"Altynjan hatyn" eserinden

Käbe şerbeti – kofe. «Kofe» sözi Käbe sözkökündendir. Ko fäniň ilki dörän ýeri hem Arabystandyr.
Gapydan – emiriň hyzmatyndaky hyzmatkärleriň ýolbaşçysy. «Kapitan» sözüniň sözköki «gapydan» sözündendir.
Gözel gyz döwletleri – Ýewropa döwletleri. Ýewropa – gyzyň ady.
Dehkan (dah han) – bu söz malymülki bolan gurply mülkdar adamy aňladýar. Emma her döwürde ol täze mana, täze öwüşgine eýe bolupdyr. Häzirki döwürde ol daýhan, ekerançy manysyna eýe. Daýhan sözköki «dah han» diýen iki sözden ybarat. Gadymy döwürlerde pederlerimiz dahlar diýlip atlandyrylypdyr.
Eljuk – aç. Bu sözüň sözköki arap dilindendir. Juk – aç diýmekdir, «el» bolsa arap dilinde atlaryň öňünden goşulýan goşulmadyr.
Gurultaý (gurultoý) – Bu sözüň sözköki «gurulyş toýy» diýen düşünjeden dörändir, gadymyýetden başlap türkmen halky täze döwlet gurjak bolanda «gurultoý (gurulyş toýy)», ýagny gurultaý geçiripdir.
Ýusup pygamberden bäri möjegiň agzy iýse-de gan, iýmese-de – Ýusup pygamber baradaky meşhur rowaýatda onuň doganlarynyň öz inilerine göripligi, şol göriplik sebäplide Ýusuby öldürdim edip, bir gurruk guýa taşlap gidişleri, soňundan hem doganlaryň öýlerine baryp: «Ýusuby möjek iýdi» diýip aglaýyşlary, wagtyň geçmegi bilen bu etmişiň üstüniň açylyşy beýan edilýär. Şol wakadan soň «Möjegiň agzy iýsede gan, iýmesede» diýen pähim döreýär. Bu nakyl häzirki döwürdede ýörgünli.
Uweýs Karani (Weýsel Gara, Weýis baba) – Bedr guýusy nyň ýanynda bolan söweş wagtynda Muhammet aleýhissalamyň bir dişi gaçýar. Muhammet pygambere düýrmegi bilen uýýan ýemenli sopy Uweýs Karani pygambere duýgudaşlyk bildirmek maksady bilen özüniň ähli dişini ýeke-ýekeden goparypdyr. Uweýs Karaniniň otuz iki dişi bilen Muhammet pygamberiň bir dişi musulman tesbisini emele getiripdir.
Al-ydrarat – pensiýa. «Türkmen şalyklarynda şeýle bir edehät bardy, olar özünden ozalky şalaryň, hanlaryň bellän ydraratlaryny, hamana, özleri bellän ýaly tölärdiler, hatda basyp alan ýurtlarynda duşman şanyň bellän ydraratlarynam wagtynda tölärdiler. Olar şonuň ýaly, ozaldan tölenip ýören zatlary ýatyrmagy ýaramaz alamat bilerdiler, soltan Mahmyt ibn Söbükteginiň tölemeli eden adamlaryna hem wagtly wagtyndajyk hakyny bererdiler. Söbükteginden soň seljuk şalary Söbükteginiň bellän ydraratlaryny tölediler, özlerem ydraratlary bellediler. Horezmşalary bolsa seljuk şalarynyň bu asylly däbini gylyny gymyldatman durmuşa geçirýärdiler». (Muhammet Nesewi. Soltan Jelaleddin Meňburnuň ömür beýany. 2001 ý.).
It gary – gyşyň birinji gary. It gary topbak tutmaýar, ol şeker deýin seçelenýär.
1 лайков 192 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
01 сен 2022, 16:28
Maňa şu eseri ugradyp beräýiň. Soraşdyryp ýördüm arada. (Internetde bar diýmäň, men alyp bilemok.)
menembiri
01 сен 2022, 16:36
Uweýs Karani (Weýsel Gara, Weýis baba) – Bedr guýusy nyň ýanynda bolan söweş wagtynda Muhammet aleýhissalamyň bir dişi gaçýar. Muhammet pygambere düýrmegi bilen uýýan ýemenli sopy Uweýs Karani pygambere duýgudaşlyk bildirmek maksady bilen özüniň ähli dişini ýeke-ýekeden goparypdyr. Uweýs Karaniniň otuz iki dişi bilen Muhammet pygamberiň bir dişi musulman tesbisini emele getiripdir.
Baryp yatan pathalim eken!!!!
picasso
Автор 01 сен 2022, 16:47
Nirvana on № 1Şu gün, 16:28

Maňa şu eseri ugradyp beräýiň. Soraşdyryp ýördüm arada. (Internetde bar diýmäň, men alyp bilemok.)

Sahsa girenoga mende kitaphanada goyup bolanok