Depelenen namysymyň ary (Dowamy)
Depelenen namysymyñ ar:y
2-nji bölüm
--Aýgül al, suw içip şujagaz ýerde oturup garaşaý, men zatlary alyşdyraýyn
-- diýip, başga jaýa geçdi. Men elimdäki suwy içdim we biraz wagt geçensoň gözüm ýumulyp, ukym gelip başlady. Başym aýlanýady. Elimdäki suwly bulguryň ýere gaçanyny bilýän, yzy ýadyma düşenok. Gözümi açamda Merdan ýanymdady. Ol maňa ýylgyrdyda:
--Öýüňdäkiler indi hem bermän görsündä.. diýip gatydan güldi.
Ana, Şol gün meniň gyzlyk dünýäm tamam boldy. Men Merdan näme diýse etmäge mejburdym. Indi ygtyýarym şonuň elinde-di. Ol men bilen bir aý ýaly gowy, mähirli gürleşdi. Meni ýere göge ynanmazdy. Emma bir aý wagt geçenden soň ol düýpgöter üýtgedi. Bir gün habarlaşsa, bir hepde ýitip gidýärdi. Özüm jaň etsem, “Diliň gysga bolansoň jaň edýäňmi, ozala men gerek däldim. Indi men gerek boldummy?” diýip haýbat atardy. Men alaçsyz oňa jaň etmegimi goýdum. Onuň ol sözleri maňa juda agyr degipdi. Özi aklyna aýlanar diýen tama bilen men oňa jaň etmegimi bes etdim. Her günüm gaýgy alada bilen geçerdi. Ejeme kakama ýagdaýymy bildirmejek bolup ja:n ederdim. Gapymyzdan bolsa bir sawyçy gitse, ikinjisi gapy kakardy. Men bolsa geleni gaýtaryp oturanyma ejem geňirgendi. Olar maňa näme bolýanyny aňjak bolýan ýalydy. Ýene alaçsyz Merdana jaň etmeli boldum:
--Alo, Salam Merdan.
--Salam!
--Gowmy ýagdaýlaryň?
--Onat, hä, näme gepiň bar?
--Merdan bu nä boluş? Sen öň beýle däldiň? Saňa näme bolýä? Biziň öýe sawçylar
gelýä. Öýdäkiler meni durmuşä çykarjak bolýalar.
--Çykaý, maňa näme üçin aýdýaň ony?
--Merdan, seniň diýip duran zadyň näme? Biziň aramyzda bolan waka...
--Aýgül, biziň aramyzda hiç zadam bolanok. Men saňa hiç zadam etmedim.Kim
görüpdir bir zat edenimi? Men aýalymy gaýtaryp getirdim öýüme. Men aýalym
bilen ýaşajak. Senem bagtly bol!
--Merdan, sen näme diýýän? Men nädip toý edeýin? Men nä ýüzüme başga bir
oglana...
Eýýäm telefon öçürülipdi. Men däliräýjek boldum. Her gün Allaha ölmek üçin ýalbardym. Işe gidesim, ile çykasym gelenokdy. Joralarymyň ýanyna barmaga kemsinerdim. Köçä çyksam Merdan öňümden çykyp maňa barmagyny çommaldyp gülajek ýalydy. Il meni näletläp, daşlaýjak ýaly duýuldy maňa. Bu halatdan çykmak üçin çykalga gözläp, gijeleri aglap Allaha ýalbarardym. “Allahym men indi eje bolup bilmerinmi, bäbejigimi bagryma basyp bilmerinmi” diýip aglardym. Şäher meni ýuwudyp baýan ýalydy. Şähere sygamokdym. Ölüm bu kynçylykdan çykalga däldigini bilsemem ölmek islegi gün-günden artýardy. Emma ejem kakamy hem taşlap gidesim gelenokdy. Ahyry alaçsyz, işden bir aý zähmet rugsadyna çykyp oba enemlere girdim. Ol ýerde ekinlere güýmendim. Enemiň rowaýatlaryny diňläp, biraz göwnüm ýerine düşen ýaly bolardy. Emma: “Men indi bagtly bolup bilmerin, eje bolup, mähiriban çagajyklarymy bagryma basyp bilmerin” diýip pikir ederdim. Şu pikirlere gark bolup hemişe ekiniň gyrasynda aglar oturardym.
Günleriň bir güni
--Salam, aglak gyzjagaz! Hemişe şu ýerde aglaýanyňy görýän. Näme bolýa?—
diýen sese tisginip gitdim. Bu obadaky goňşymyz Enegül daýzanyň ogly
Yhlasdy. Yhlasy çagalykdan tanaýadym. Ýone orta mekdebi dynyp okuwa
girelim bäri ony göremokdym. Ol hem okuwyny dynyp şäherde işe ýerleşmek
aladasy bilen ýören eken. Ol bilen gürrüňdeş bolup günümiň nähili geçeninem
duýmandyryn. Yhlas günde ekiniň gyrasyna meniň ýanyma gelerdi. Ol bilen çagalygymyzy ýatlap gülüşip degişerdik. Şol günleriň birinde Yhlas mana;
--Aýgül, ine biz bir-birimizi çagalykdan tanaýas. Şunça wagtdan soň hem duşmak
nesip etdi. Emma sen ýene ertir gidip barýaň. Gepiň gysgasy men seni halaýan
Aýgül. Eger seniň söz beren ýigidiň ýok bolsa men size ejemi ugratjak..
Men göni “Ýok ugratma” diýdim-de öýe gaýtdym. Öýe girip, sesim çykmaz ýaly
ýassyga ýüzümi goýup agladym. Içimi it ýyrtyp, namys azaby gün berenokdy.
Göz öňümde Merdanyň şol eden işi janlanýardy. Unutmak islänlerim ýene göz
öňümde janlandyr. Ertesi gün haýal etmän şähere dolandym. Ýene işime
başladym. Aradan iki üç gün geçensoň meni idäp Yhlas geldi. Ol juda
gaharlydy. Işe geldi-de bir minut daşara çykaý, gepim bar diýip gapyny ýapdy.
Men daşary çykdym. Yhlasyň gaşlary çytylan:
--Aýgül, aýtman, sagbollaşman gaýdaýypsyň-la? Bolýa, söýmeseňem,
Dostlugymyzyň hormaty beýtmeli daldiň. Men saňa öz ýüregimi açdyma. Bilýän
men saňa mynasyp däl! Şonda-da nädeýin ýürekdä, diýeniňi edipdurmy?
--Beýle, diýme Yhlas, sen oran gowy oglan. Saňa hormat goýýan. Gaýtam men
saňa mynasyp däl! Gowsy sen menden göwnüňi üz. Menden el çek. Okunmeli
bolaýmagyn!
--Näme üçin beýle diýýäň Aýgül, Näme üçin senden el çekmelimişim?
--Meni günüme goý, haýyş edýän.
--Aýgül, men işden çykýançaň şu ýerde garaşaryn we name sebäpden beýle
diýýäniňi aýdýançaň gitmerin- diýdi
Menem zat diýmän işe girdim. Yhlas uzakly gün garaşdy. Iş wagt
gutaransoň ol ýene garşyma çykyp:
--Gel şu seýil bagda oturup gürleşeli—diýdi. Men razy boldum. Ol menden
umydyny üzer ýaly oňa ähli zady aýtmagy ýüregime düwdüm. Ol meniň üçin
namys hem bolsa Yhlasa umyt bermäge hakym ýokdy. Ol heniz öýlenmedik ýaş
oglan, ol mendenem has gowy gyza mynasypdy. Her bir ene çagasynyň bagtyny
görmek üçin ösdürip ýetişdirýär ahyry. Men bir enäniň gözüniň agy-garasy bolan
ogluny bagtsyz etmäge ynsabym ýol bermedi.
--Yhlas, sen maňa dogry düşün. Men saňa mynasyp gyz däl, düşünäý. Men seni
aldasym gelenok. Sen meniň çagalyk dostum ahyry. Sen maňa öňüräk duşan
bolanyňda razy bolardym, emma hazir saňa razy bolup bilmerin.
Yhlas meniň sözlerimden hemme zady aňan yaly ýüzüme seretdi-de:
--Namys meselesimi?—diýip sorady.
Men damagym dolup ol ýerden gaýtdym. Yhlas yzymdan ylgap meni
saklady-da.
--Men saňa ynanýan- diýip yzyna öwrülip gitdi. Aradan bir hepde wagt geçdi.
Dynç güni-di. Men öý işleri bilen gümra bolup ýörkäm, birden gapy kakyldy.
Bu gelen myhman Yhlasyň ejesi Enegül daýzady. Yhlas ejesini bize sawçylyga
ugardypdyr. Men ýene garşy boldum. Razlyk bermedim. Yhlas maňa öýlenmek
isleýänligini aýdyp kän jaň etdi. Işe gelip gitdi. Emma men Yhlasa ynsapsyzlyk
edýän ýalydym. Wagty gelip öküner öýdýädim. Emma Yhlas menden el
çekmedi. Işde otyrkam maňa jaň etdi
--Alo, Salam Aýgül, Gowmy yagdaýlaryň?
--Salam Yhlas, onat, senem gowmy?
--Menem erbet däl, Meni diňle Aýgül, men saňa düşünýän. Ýöne durmuş dowam
edýä. Men seni bolşuň ýaly kabul etmäge taýyn. Sebäbini bilýäňmi? Sebäbi sen
namartlamadyň, maňa dogryňy aýtdyň. Sen meni aldap hem gelip bilerdiň maňa.
Emma sen dogryňy aýdyp, özüň ynsaply gyzdygyňy subut etdiň. Sen meni şol iň
möhüm meselede aldamadyň, galan zatlarda-da aldamajagyňa ynanýan. Men seni
bolşuň ýaly söýdüm, ökünmerin sen ýaly mert gyz alanyma. Ertir öýdäkiler barar.
Razy bolgun, bolýamy?—diýidi.
Men Yhlasyň bolşuna haýran galdym. Allahym meniň dileglerimi eşidip maňa
ikinji sapar mümkinçilik berdi. Men Yhlasa çykmaga razy boldum. Toýumyz
boldy. Meni hiç gyzdan kem etmän, toý edip öýlendi. Şu wagta çenli geçmişimi
ýüzüme basanok. Ine birje oglumyz bar. Men juda bagtly jorajan.
Men durmuşda bir zada düşündim. Nähili kynçylyk bolanda-da ruhdan düşmeli
dal eken. Kynçylyklar- synag bolýan eken. Eger şolary ýeňip bilsen bagtyň özi
seni tapýan eken. Durmuşda esasy zat dogry sözläp, ähli kynçylygy sabyr takat
bilen ýeňip geçmek ekenligine düşünip galdym.
--Aýgül, seniň hem görmedik görgiň ýok eken-le jora. Tüweleme mert bolup ýeňip
geçipsiň hemme zady. Emma meniň düşünmedik zadym seniň bu hekaýaňa
seniň ýaky hal-ahwal soraşan adamyň näme dahyly bar?
--Ol adam Merdan.
--Näme? Oňa näme bolupdyr?
--Bir dostunyň aýtmagyna görä, ol aýaly bilen ýene oňuşman ýoluny urdurypdyr.
Awtoheläkçilige uçrapdyr we şu ýagdaýa düşüpdir. Ony kim bu ýere getirýä, kim
alyp gidýa bilemok. Emma meniň oňa ýüregim awaýa. Wagtynda ýalňyşyna
düşünmän, biziň bagt guşumyzy uçurmadyk bolanynda belki ol häzir beyle
ýagdaýa düşmezdi.
--Jora, sen ony häzirem söýýäňmi? Şonuň üçin ondan habar tutýaňmy?
--Ýok-la, yöne ejizlän adamyň üstünden gülmeli dalde, oňa kömek etmeli ahyry.
Men ony söýemok, oňa diňeje ýüregim awaýa. Maňa hakyky söýginiň nahili
bolmalydygyny öwreden Yhlas ahyry. Ol men oguljugymyň kakasy, meni
masgaraçylykdan alyp galan, namysymyň goragçysy ahyry. Onsan men öz
ýoldaşymy neneň söýmäýin.
Şol wagt iki joranyň gürrüňini uzagrakdan gelýän ses böldi:
--Gybatçy gelinler, gybatyňyz gutaran bolsa öýe baraýalyň—diýip Yhlas ýylygyp
durdy.
Aýgül bolsa:
--Oglum seret kakaň gelipdir—diýip Yhlasa seredip bagtly ýylgyrdy.
Şol seýilbagyň oturgujynda oturan maýyp adamyň bolsa elindäki kitabyň sahypalaryna göz ýaşalary damja- damja bolup damýardy...
Soňy...

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.