KAÝYLLYK

Daga çykmakçydym, käbäm,
Dag aýdymyn aýtdym, eje!
Beýikde başym aýlandy,
Aglap yza gaýtdym, eje!

Indi bolsa çöketlerde
Aga-ýana aýlanýaryn.
Çolaryp galsa-da daşym,
Hyýallarma güýmenýärin.

Günler bilen hümürdeşip,
Ýyllar bilen syr alyşýan.
Kyn bolupdy ilkibaşda,
Ind-ä az-kem öwrenişýän.

Sypalaýan gülleň ýüzün,
Serimem sämänok gaty.
Daglara dil ýetiremok,
Olar dünýäniň gudraty.

Ýerde ýaşap ýören gyzyň
Ne bürgüt, ne keýik, eje!
Daglara git diýmesene,
Daglar gaty beýik, eje!



✏️ Suraý BABANYÝAZOWA
4 лайков 165 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
yusupahmet12
07 сен 2022, 19:58
Berekella, berekella. Birwagytlar Şahribossanyñ goşgylaryny howes bilen okayardym. Suraÿ hem şygyr mazmunyny inçelik bilen bezemage ukyply şahyr. Berekella. Heniz yaş bolsa-da, onuñ goşgylarynda kyrk elli yaşdaky ynsanyñ goÿazy payhasy duyulyar.