen meniň iň gowy joram, sen meniň syrymy öz syryň ýaly saklajagyňa
ynanýan.
--Wah, jorajan maňa aýdaňda ýeňleýan bolsan arkaýyn çekinman aýdyber. Biz
hemişe bir-birimiziň syrymyzdan habardardyk ahyry!
Aýgül ýene uludan dem aldyda gürrüňe başlady.

Mundan bäş ýyl öň, okuwymy dynyp ýaňy işe başlan wagtlarymdy. Arzuwlaryň
arasynda ýaşap ýören gyzdym. Durmuşym hyýallara doly, işdeş ýoldaşlarym
bilen hem çalt öwrenişip, aralaryna goşulyp gitdim. Kä wagt işden soň gyzlar
bilen şu seýilbaga aýlanmaga gelerdik. Her günümiz şowhunly geçerdi. Ine
şeýle şatlykly günleriň birinde meniň durmuşyma Merdan girip geldi. Ol bilen şu
seýil bagda duşupdyk. Men ilki oňa kän üns bermedim. Ol hemişe meniň işden
çykar wagtymda işiň gapysynyň agzynda maňa garaşyp durardy. Men bolsa üns
bermän awtobusa munerdimde öýe giderdim. Ol ulagly awtobusyň gapdalyndan
giderdi. “Maňa beýle üns bermegine näme sebäp bolduka” diýip pikir ederdim.
Beýle ýagdaý bir aý ýaly dowam etdi.

Bir gün hem elleri gül desseli işdeş joram
Gülälek geldi-de:
--A gy-y-y sen-ä ýaman ýeserje ekeniň, hakyt “Ýere bakandan, ýer gorkar”
diýleni-dä, sesiňi çykarman iş bitirýäň, tüweleme.
--Goý-eý, näme diýip dursuň?
--Meň klasdaşym Merdany däli edäýipsiň-le, ine şu gül bilen şu hat saňa .
--Gülälek, düşünmedim? Bu näme? Kim ol Merdan?
--Bilmedik bolmasana gyz, bir aý bäri gapyda garaşdyryp goýýan oglanyňy
tanaňokmy? Ol meň klasdaşym Merdan. Şol gün seni seýilbagda görüp
halapdyr. Bir aý bari seni synlap ýör.

Ahyr soňy bu gün saňa ýüregini açmak
üçin menden şulary ugratdy. Şol gün seýilbagda aýlanyp ýörkäk gelip men bilen
salamlaşyp gidipdi, ýadyňdamy? Ana, şondan soň menden diňe sen hakda
soraýa —diýip Gülälek ýylgyrdy-da çykyp gitdi. Men haty açyp okap başladym:
“Salam Aýgül. Men saňa öz niýetimi nahili duýdurmak barada köp oýlandym.
Elbetde, meniň beýle hat ýazmagyma geň galýansyň. “Aragatnaşygyň ösen
zamanynda, el telefon, sms, internet ýaly aragatnaşyk ulagamlary bar wagtynda
el bilen hat ýazmasy nämeka? ” diýýänsiň. Emma nähili aragatnaşyk ösenem
bolsa duýgulary has gowy beýan edip biljek zat ynsanyň öz eli bn ýazan
hatymyka diyyän.

Aýgül men seni juda haladym. Sen ýaly gyz maňa öz ykbalyndan orun
berip bilse meniň armanym bolmazdy. Bilýän, tötänden beýle hat ýazmagym
seni geň galdyrandyr. Ýöne menem duýgularymy bir ýol bilen beýan etmeli
ahyry. Men seni çynym bilen haladym Aýgül. Şu gülleri hem çyn ýüregimden
saňa ugratdym, kabul et! Şu gün işden çykan wagtyn garaşýan. Sen bilen
ýüzme-ýüz gürleşjek. Meň niýetim çyn, ynanaý!”
Bu haty okamdan soň ýüregim çalt urup başlady. Men Merdany tanamokdym.

Şonuň üçin hem ol bilen duşuşmaga barmadym. Ol ýene öňküler ýaly meni
yzarlamagyny dowam etdi. Aradan 10-15 gün geçdi. Ol henizem meni
yzarlap, işdeşim Gülälekden habarlar ugradýardy. Men bolsa aklym
haýran, sebäbi men öň beýle ýagdaýa düşmändim. Bu duýgular maňa
düýbünden nätanyşdy. Ahyr bir gün Gülälek:
--Agyz, Oglany beýdip gynap ýörmede duşuşmaga razy bolaý. Bolýa
gürleşmeseňem aýtjak zatlaryny bir diňle. Halamasaň ýok diýäýersiň- diýdi.
Şondan soň men Merdan bilen görüşmäge razy boldum. Görüşdik. Ol juda
degişgen, alçak oglan eken. Ol maňa özi barada, maşgalasy barada aýdyp berdi.

Seredip otursam erbet oglana meňznok. Gepi-sözi ýerinde-di. Bir-iki sapar
duşuşanymyzdan soň men oňa razylyk berdim. Ol bilen bagtlydym. Eýýäm ol
bilen bagly arzuwlarym bardy.
Şeýle bagtly günleriň birinde maňa Merdan:
--Aýgülüm, meniň saňa aýtmaly zadym bar. Ýöne şu aýtjak zadymy eşideniňden
soň menden gitmejegiňe söz ber- diýdi. Men haýran galdym. Onuň ýüzüne
soragly seretdimde:
--Merdan, näme beýle syrly gürleýäň? Näme aladaň bar? Arkaýyn ayt. Sen nähili
ýagdaýda bolsaňam men saňa düşünerin- diýdim
--Men saňa bu zatlary nadip aýtjagymy bilemok Aýgülüm. Ýöne aýtmasamam
bolmaýa. Seni aldap gezip biljek dal –diýdi-de aşak bakdy.
--Aýt Merdan, saňa dogry düşünerin!

--Aýgül, men bir sapar öýlenip soň gelnim bilen aýrylyşdym
Meniň depämden gyzgyn suw guýlan ýaly bolup doňup galdym. Ol bilen bagly
arzuwlarym uçup gitdi. Men hiç zat diýman ýerimden turup gaýtdym. Ol
yzymdan seredip galdy. Onuň bilen bir näçe gün habarlaşmadym. Işdeşim
Gülälekden hem gaty görüpdim. Beyle zady menden gizlänine gaharlanypdym.
Emma ol hem iliň syryny aydyp bilmezdi ahyry.
Işden çykyp barýarkam Merdan ýene meniň öňümden çykdy. Men oňa üns berman ýöräp başladym. Emma ol meniň ýolumy beklap durdy-da,

--Aýgül, diňläýda, Meni ejem kakam mejbur edip öýlendirdi. Meniň günam ýok.
Men öwrenişip giderin diýip öýlendim. Emma ony söýmämsoň ýaşaşyp
bilmedim. Men seni söýdüm. Meniň hem söýýän gyzym bilen bagtly bolmaga
hakym bardyr-a. Öýlenip aýrylyşmak aýyp zat däl-ä.
--Men oýlanyp göreýin Merdan, maňa wagt ber—diýdim-de ýolumy dowam etdim.

Ol şol gün öýe gelemsoň jaň etdi. Men oňa razy bolup bilmejegimi, men razy
bolamda-da öýmüzdäkileriň bu nika rugsat bermejegini aýtdym. Ol maňa:
--Bolýa Aýgül, saňa-da düşünýän. Ýöne senden soňky haýyşym, ertir men bilen
görüşmäge gel. Saňa iň soňky sözlerimi aytjak. Şolary diňlesen bolya.
Onsan saňa azar bermerin, ýoluň açyk—diýdi. Men razy boldum. Ertesi gün
işden soň Merdan bilen duşuşdym. Ol Ulaga münmegimi sorady. Ol münen
badyma ulagy gaty sürüp başlady.

--Nira barýas Merdan?- diýip soradym.
--Şu ýakynda dosdumyň öýünden almaly zadym bar, şony alyp gaýdaýaly. Onsan
arkaýyn gürleşýäs- diýdi-de ulagyn tizligini has-da artdyrdy. Ol ulagyny bir jaýyň öňünde saklady-da:
--Aýgül, almaly zadym köpräkdi, kömek edäý-dä! – diýip haýyş etdi. Merdanyň
yzyna düşüp öýe girdim. Hiç kim ýokdy. Şol wagt Merdan bulgura suw
guýdy-da:

--Aýgül al, suw içip şujagaz ýerde oturup garaşaý, men zatlary alyşdyraýyn
-- diýip, başga jaýa geçdi. Men elimdäki suwy içdim we biraz wagt geçensoň gözüm ýumulyp, ukym gelip başlady. Başym aýlanýady. Elimdäki suwly bulguryň ýere gaçanyny bilýän, yzy ýadyma düşenok....

1-nji bölümiñ soñy.
Dowamyny 10 like'den soň goýjak
8 лайков 280 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Shahan
27 авг 2022, 01:54
Eser eger bolan waka esasynda yazylan bolsa, onda Aygul kabir yerlerini owadanlaya. Sen bolmasan oylenenligini bilenson, masyna munup, dostunyn oyune diyip gidip, sonam yokaryk goslary diyip cykaranyna ynanmaraynlay. Gyzyn ozi suw meyilli gurbagadyr. Yone eserde owadanlandyrlar. Oglany aklajak bolyamyka diyman. On haramzadalygy dusnukli. Egerde sonunda men pikir eden zatlam bolan bolsa
Kepderi
27 авг 2022, 06:04
Alla gorasyn(
10 likeden son 20 likeden son diymek modadan galmadymay..
Ayjahan
Автор 27 авг 2022, 09:03
Kepderi,
Menem 10 like gazanyp gorayin diydim. Bolmandyrmy?)
Kepderi
27 авг 2022, 13:13
AySa,
Like bn sag bolsuny goshushdyrsan 10 bolushupdyr))
Ayjahan
Автор 27 авг 2022, 13:39
Kepderi,
ay houva
GuljemilE
27 авг 2022, 14:56
Like goyup bolanok mendaa