Garawulhanadaky gürrüňçilikler - 3: ATAŞKA

2005-nji ýylyň ýanwar aýyna gabat gelen üç günlik Gurban baýramynyň birinji güni, ýagny, 21-nji ýanwar gününiň gijesi meniň bilen bile bir ýaş mugallym nobatçylyk etdi. Oňa köplenç Ataşka diýýärdiler. Ol oglan işe täze gelipdi we men ony diňe daşyndan tanaýardym. Ol birhili düňleräk, garasöýmezräk görünýärdi. Agşam meniň bilen nobatçylyk etmeli mugallymyň şoldugyny bilip men dogrusy bir-bada kejikjegem boldum. Emma bar zat tersine bolyp çykdy. Ol gelşi ýaly garşymdaky oturgyja çökdi-de: 
― Bir gelne sataşan bolup men-ä halys bulaşdym, agam ― diýip, özünden-özi başlaberdi. Şol pursat onuň kimdir biriniň ýanynda derdini aýdyp, içini egisesiniň gelýändigi, aňyrsynda agyr bir apy-tupanyň möwjerläp durandygy görnüp durdy. Men muny bada-bat duýdum. Şonuň üçinem: 
― Beh ― diýdim-de, diwara golaý goýlan gysgajyk diwanyň üstünde oturan ýerimden oňa tarap gobsundym. ― Hany, gürrüň bersene, olar ýaly bolsa. 
Ol uludan demini aldy. Ýüzüni dek ikä bölüp duran ujy topazlaç, gerşi inçe burnunyň tommaýyny sag eliniň aýasy bilen owkalady. Süýnmek, ýüzüni kese sowup az-kem dymdy. Sag aýagyny o aýagynyň üstüne atyp çalaja ýylgyrdy. Şonda onuň syrdam, uzynak göwresi birhili gysylan, kiçelen ýaly boldy. 
― Men talyp ýyllarym toýlara gidip aýdym aýdýardym, skripka çalýardym. Gowuja gazanýardym ― diýip, Ataşka hamala bu gürrüňçilige öňden taýynlanan ýaly sakynman, pert-pert gürläp başlady. ― Maşgalam bilenem aram gowudy, öýe bolan yhlasymam güýçlidi, çagajyklarymam eý görýärdim. Üç ýaşymdan bäri saklap oturan ejemem ynjytmaýardym. Talyplygyma garamazdan öýe azarym-a bir ýetmeýärdi, üstesine olara kömegem edýärdim. Ejem muňa begenýärdi, daşymdan guwanýardy. Ýöne, ine, günlerde bir gün şol gelne sataşdym-da, tükenmez derde ulaşdym oturyberdim. 
― Näme, barja gazanjyňy şoňa sarp etmeli bolaýdyňmy? 
― Ýok, ýok, beýle däl, gaýtam tersine. Ol gelniň özi maňa pul sarp edip başlady. Men pul meselesinde däl-de, ahlak meselesinde öýümizdäkileriň gözünden düşdüm. 
Meniň içim byjyklap başlady. 
― Hany, sen gowusy, gowuja et-de, bar zady bolşy ýaly gürrüň bersene. 
― Menem şeýtjek bolýan-da ― diýip ol günäkär halda ýylgyrdy. Uludan demini aldy. Oňa çenlem men oňa çaý demläp berdim. Käsesine çaý guýup oturyşyna onuň ýüzi bir gyzarýardy, bir agarýardy, bir çytylýardy, bir ýazylýardy. Birdenem ol tisgindi-de näme üçindir «ýalt» edip gapa seretdi. Şonda onuň gözleriniň içine sürme çalnan ýaly boldy. Garaldy. Çyg çaýyldy. Yzly-yzyna çaý owurtlap esli mahal böwrüni diňläp oturandan soň, üzlem-saplamraga-da sözüni dowam etdirdi. ― Bir gün gyzyl söwdasyny edýän gelinleriň biri meni aýdym aýtdyrmak üçin ýaş toýuna çagyrdy. Ol wagtlar men okuwymy tamamlap barýardym. Iň soňky ýylymdy. Ýagny şundan ylaýyk bir ýyl öňdi. Ýeke dikrary bolansoň ejem meni ir öýlendiripdi we şol wagtlar eýýäm iki çagam bardy. Meni toýa çagyran gelin meniň toýa bile gatnaşýan dostumyň tanşydy. Has takygy şoň gezýän gelniniň jorasydy. Toýa-da men şol dostumyň üsti bilen çagyrylypdym. Şonuň üçin baranda-da bile bardyk. Megerem gyzylçy gelniň kärdeşleri bolsa gerek, ýygnananlaryň aglabasy gyz-gelinleridi. Men gije sagat on birlere çenli aýdym aýtdym. Aýdym-saz gutarandan soň hemmeler assa-ýuwaş dargamak bilen boldular. Meniň sazandalarymam öz hakjagazlaryny aldylar-da, zut gitdiler. Ozalam-a köplük däldik welin, bir görsem erkeklerden diňe dostum ikimiz galaýypdyrs. Biz arkaýynçylykda iýip-içmek üçin saçagyň başyna çökdük. Birdenem meniň gözüm gitjek bolup gidibilmän, gapynyň agzynda käte bir bäri bakyp, köwejekläp duran orta boýly, eti-gany ýerinde, garagözelejik, akmaprag, hurmaýy reňke boýalan, saçy çigne düşerinden tegelenipjik kesilen, owadanja gelne düşdi. Oturyşygyň dowamynda-da men ony kän synlapdym. Göwnüme ýarandygam çyn. Oturyp başlanymyzdan soň-a kellämem az-kem sämedi-de, dostumyň üsti bilen öý eýesi gelne: «Şony alyp galybilermiň» diýdim. Öý eýesem: «Göreýin hany» diýdi-de, turup gitdi. Sähelçe wagtdanam gözlerini güldürip, şadyýan ýyljyryklap geldi. 
Gepiň gysgasy, ýarym sagat geçip-geçmänkä, biz eýýäm dostumyň ikinji öýünde, iki gelin, iki dost bolup taze saçagyň başynda iýip-içip oturdyk. Mahlasy, şol gije şol gelni men şol ýerde alyp galdym. Ýöne, öňünden duýdurdym. «Men talyp. Menden saňa pul kömegi bolmaz, emma seni gowy gördüm. Söýdüm. Mundan buýana hem diňe seni söýerin, başga hiç kime köňül bermen, ine şol duýgymy welin men saňa durkum bilen bagyş edip biljek» diýdim. O-da maňa hiç hili şert goýmady. «Puluň bolmasa gury söýgüňi başyma ýapaýynmy» diýmedi. «Menem seni gowy gördüm, maňa seň özüň bolsaň bolýa. Men pula zar adam däl» diýdi. 
Ertesi irden men onuň adyny soradym. Aýjan ekeni. Hoşlaşjak wagtymyz: «Birigün sagat bäşlere instituta bar, duşuşaly» diýdim. Çünki, şol gün stipendiýalarymyz berilmelidi. Emma, içiňi ýakaýyn diýen ýaly ol gün stipendiýa berilmedi. Şoňa arkaýynlaşyp jübümdäki pullaryňam barysyny ir bilen öýe berip gaýdypdym. Şonuň üçinem, sagat bäşe golaýlaşdygysy men ýaýaplap başladym. Aljyradym. Bir sebäp bilen şol gelniň gelmezligini isledim. Çünki, gelniň özüne hiç zat bermäýenimde-de, ownuk-uşak çykdajylar üçin, iýip-içmek üçin sowalgajyk gerekdi ahyry. Ýoldaşlarymdanam soraýan welin, jübülerini çepbesine çöwrüşup durlar. Stipendiýa bolar öýdüp her kim iň soňkuja manadyna çenli sowup gelipdir. Şeýdip, aljyrap durkamam institutynyň girelgesiniň çat maňlaýynda bir taksi gelip durdy. Içindenem gyzyl-çog bolup şol gelin çykdy. Daşymdan haly egbar görünendirin-dä, gelne tarap zoraýakdan ätmerläp ugranymdan ýoldaşlarymyň biri: «Juda zerur bolsa tanyşlarymyň birinden elli-altmyş müň manat tapyp beräýin» diýdi. «Wah şeýtsene» diýdim-de, onam alyp gelne tarap ýöredim. Näme üçindigi ýadyma düşenok, ýoldaşlarymyzdan ýene biri bize goşuldy. Üç tirkeşik bolup bardyk. Salamlaşdyk. Men ol gelni dostlarym bilen tanyşdyrdym. «Biz bir ýere degmeli, howlukmasaň bile gideli, soň men bulary ugradaryn» diýdim. Gelniň dodaklary çalaja gymyldady. «Tapawudy ýok». 
Iki ýere bardyk. Dostum olaryň ikisindenem boş çykdy. Taksa tölemeli pulumyzam ep-esli boldy. «Hyşy-wyşymyzdan» aňdymy ýa meniň ýüzümden-gözümden, özümi alyp barşymdan duýdymy, gelin halydan tikilen elbukjasyny açdy-da, içinden ep-esli bäş müňlük manat çykaryp meniň elime tutdyrdy. Men erbet utandym. Ýöne, başga alajymam ýokdy. Aldym. Usullyk bilen sanadym. Iki ýüz müň manat. Oňa çenlem bir kafeniň deňine ýetdik. Gelin sürüjä: «Şu ýerde saklaýyň» diýdi. Men ol düşer-de gider, maňa-da agzyndan gelenini aýdar «Jübüňde kör köpük ýok halyňa duşuşyga çagyrmak nämäňe gerek» diýip gygyrar öýdüp gorkdum. 
Taksiçi bilen nädip hasaplaşanymy, maşyndan nädip düşenimi bilemok, bir görsem ol gelin-ä biziň öňümizi çekip kafe girip barýar, bizem sessiz-üýnsiz onuň yzyna düşüp barýas. 
Boş stollaryň biriniň başyna çökenimizden soň gelin biziň herimiziň ýüzümize birlaý seredip çykdy-da, çalaja ýylgyrdy. Yzyndanam: «Islän zadyňyzy buýruberiň» diýdi. 
Şol ýere baranymyzda öýlän sagat bäşler töweregidi. Şondan tä, dokuz bolýança oturdyk. Iýdik, içdik, gönendik, kök bolduk. Ýoldaşlarym arasynda maý tapyp maňa çawuş çakýalar: «Sypdyrma! Bular ýaly baý gelin meýdanda ýatanok». Men bolsam utanjymdan ýaňa ýere giribilemok. Olaryň aýdýanlaryny gelniň eşiderinden ätiýaç edýän. Ol bolsa hiç zat eşitmediksiräp bolup, şo-ol, aşak bakyp ýylgyryp otyr. 
Gepiň gysgasy gelin biziň iýen-içenimizem töledi-de, şol ýerden meni göni öýlerine alyp gitdi. Iki otagly jaýy, ejesi, üç ýaşly ogly, bäş ýaşynda-da gyzjagazy bar ekeni. Äri bamy, aýrylyşypmy, ýogalypmy ýa başga bir zatmy ony men bilemok. Sorasamam «Soň aýdaryn» diýdi. Şonuň bilenem galdy. 
Şeýdip gatnaşyberdik. Ol menden pul gaýgyrmady. Käte kafe gidenimizde şol gezekkim ýaly ýoldaşlarymam alyp gidäýenimde-de ýükürgenmeýärdi. Gaýtam: «Ýoldaşlaryňam çagyraý» diýip özünden-özüniň dillenýän gezeklerem bolýardy. Şeýdip, meniň üstümden pul seçip ýörüşini ýoldaşlarymyň görýändigine guwanýan, buýsanýan ýalydy. Onuň şol duýgusyny duýdumy, nämemi, bir gün kafede otyrkak bize täze goşulan, oňa näbeledräk dostlarymyň biri maňa tarap egildi-de, ýuwaşlyk bilen: «Şuňa töletmesene, özüň tölesene, biz utanýas» diýdi. Ol hernäçe ýuwaş geplese-de, gelin onuň sözlerini eşitdi. Ýöne, sesini çykarmady. Elini bukjasyna sokdy-da, aşaklyk bilen maňa ýüz dollar uzatdy. Muny görüp hälki ýoldaşymyň ýüzi- gözi üýtgedi. Beýlekiler bolsa hasam gymmat bahaly iýgilerden, içgilerden buýrup başladylar. Meýlisiň bahasy ýüz dollardan geçendir öýtdümi ýa ýoldaşlaryma göz üçin etdimi, hasaplaşmazdan öň Aýjan maňa aşaklyk bilen ýene-de ýüz dollar uzatdy. Ýöne, jemi tölemeli pulumyz elli dollara-da ýetmedi. Meniň jübümde arassa ýüz elli dollar bilen dört ýüz elli müň manat pul galdy. Kafeden çykanymyzdan soň öňürti ýoldaşlarymy ugratdyk, soň men ýeke özüm Akjany ugratdym. Ol meni öýünde alyp galjak boldy. Emma men şol gün hökman öýe barmalydym. Çünki, üç gün bäri öýe köwlenmändim. Dogry, ol dostumyňka gitjek, bu dostumyňkyda boljak, pylan ýere toýa barjak, diýen ýaly bahanalar bilen aýak üstünden aldap gaýdýardym ýa jaň edýärdim, şeýle-de bolsa gaty gidibersem öýdäkileriň bir zatlar aňmagy mümkindi. Şonuň üçinem, hernäçe gyýylsa-da ol gije öýe goýbermegini Aýjandan çynym bilen haýyş etdim. Jübümde galan manatjyklar bilen ýüz elli dollary çykaryp berdim. Almady. «Men saňa yzyna gaýdyp almak üçin zat beremok» diýdi. 
Şondan soň köp wagt geçmänkä: «Islän wagtym nirededigiňi bileýin» diýip, jübi telefonyny alyp berdi. Özüne-de aldy. Ikisiniňem aýba-aý bölegini özi töledi. Ýarym ýyla golaý tirkeşenimizden soň bolsa maşyn alyp berdi. Ýöne, ýarsyny karz alyp berdi. Öz puly ýetmedi. Şol karzyny üzmek üçin ol Türkmenistanyň günbatar etraplaryndan sygyr, öküz, goýun getirip satyp başlady. Mallary esasan men öz öýüme getirip düşürýärdim we assa-ýuwaşdan satýardym. Öýümizdäkilere-de: «Maşyny kredite aldym, mallaram bir dostum bilen bileşip söwda edýäs» diýdim. Aýjanyň berýän jübi pullarynam köplenç şolara eltip berýärdim. «Maşyn bilen kireý edýän» diýip aldaýardym. Öýe az köwlenýänimiň, gijeler bolsa asla gelmeýändigimiň sebäbinem «kireýiň» üstüne atýardym. Ýöne, ol pullaryň kireýden düşýan pullar däldigi köre hasa görnüp durdy. Tazejedi. Rejelidi. Eplenmedik, mynjyranmadykdy. Muny soňabaka öýdäkilerem aňyp, bir zatlary guman edip ugradylar. Çünki, meniň bilen bile mal söwdasyny edýän «dostumam» setanda-seýranda-da gara bermeýärdi, ýanymda görünmeýärdi. Görüp otursam soň öýdäkiler edil meniň pikir edişim ýaly gaty bir sada-da däl ekenler. Olar başga-da kän zatlary bilýän ekenler. 
Men welin Aýjana gitdigiçe beter öwrenişdim. Dogrymy aýdýan, puluna, malyna, maşynyna däl-de, özüne öwrenişdim. Ysnyşdym. Öýlerine, ejesine, çagalaryna-da öwrenişdim. Öz gelnimden, öz çagalarymdan, öz mähriban ejemden sowaşdym. Soňabaka öz öýüme gidesimem gelmedi. Ýaman ýeri indi okuwa-da, toýa-tomga-da gidesim gelenokdy. Bar ünsüm şol gelindedi. 
Bir günem Aýjan elime jaň etdi-de, «Men gyssagly Daşoguza uçýan, öýdäki telewizorymyzyň antenasy bozulandyr, ussa tap-da, gelýänçäm şony bejert, pulyny ejeme goýandyrn, özümem üç günden gelerin» diýdi. 
Şol günüň ertesi öýlerine ussa eltdim. Antenasyny bejertdim. Ussany ugratdym çaý içmäne oturdymam welin, gapy kakyldy. Açsam ynanjakmy, agam, hakyt öz aýalym dur gapynyň agzynda. Ýüzi-gözi gara-ört. Der. Göreçlerinden dagy uçgun syçraýar. Başga diýere söz tapman: «Nädip tapdyň?» diýdim. «Näme, tapdyrmaz öýtdüňmi? Bilinmez öýtdüňmi? Seň bilen söwda edýän dostuň kimdiginem, kim bilen kireý edýäniňem, kireýi nädip edýäniňem, maşyna kimiň kredit äbereninem, telefony nireden alanyňam bilýän. Başga-da kän zat bilýän, ähli zady bilýän» diýip gygyryp ugranyny, «Ak saçyň bilen utanaňomy gyzyň düşegine oýnaş salyp oturmana» diýip, Aýjanyň ejesiniň üstüne heňkirýänini, o daýzanyňam sessiz-ýüzsiz o jaýa gaçyp gidenini, birem özümiň sessiz-üýnsiz geýnip, gapa tarap ýönelenimi bilýän. Başga zady bilemok. Hern-ä daşary çykanymyzdan soň gykylyk etmedi. Sessiz-ýünsiz maşyna mündi. Aglady. Öýe gelenimizden soňam aglady. Bir meýdan aşak bakyp oturdy-oturdy-da, ejemem aglamana başlady. Men içgi jaýa geçdim-de, özümi diwanyň üstüne goýberdim. 
Elbetde, aýal adam duýgur bolýa, ýan ýoldaşynyň üýtgänini her bir hereketlerinden, gepinden-sözünden aňýar. Mendäki üýtgeşmelerem maşgalamyň aňandygy düşnükli zat, ýöne, nädip meni yzarlandygyny, Aýjanyň öýüni nädip tapandygyny welin bilemok. Meniň pikirimçe ol el telefonyma düşýän ýazgylaryň üsti bilen Aýjanyň el telefon belgisini bilendir. Biziň öý telefonymyza düşýän belgi ýazgylarynyň üsti bilenem öý telefonynyň belgisini bilendir. Mahal-mahal şol belgä jaň edip meniň şol ýerde barlygymy-ýoklugymy anyklandyr. Şol günem ylaýyk, men antennany bejerdip ýörkäm jaň edipdir-de, trubkanam Aýjanyň bäş ýaşlyja gyzjagazy alandyr. «Ataşka sizdemi» diýen soraga-da hiç zatdan bihabar çaga: «Howwa» diýip, jogap berendir. Şäher telefon kitapjasynyň üsti bilenem Aýjanyň öý salgysyny bilendir. Şeýdibem barandyr. Görse, allanäme jaýyň işiginde meniň maşynymam sülmüräpjik dur. 
Men iki günläp öýden çykman ýatdym. Okuwa-da gitmedim. Üçünji gün diýlende ir bilen birki sany aýalyň «hümür-sümürine» oýandym. Geň ýerem olaryň biriniň sesi Aýjanyňka meňzeýärdi. Turjak bolup gobsundymam welin, ejem gapydan girdi. Näme üçindir ýüzüme seredip güldi. «Onyň-a geläýendir». Ylgap daş çykdym. Görsem dogrudan-da Aýjan. Ýüzi-gözi haýbatly. Müýn ýok. Gaýtam gözlerini çat-maňlaýyma dikdide: «Hany heleýiň» diýdi. Men agzymy açyp-açmankam: «Ine şonuň heleýi!» diýip, aýalym bir ýerden dazlap çykdy. Gelşi ýalam zyňdy özüni Aýjanyň üstüne. «Gözläp ýörenje awum öz aýagy bilen üstüme geläýen oguşýa» diýibem saldy aşagyna gabyrdadyp. Saçyndan penjeledi, ýüzüne çaňňal urdy, garaz gara guma gardy-ow şony. Soňam malçyldadaga-da ýüzüne tüýkürdi. O-da ýatan ýerinden hem garşylyk görkezýä, hem hüjüm etjek bolýa. Üstüne doly ýaly ýagyp duran hapa sözlere gaýtargy berjek bolýa. Ejemem aralajyk bolýa-da, haýsyna ýapyşjagyny bilmän elewräp ýör. Aý, garaz, turdy bir gowga, gopdy bir topalaň, goňşy-golamlaryňam barysy gapysynyň agzynda söm-saýak. Bolýan ýerimizem etažly jaý däl-de, demirýoluň gaýrasyndaky obaçylyk. «Hitrowka». Biri-birini tanamaýan ýok. Şonuň üçinem goňşulara mundan artyk masgara bolmazlyk üçin olary özüm aralamaly boldum. Ýöne, bir ýalňyşan ýerim ejem bilen gelnimiň, goňşylarymyň gözleriniň öňünde Aýjanyň çat maňlaýyndaky çyr-çyrşak bolup duran tüýküligi elýaglygym bilen süpürdim. «Goý, goý» diýip, höre-köşe etdim. «Bar, git, beýdip durma, bizi masgara etme, asylam näme üçin bu ýere geldiň» diýdim. O-da: «Geljek! Masgara etjek! Özi näme üçin öýe baryp meni masgara edipdir, näme üçin ejeme paýyş sozler aýdypdyr» diýip, barha beter dyzady. «Ol öýňüze barsa-da öz öýňüzdäkilerden başga hiç kime bildirenok, sen bolsaň uly ile konsert berip dursuň» diýdim. «Menem beýtjek däldim, gürleşjekdim, düşünşjekdim, özi üstüme zyňdy, ýüzüme tüýkürdi, meň näme içimde janym ýokmy, menem indi arymy alman gitmen» diýdi-de, Aýjan uzak aralykdan meniň gelnime bakan tüýkürdi. Ýöne, onuň gahardan ýaňa eýýäm gus-gury bolan agzyndan çykan ujypsyzja tüýkülik gelniň golaýyna-da barman, howada pytrap gitdi. Men Aýjany zor bilen diýen ýaly maşynyma mündürdim-de, öýüne alyp gitdim. Söýgetläp öýüne saldym. Höre-köşe etdim. Ta özüni dürseýänçä ýanynda oturdym. Oňa çenlem garaňky düşdi. Gije-de galarman boldum. Emma ol meni kabul etmedi. «Sen heleýiňe buýrup bileňok, buýurýan bolsaň sesem çykmazdy, meň gapymdanam gelmezdi. Senem geläýme indi meniň gapymdan» diýip gygyrdy. Nesýe satan mallarymyň puluny derhal yzyna talap etdi. Meniň üçin karza gireninem, äberen zatlarynam diline çolady. 
Ol gije meniň öz öýümize barmana-da bognum ysmady. Ýoldaşlarymyň biriniňkä gidip ýatdym. Ertesi Aýjana jaň etdim. «Gaýdyp maňa jaň etme! Iýen sygryňyzam nesip etsin, şoň bilen sowulýan bolsaň sowul başymdan» diýdi. Görüp otursam öten agşam aýalym oňa jaň edipdir-de ýörite içini ýakmak üçin: «Sen getiriber näçe malyň bolsa, bizem hezil edip iýeris oturarys. O-ojagaz nesýe satdym diýýän sygryňam biz iýdik, äberen maşynyňa-da baý, hezil edip münýäs-ä» diýipdir. 
Şeýdip men iki oduň arasynda galdym. Hiç haýsynyňka-da barman, onda-munda ýatdym-turdum ýördüm. Oýlandym. Aýalym bilen çagalarym-a dogrusy gözüme-de görnenokdy welin, ejeme dözmeýärdim. Ol meni atam ornunda durup kemala getiripdi. Gije-gündiz işläp okudypdy, öýlendiripdi. Ýöne, Aýjanam meni edil magnit ýaly özüne dartýardy. Şoňa jaň etmesem, barmasam, bir gün görmesem kararym ýetmeýärdi. Ahyram tereziniň agramly tarapy Aýjana bakan agdy. Bardym. Emma ol meni bu gezegem kabul etmedi. Gaýtam sowukganlylyk bilen şol bir öňki sözüni gaýtalady: «Haçan hasaplaşjak?» 
Özümi şondan artyk kemsitdiresim gelmedi. Söwda-satykly, mally, nesýe-nowganly dawany-ha iki hepdäniň içinde çözdüm. Özüme düşýänje haky alyp galdym-da, puluny ertip berdim. Maşynam gapysynda keserip goýdum-da, açaram öňüne okladym. «Ýeri, bolýa-da, galaý, geçäý» diýdirjek boldum. Emma ýerden ses çykdy, ondan çykmady. Nälaç yzyma döndüm. Gapydan çykjak wagtym gaňrylyp yzyma bakdym. Yzymdan seredýämi, seredenokmy, menden aýra düşýänine gyýylýamy, gyýlanokmy, biljek boldum. Ýalandan dagam gözläp bakaýsa nädersiň. Piňine-de däl. Aňyrsyna bakyp, oňa-muňa güýmenen bolup dur. Ikinji gatdan birinji gata düşýänçäm aýaklarymyň ysgyny gitdi. Nädip köçä çykanymy, nädip taksa münenimi bilemok, ýöne, orta ýola ýetiberenimde Aýjan ikimizi birikdirýän ýene bir zadyň özümde galandygy ýadyma düşdi. Ol meniň jübi telefonymdy. Doly hasaplaşmak üçin men onam oňa dolap bermelidim. Ýöne, häziriň özünde yza dolanyp eltip bermelimi ýa erte-birigün eltip berenimde-de bolýamy, diýen meseläniň üstünde işläp başladym. «Häzir eltip bermeli. Ertä-de goýmaly däl, birigüne-de, şu günüň özünde çürt-kesik etmeli bar zady» diýen pikir kelläme geldi. Şol niýet bilenem men eglip, sürüjiniň gulagyna pyşyrdadym: «Agam, gaty görme-de yza sür. Meni münen ýerime elt». 
Şol wagtam salonyň içinde meniň ýene-de sanlyja minutdan hoşlaşmaly jübi telefonymyň tanyş sazy ýaňlandy. Ellerimi sandyrakladyp jübümden çykarýançam esli wagt geçdi. Saz bolsa ýaňlanyp dur. Men telefony gulagyma ýetirdim. «Alýo-o...!» aňyrdan Aýjanyň: «Bela!» diýen tanyş ses eşidildi. «Şeýdip gidiberjekmisiň eşek! Dolan derrew yzyňa!» diýdi. «Men onsuzam yzyma barýardym ahyry». 
Şeýdip ýaraşdyk. Ýene-de gatnap başladym. Maşyn welin barybir satyldy. Aýjanyň karzy üzüldi. Ol maňa-da kem bolmady. Indi onuň öňünde meniň bergim ýokdy. Ýöne, jübi pulumy welin berýärdi. Öýümizdäkiler bolsa indi maňa gözegçilik etmelerini goýupdylar. Baran wagtym barýardym, gaýdan wagtym gaýdýardym. 
Her niçik hem bolsa ara düşen dawa täsir eden bolsa gerek, göwnüme bolmasa Aýjan menden sowaşýan ýalydy. Öňküligi ýokdy. Yzgytsyzlanyndy. Siltenjiräp gepleşýärdi. Şol sebäpdenem mende gabanjaňlyk duýgusy peýda bolup başlady. Şunuň menden başga-da duşuşýany bar bolaýmasyn, diýen iňkis döredi. Şolar ýaly gumanlardan ýaňa serim dumanlan wagty onuň düşeginden sogrulyp çykaga-da, ümdüzime gidiberesim, baryp aýalymyň, ejemiň, çagalarymyň aýagyna ýykylaýasym gelýärdi. Emma öz-özüm bilen göreşdigimsaýy haýsydyr bir göze görünmeýän güýç meni ol gelniň gujagyna tarap barha beter çekýärdi, onuň öňünde ejiz, nalajedeýin, oňa bagly edip goýýardy. Beýnimde garjaşyk pikirler emele gelýärdi. Aýal maşgalanyň beýle soraga hiç haçan «howwa» diýip jogap bermejekdigini bilsemem, bir gün bile ýatyrkak: «Dogryňy aýt, menden başga gatnaşýanyň bamy», diýip soradym. «Menden öň kim bilen gatnaşan bolsaňam aýt, göwnüme guman galmasyn» diýdim. Aýjan sesini çykarmady-da, beýlesine öwrüldi ýatyberdi. 
Hut şol günüň ertesem men göwnüm bir zat syzan ýaly, öň etmeýän işimi edip, onuň surat albomyny dördüm. Birdenem onuň bir ýigit bilen egin-egne deňläp duran suraty öňümden çykdy. Depämden gaýnak suw guýlan ýaly bolup ör turdum. Birdenem: «Bu ýene-de onuň öňki adamsy bolaýmasyn, men nähak ýere döwla düşüp ýören bolaýmaýyn» diýen pikir kelläme geldi. Şonuň üçinem ol suraty men onuň özünden öňürti çagalaryna görkezdim. «Şu siziň kakaňyzmy?» diýdim. «Ýok» diýdiler. Şol günüň agşamsy men suraty Aýjanyň öňünde goýdum. «Näme üçin menden bisorag albomymy dördüň?» diýip, ol gaýtam meniň özümi haýykdyrjak boldy. «Sen näme meniň arimmi? Eýämmi? Ýa meni ekläp-saklaýaňmy? Kim bolupsyň menden hasabat sorarça?» 
Dilim damagyma giden ýaly boldy. Çünki, onuň aýdýanlary dogrudy. Men onuň ärem däldim, eýesem däldim, asla hiç zadam däldim. Iş edip utandyran ýerimem ýokdy. Gaýtam meň özüm oňa elgaramadym. Ol maňa öwezine hiç zat talap etmezden hem harjy berýärdi, hemem öz synasyny bagyş edýärdi, onam islese edýärdi, islemese bolsa islendik wagty: «Bar, daşda gez!» diýip bilýärdi. Mende welin ol şeý diýäýende-de ýok bolup gidere, ondan aýrylara gujur-gaýrat ýokdy. Oňa bolan söýgim zerarly men özümden özüm bigaýrada öwrülip barýardym. Her hili kemsidilmelere çydamaly bolýardym. Gepini çekýärdim. Käteler onuň kim bilen islese şonuň bilen bolmana hakynyň bardygyna öz-özümi ynandyrjak bolýardym, emma oňa beýni boýun bolsa-da, ýürek boýun bolmaýardy. Ol pikire uýsaň binamys bolarsyň diýýärdi. Ýöne, barybir oňa höküm edere, haýbat atara hukugymyň ýokdugyny boýun almaly bolýardym. Şeýdip, öz-özümi köseýärdim, gynaýardym. Käte: «Gel şuny terk edeýin-le, gaýdyp şu ýere köwlenmäýin-le» diýip öýe gidýärdim. Emma ol ýerde-de janyma jaý tapmaýardym. Sähel salym iki baka gorsanyp ýatanymdan soň, ümsümjek düşegimden sogrulýardym-da, niredesiň Aýjanyň gujagy diýip ýola rowana bolýardym. Şolar ýalyda çagalarym, aýalym, ejem, barysy söm-saýak bolşup eňreşýärdiler, emma meni ol nämährem gelne tarap çekýän güýç, öz söýerlerimiň ahy-nanalaryndan üstün gelýärdi. Men barýan ýolumyň ýalňyşdygyna, basýan gadamlarymyň nädürsdigine gowy düşünýärdim we söýgülimiň yssy gujagyna tarap süssenekläp barşyma: «Alla jan, meni şu belalardan gutaraweri, şu dertden sag-aman sypyp öňki garypja günüme dolanar ýaly medet bereweri!» diýip, Biribardan dileýärdim. Emma, barybir baryp şol gelniň gujagyna girýänçäm hiç ýerde karar tapmaýardym. Bu giň dünýä sygmaýardym. Bir söz bilen aýtsam, men onuň bendesine öwrülipdim. 
Gabanjaňlygym welin gitdigiçe güýjerleýärdi. Dälilik hetdine ýetmegime az wagt galypdy. 
Mundan edil üç-dört gün öňem men özümiň gabanç duýgularyma çydabilmän, ýene-de Aýjanyň ýanynda şol, suratly gürrüňi gozgadym. «Sen meni aldaýansyň, başga birini tapansyň, şol suratdaky şoldur», diýdim. Şeý diýmek bilen men onuň özüni aklaryna, «Ynan ezizim, bu dünýede meniň senden başga hiç kimim ýok, men seňki, bet gümanlara gidip maňa bolan söýgüňi sowatma» diýerine garaşypdym. Has dogrusy şonuň şeý diýerini isläpdim. Emma ol meniň kimdigimi gowy bilýärdi, şonuň üçinem bu gezek maňa gos-göni: «Irdim men halys seniň şu iňirdileriňden, gezýänimiň bardygyny bilýän bolsaň nä ýüzüňe gelýäň meň gapyma, nä ýüzüňe gelip meň düşegime girýäň, nä ýüzüňe meň bilen bir çanakdan çemçe atyşyp aş içýäň» diýdi. 
Bu onuň meni kowdugydy. Seň gideniň bilen meniň ýitirýän zadym ýok, diýdigidi. Ol bu sözi hakykatdan-da başga bir gezýäni bar bolany üçin aýtdymy ýa meniň ýerliksiz iňirdilerimden bizar bolany üçin aýtdymy, ony bilemok, ýöne, aňryujy göwrämde ysgyn, ýüregimde ar-namys bar bolsa ýüzugra turup gidibermelidigime welin akylym ýetdi. 
Men şeýle hem etdim. Telefonymy öňünde goýdum-da, ýerimden turdum. Hoşlaşmana-da rogwatym ýetmän, uly ilim bilen möňňürip goýberibermezlik üçin iki elim bilen ýüzümi tutup daş çykdym. 
Şondan bärem baramok. Ýöne, öz-özüm etimi iýip barýan. Ne öýe sygýan, ne köçä. Bu dünýe hakykatdanam ýalan ýaly, şu dünýedäki ähli zadyň ähmiýeti gaçan ýaly bolup dur. Elimem zol-zol täze alan telefonyma uzaýa. Barmaklarymyň bolsa werzim bolan şol tanyş belgilerini basyşdyraýasy gelip dur. Dogrusyny aýtsam çydap bilemok. Çydamalydygyma welin düşünýän. Çydarynam. Indiden soň ejem jany, başdaşymy, çagalarymy aglatman. Häzirlikçe meniň öňümde şondan möhüm zat ýok. 
Ataşka sözüni soňlady-da, esli mahal aşak bakyp oturdy. Soň: «Näme maslahat berýäň, agam maňa?» diýýän manyda ýüzüme naýynjyrap seretdi. Zoraýakdan ýylgyrdy. Şonda ýene-de onuň gözlerinde çyg göründi. Sözlände her bir sözi bokurdagyna tegek bolýan ýaly damagyndan düýrlenip-düýrlenip çykdy. 
Men onuň soňky gelen netijesiniň dogrudygyny säginmän aýtdym. «Yza ýol ýok, dönme, gaýdyp şol ýere barma» diýdim. «Bor agam» diýip, ol ysgynsyz seslendi. 
Emma bir hepde geçensoň gabat gelip sorasam ol günäkär halda boýnuny içine ýygyrdy-da: «Pendiňi tutup bilmedim, agam, çydamadym, bardym» diýdi. 
Elbetde, herki zadyň öz wagty bolýar. Her bir iş bolmaly wagtyndan öňem bolmaýar, soňam. Ataşka babatda-da şeýle bolar. Ol Aýjandan bu gün el çekmese-de ertir çeker. Esasy zat özüniň şeýtmelidigine onuň gowy düşünenligi. Hakyky mähriň, hakyky muhabbetiň öz umytly ojagynyň ortarasyndadygyna akylynyň ýetenligi. 

Juma Hudaýguly

GARAWULHANADAKY GÜRRÜŇÇILIKLER - kökenli hekaýatlar - böleginden.
2 лайков 134 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.