Garawulhanadaky gürrüňçilikler - 2: MÄMMETGYLYÇ
Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öň ýany bolsun gerek, gijesine nobatçylyk etmek gezegi haýsy dersden okadýany ýadyma düşenok, boýy kelteräk, at agyzly, saçlary syh-syh, düýäniňki ýaly iri dişlerini syrtardyp,aşaky dodagyny ýalap, ýuwaşja gürleýän, şähdaçyk, alçak, wäşi, adamkärçilikli Mämmetgylyç atly bir ýigide düşdi. Men ony tanaýardym, ýöne, entek ysnyşygymyz ýokdy.
Daşymdan çekinenem bolsa bilemok, şol gün ol gije sagat on birlere çenli ýanyma gelmedi. Daş çykdy, iç girdi, öň her günde telim gezek görüp ýörenem bolsa, zalyň ugrunda asylan stendlere, bildirişlere, habarlara, ökde okuwçylaryň, hormatly mugallymlaryň reňkli suratlaryna seretdi, arasynda öz käbinetine gidip bir zatlara güýmenen boldy, jübi telefony arkaly kimdir biri bilen owran-owran gürleşdi. Nämedir bir zat üçin zakaz aldy. Bloknotyna belleşdirdi. Bahasyny gürleşdi. Soň görüp otursam ol surat alýan ekeni.
Şeýdip, uly zalyň içinde iki ýana yrgyldap ýörşüne ýadadymy, nämemi, ahyry haýaljakdan ýöräp geldi-de, meniň garawulhanama girdi. Dişini syrtardyp durşuna:
― Otyrmyň ― diýdi.
― Howwa, otyryn, gel, geç ― diýdim. Oturgyç äberdim. Ol oturdy. Töweregine garanjaklap garawulhananyň içini synlady. Meniň okap oturan galyň kitabyma, çaşyşyp ýatan kagyzlaryma seretdi.
― Ýazýamyň ýa okaýamyň?
― Aý, ikisinem edäýýän...
― Hm-m... ― diýip, Mämmetgylyç syh-syh saçlaryny sypalap oturşyna ýene-de garawulhananyň içine göz aýlady. ― Sizem-ä her hili zatlara gabat gelýänsiňiz beýdip, gijeden-gije garawulçylyk çekip oturyşyňyza...
― Aý, Hudaýa şükür, enteg-ä üýtgeşik bir zada gabat gelemzok. Parahatçylyk.
― Parahatçylykdyr welin... ― Ol az kem dymdy. ― Menem üç ýyl dagy garawulçylyk etdim. ― Ol aşagyndaky oturgyjy takyrdadyp maňa tarap süýşdi. ― Bu ýerini-hä biljek däl, ýöne, merkez bolanyndanmy, nämemi, şol ýere-hä gijesine ýer gözläp gelýänler kän bolýady. Men ana, şolar barada aýdýan.
Men geňirgedim.
― O nähili ýer gözläp gelýäler?
― Aý, ine, entäp ýören pulmesileriň biri pul gözläp ýören eýjejigiň birine duşýa-da, keýp çeker ýaly hylwat ýer gözläp başlaýa.
― Beh!
― Howwa-a... Haýsy edaradygyny aýdyp oturmaýyn welin, meniň garawulçylyk edýän edaramyň çat maňlaýynda ýene bir uly edara bardy ― diýip, Mämmetgylyç özünden-özi gürrüňe başlady. Bir gezek gije ýarymdan agyberende gapy kakyldy. Agsam şol, goňşy edaranyň garawuly. Biz biri-birimizi tanaýardyk, gatnaşýardyk, çaý içişýardik, gysga wagtlaýyn hem bolsa iki edara hem aralyk bir ýerde durup gümür-ýamyr edişýärdik, çilim çekişýärdik. Men bu gezegem ol salamlaşmana ýa başga bir mesele boýunça habarlaşmana gelendir öýtdim. Emma onuň tutuş göwresi bilen sandyraklap, agzy-agzyna gowuşman «ha-ba-baýlap» durşy habarlaşmana gelene meňzänokdy. Ýüzi-gözi aktamdy, howsalalydy. Gapyny açaryma mohetdel ol kürsäp içeri girdi-de: «Dost jan, kömek et, men-ä bir bela sataşandyryn» diýdi. «Näme ogry girdimi?» diýdim. «Ýok, ogrydanam beter bir bela sataşdym» diýdi.
Görüp otursam, gije sagat on birlere onuň ýanyna iki sany ýat adam yzyna iki sany ýaş gyzy tirkäp gelipdir. Aýdyşyna görä olaryň ikisem daşary ýurtly ekeni. Ikisem türkmençe bilmeýän ekenler, ýöne, patdyk-sutdyk orsça gepleýän ekenler. Mahlasy olar garawul ýigitden ýer sorapdyrlar. «Daňdana çenli şu gyzlar bilen boljak, özüňe-de elli dollar berjek» diýipdirler. Bu-da pula gyzyp «bolýa» diýipdir. Olary içi telewizorly, sowutgyçly bir kaşaň kabinete salypdyr, özem ýerine baryp oturyberipdir. Hemme zat gülala-güllük sowulaýmagam mümkin ekeni welin, «myhmanlaryň» biri juda daýaw ekeni-de, onuň bilen bolmaly, göwresi kiçijik gyz birdenkä onuň bilen bolmakdan ýüz öwrüp oturyberipdir. «Bu ýaman daýaw, men mundan gorkýan, bu meni maýyrar, menem şoň bilen boljak» diýip, beýlekini görkezipdir. Ikinji gyzam: «Ýok, men muny saňa beribiljek däl, ras paýlaşdykmy, bol indi şoň bilen» ― diýip, özüniňkä gysmyljyrapdyr. «Başarmajak bolsaň başda näme üçin boýun bolduň, näme üçin bu ýere geldiň» diýip, jorasyna haýbat atypdyr. O-da: «Men şunuň bilen bolarmykam öýtdüm» diýip ýene-de jorasynyňkyny görkezipdir. «Juda bolmasa gezekleşjek, ýöne bu daýaw adam bilen boljak-däl» diýip çürt-kesik aýdypdyr. Onuň gezekleşmek baradaky teklibine-hä bu waka gatnaşyjylaryň hiç birem razy bolmandyr. Daýaw kişi bolsa: «Men seň bilen gürleşdim, indem sen meň bilen bolmaly borsuň» diýip, o gyzyň üstüne dyzapdyr. Gyz çirkin gygyrypdyr. Gaçjak bolup gapa tarap ylgapdyr. Daýaw kişi ony saklapdyr-da, eşiklerini sypyrmana başlapdyr. Gykylyga garawul ýigit ylgap, barypdyr-da: «Dost, meni masgara edersiňiz, gidiň» diýip, ýalbarmana başlapdyr. Megerem, meýhanadan çykan bolsalar gerek, myhmanlaryň ikisiniňem seri durmanly ekeni. Daýaw myhman hasam gammarrak ekeni-de, ýarysyny orsçalap, ýarysyny öz dilinde ýigidiň üstüne gygyrypdyr. Haýbat atypdyr. «Sen bizi döwlet jaýyna goýberdiň, para soradyň, häziriň özünde polisiýa çagyryp seni tutdurjak, zyndana saldyrjak». Onuň sözleriniň içindäki: «Döwlet», «para», «polisiýa», «zyndan» diýen ýaly sözlerden çen tutup onuň näme diýendigini aňan garawul ýigidiň zähresi ýarylypdyr. Öý eýesiniň gorkanyny aňan «myhman» hasam beter sürnüpdir. Ine, waka şu ýere ýetendenem garawul ýigit halys kelebiň ujuny ýitiripdir-de, haraý isläp meniň ýanyma ylgapdyr. Şu zatlary howul-hara gürrüň berenden soň ol: «Indi nätsemkäm» diýip, aglamjyrady.
Men öz gapymy daşyndan gulpladym-da, onuň bilen wakanyň bolan ýerine tarap ugradym. Baryp, «myhmanlaryň» ýerleşen kabinetiniň gapysyndan jykladym. Durşuna tüý bolup duran zaňňarlar arassa kabinetiň içinde türsülije aýlanyşyp ýörler. Daýaw kişi henizem kiçijik gyz bilen eňekleşip dur. Beýlekisi bolsa öz awuny alan çaýkel ýaly sarymeňiz, sary saçly satanlak gyzy diwanyň üstüne çekipdir-de, iki sany akja, dolmuş aýaklaryň arasynda «ýelk» ýasaýa. Şol barmana daýawam özüniňkini bagyrdadyp basarman boldy welin, gyz: «Waý anam jan-aý...» diýip, ulyili bilen gygyrdy. Ol sesiň zarbyna garawul ýigit: «Ana indi işim gaýtdy!» diýip, duran ýerinde «diriň-diriň» bökdi. Hern-ä gapy gulply däl ekeni. Men kürsäp içeri girdim. Oňa çenli diwanyň üstündäkilerem işlerini bitiripdirler-de, ýerlerinden turdular. Ýüzlerini galdyrybilmän duruşlaryna howul-hara geýindiler. Soňam «Biz-ä işimizi bitirdik, indi nätseňiz şeýdiň», diýýän ýaly diwanyň üstüne çökdüler-de, seslerini çykarman oturyberdiler. Daýawyň goltugyndaky gyz onuň elinden sypdy-da, ylgap gelip meniň arkama bukuldy. Men olaryň öz üstlerine hüjüm etmekligi ýüregime düwdüm. «Häziriň özünde gümüňizi çekmeseňiz, polisiýany getirjek» diýdim. Beýlekis-ä ýaýaplap ugrady welin, göwnünde arman galanyndanmy, nämemi, daýaw kişi meniň aýdanlaryma pitiwa-da etmedi. Garym-gatym sözlerinden men onuň: «Bar, kimi getirseň şony getir! Başlygyňyzy getirseňiz özüňizi işden kowar, polisiýany çagyrsaňyzam özüňizi basar, bize degip bilmez sebäbi biz daşary ýurtly» diýendigini aňdym. Emma meniňem haýbatym ýone ýere däldi. Garawulçylyk çekýän edaramyň çüňkünde polisiýa posty bardy. Men ol ýerde gezekleşip durýan oglanlaryň hemmesini tanaýardym, häli-şindi olar meniň ýanyma gelip çaý içişip, käte diwanymyň üstünde gyşaryp dynç alyp gidýärdiler. Olar bilen dil birikdirip bu bihaýa myhmanlary gorkuzmak, wakanyň üstüni basyrmak mümkindi. Şonuň üçinem men garawul ýigide: «Sen şulary azajyk güýme, oňa çenli men postdakylary alyp geleýin» diýdim. Hereketlerimden aňdymy ýa sözüme düşündimi, daýaw kişi bir bökende ýanyma geldi-de, öňümi çolady. Ýogyn garny bilen meniň hepbik ýaly garnymy itdi-de zorruk sesi bilen: «Polis net!» diýdi. Menem: «Polis ýest, onda-da nähili ýest» diýdim-de, ümdüzime çykyp gitdim. Baryp, postdaky oglanlara ýagdaýy beýan etdim. Düşündirdim. Olar meni diňlediler-de, telefon boýunça şäher polisiýa dolandyryşynda işleýän tanyş oglanlaryndan birini gyssagly çagyrdylar. Ol gelensoň gysgaça maslahat geçirdiler. Meniň bilen dolandyryşdan gelen ýigit we postdakylaryň biri gitmeli edildi.
Beýle bolar öýden däl bolsalar gerek, polisiýa işgärlerini görenden «myhmanlaryň» imany göçdi. Ýüzümize seredişip, gözlerini tegeleşip duruşlaryna näme etjeklerini bilmän ýaýdanyşdylar. Polisiýa işgärleri çyna berimsiz ýalan haýbat bilen olara öz yzlaryna düşmekligi talap etdiler. Gyssadylar. Gollaryndan tutup gapa tarap süýreklediler. Beýlekiniň-ä asylam kän bir sesi-üýni çykanokdy welin,içen araklarynyň bady gaçdymy ýa hakykatdanam gorkdumy, şondan soň daýaw kişiniňem sesi pessaýlap, ruhy öçüp başlady. Ýalbardy. Pul teklip etdi. «Gaýrat ediň-de goýberiň,ýogsam biz masgara borus, ilçihanamyzdakylaram eşiderler, ýurdumyza-da habar ýeter» diýdi. Polisiýa işgärlerine-de geregi şoldy. Şeýle-de bolsa syr bildirmezlik üçin ýene-de birmeýdan haýbat atyp haýlaryny mazaly alansoňlar, eger-de goýberäýseler näme berjekdiklerini «üm» bilen soradylar. Olar: «Heriňize ýüz dollar» diýdiler. Şäher polisiýa dolandyryşyndan gelen ýigit has ekabyr ekeni. Ol: «Näme berjek diýen bolsaňyz öňürti gyzlar bilen hasaplaşyň» diýdi. Ýuwaştap «myhman-a» özüniň sary erik ýaly «söýgülisine» ýüz dollary iki aýtdyrman çykaryp berdi. Daýaw kişi ejizje gyzy görkezip: «Men munyň bilen bolmadym ahyry» diýen terzde bir zatlar diýjek boldy. Polisiýa işgäriniň sesi dözümli çykdy. «Ber,ber! Bolmasa-da düş öňümize!». Oňa-da özüniň eýjejigi bilen hasaplaşmak galdy. Polisiýa işgäri gyzlara gapyny görkezdi. «Güm boluň!» Şakyrdaşyp çykalga tarap eňdiler. Şondan soň «myhmanlar» ekabyryň eline dört ýüz dollar tutdurdylar. Bir ýüzi maňa, bir ýüzi garawul ýigide, galan iki ýüzüniňem bir ýüzi postdan gelen, bir ýüzem şäher polisiýa dolandyryşyndan gelen ýigide. Emma ekabyr onuň bilen razylaşmady. «Bäş ýüz ediň!» diýdi. Daýaw kişi ýene-de «haňk-huňk» etjek boldy welin, beýlekisi sessiz-üýnsiz elini jübüsine sokup ýüz dollar çykaryp ekabyryň eline tutdurdy. Şondan soň olary goýberdiler.
Indi, bäş ýüz dollary dört bolup bölüşmek meselesi galypdy. Garawul ýigit ekabyra: «Esasy işi sen bitirdiň, sen iki ýüz al-da, bize bir ýüzden beräý», diýdi. Ýöne, postda durýan polisiýa-da birdenkä ekezlendi-de: «Menem azyndan iki ýüz-ä alaryn», diýdi. Soň garawula ýüzlenip: «Başda sen şolar bilen elli dollara gepleşdiň dämi» diýdi-de, ýüz dollary garawul ýigidiň eline tutdurdy we maňa tarap barmagyny çommaltdy. «Elli dollarynam muňa ber, goý, bir özi ak guş bolup galmasyn».
Bu onuň: «Goý, bu-da biziň bulaşan pohumyza bulaşsyn, demi çykmasyn» diýdigidi.
Şeýdip ol ikisi gitdi. Olaryň yzysüre menem gapa tarap ýöredim. Çykyberenimde, ýüz dollary gysymyna gysyp duran garawul äňlerini şakyrdadyp: «Men indi muň ýarysyny saňa nädip bersemkäm» diýdi. Men: «Maňa hiç zat gerek däl, indikiňe berk bolsaň bolýa» diýdim-de, ümdüzime çykyp gitdim.
Sözüni soňlanyndan soň Mämmetgylyç ýüzüme seredip syrly ýylgyrdy.
― Garawulçylykda ine, şular ýaly zatlaram bolýa, ýaşuly. Sizde bolmyýamy?
― Aý, ýok, biz-ä olar ýaly waka gabat gelemzok.
Olar ýaly waka men garawulçylyk edýän döwrümde dogrudan-da gabat gelmändim. Dogry, käte gelip gijäniň bir wagtlary aýnany kakýardylar we telefon soraýardylar. Emma men onam etmeýärdim. Hiç kimi goýbermeýärdim. Çünki, birinjiden-ä göre-gündizem ýeke bir bigänelere däl, hatda institutyň öz işgärlerine-de, mugallymlaryna-da şol telefondan peýdalanmak gadagandy, ikinjidenem gijäniň bir wagty kimdir biriniň seni şeýdip güýmemegi, beýlekileriň bolsa arka tarapdan gelip okuw binasynyň howlusyna, hatda içine hem girmegi, ogurlyk etmegi mümkindi.
Telefon üçin gelýändikleriniň sebäbi bolsa biziň okuw binamyzyň gapysynda omürboýy döwük duran telefon-awtomat bardy, öten-geçenem ana, şoňa aldanyp gelýärdi-de, boş gitmejek bolup biziň üstümize sürnüp başlaýardy.
Men şol döwük telefon-awtomaty aýyrmaklaryny rektordan gaty kän haýyş edipdim. Ol: «Bor, aýyrarys», diýýärdi. Emma ýa ýadyndan çykarýardy ýa-da geleňsizlik edýärdi, telefon aýrylmaýardy. Mämmetgylyjyň gürrüň bereni ýaly wakalardan bolsa Hudaý saklasyn. Görkezmedem, görkezmesinem!
Juma Hudaýguly
GARAWULHANADAKY GÜRRÜŇÇILIKLER - kökenli hekaýatlar - böleginden.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.