"Men güýzleriň sepgidinde oýansam..."


Men güýzleriň sepgidinde oýansam.
Boý alsam çigrigen howaň demine.
Uzak bir ýerlerden aryp gelen deý
Seniň bilen gussa çeksem deňine.

Duýgularym alyp gaçsa hyýalym,
Duman örten dünýä bilen biriger.
Şatlyk-gülki wada berip soňundan,
Kalby gussalardan doly biri men.

Boýn alýan men,
Gussa çekmän bilmedim,
Bilmedim hiç duýgularmy owsarlap.
Görsene, seň bilen hyýallarymda
Düşnüksiz heň bilen hiňlenip ýörşüm.
Aýtsana, şonuň üçinmi ýa, Güýzüm,
Seň gelerňe men şeýle bir howlugýan.


@Esma.
7 лайков 163 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
28 авг 2022, 21:25
"Men güýzleriň sepgidinde oýansam."

Güýz (leriň) sepgidi niri bolýarka?!
Esma
Автор 29 авг 2022, 20:54
Hiayress,
Düýnden bäri tesbirňize jogap ýazjak bolýan welin ýanymyzda inter haýaldygyndanmy nämemi gitmeýänçiden bolup durda.

Adatça "Men güýzleriň sepgidinde oýansam" diýmegimiň sebäbi, men az wagtdan 33 ýaşap barýan ömrümiň güýz paslyna ýakynladym belki tomus bilen güýzüň sepgidinde, pikirlerim oýansa, güzlere meňzäp agraslansam goýalsam diýdigimdir.