ÝAGYŞLY GIJE
Gijäniň ýary. Daşarda ýagyş ýagýar. Indiki penjireler damjalaryň şybyrdysyny öýe eşitdirmeýär. Bogunlaryňdaky agyrylar duýduraýmasa, ýagyşyň ýagýanam bildirenok. Gyş bolsun, ýaz bolsun, biziň ýagyşlarymyz ygallyk ýurtlardaky ýaly bir başlansoň hepdeläp, hatda aýlap diňmäni bilmeýän ýagyşdan bolmansoň, bir salym ýagar, diňer. Bu-da Gün dogmanka diňse gerek. Gadyrly myhman ýaly, geler-gider. Gelende begendirer, gidende-de bir hili özüni küýsedýän inçe duýgulary goýup gider. Damjalary teşnelik bilen özüne siňdirýän topragyň haly, gör, niçikdir? Ýagyşyň şeýle çalt geçenine gynanjyna ol bugaryp, ümür-dumana bürener. Howada-da kir-kimir galmaz. Ýapragyny döken agaçlaryň şahalary ýagyş suwuna suwa düşünendiklerine, onuň damjalaryny özlerine siňdirip bildikleriçe siňdirendiklerine, armanlary ýokdur. Arman, bu uzaga çekmez, olar sähel şemala gurar. Ümür syrylyp, topragam çalygar.
Çygly ýurtlarda munuň şeýle bolaryna ýagyşly günden beter garaşýarlar. Bulutlar syrylyp, bahymrak Gün çyksady diýýärler. Biz welin onuň tersine, ýagyş uzak ýagdygyça begenýäris. Gadyrly myhmany öýden ugradasymyzyň gelmeýişi ýaly. Ýöne myhmanyňkam üç gün. Bizde ýagyşam diňmän, setanda-seýranda bolaýmasa, üç gün nire, bir günden kän ýaganok. Bu gezegem şeýle boljakdygyny “howa maglumatçylary” öňünden aýdandyr.
Ukudan doly açylan aňymdan “Ömrüňi şu ýagyş ýaly gysga-da bolsa, siňňitli ýaşap geçirsediň” diýen pikir geçýär. “Özüňem ýadaman, töweregiňem ýadatman, gideniňden soň küýselip durlar ýaly ýaşap geçsediň” diýlen düşünjeden, dogrusy, beýnim ýagyr bolandyr. Ony gaty köp ýerde eşitdimem, okadymam. Ine, özümem içimden gaýtalap otyryn. Ol her kimiň elýetmez arzuwy ýaly. Jygba-jyga gelse welin, janyň sag, süňňüňe buýrup, bir gün artyk ýaşap bilseň şonça gowy. Ýaşamak ýadatmaýar.
Ýaşaýyşyň özi-hä, milliomlarça ýyl bäri dowam edip dur, ýene-de dowam eder diýýärler. Ýöne heňňam garramaýar diýselerem, onuňam garraýandygyny alymlar aýdýar. Geçmejek zat, diňmejek ýagyş ýok bolmaga çemeli. Ýagyşdan soň bolsa, dünýä has tämiz, päk, arassa bolýar...
Görogly näme üçin özüne 120 ýaş diledikä? Has dogrusy, “Görogly” eserini döredenler oňa näme üçin şeýle uzak ýaşy diletdilerkä? Dünýeden gansyn diýipmi? Içinde Çardagly Çandybiliň arassa howasyndan ýene bir gezejik kükregimi dolduraýyn diýen arman galmasyn diýdilermikä? Ol ahyrynda şeýle-de boldumyka? Eserde Watanyny duşmanlaryndan gorajak bolup, ahyrky demine çenli elinden egri gylyjyny düşürmedik Görogly, ömrüniň tamamlanjak pursadynam ýadyndan çykarana meňzeýär. Ol “Bu gün meniň ömrümiň soňky güni, aýagymy uzyn salyp ýataýyn-la” diýmändir. Dogrusy, muny oňa diýdirmändirler.
Halk gahrymany şeýle-de bolmaly. Çünki her kim ondan görelde alýar, ömrüni onuňka meňzeş geçirmäge çalyşýar. Oglanlygyndan her kimiň Görogly, Bezirgen bolmak arzuwy. Genjim baýa deňeseler welin gaharyň geler. Gyzlaryň Agaýunus peri, ýa Aýsoltan bolasy gelýändir. Görogly ýaly ýigide ýanýoldaş ýa Bezirgene uýa bolmak üçin.
Aýnanyň ýüzünden syrygýan damjalar ejemi ýatlatdy. Onuň pagta ýaly ýumşak elleri bardy. Şol ellere başymy goýmagy halardym. Körpeligimden bolmagam mümkin.
Ýadyma düşýär bir giden ýerimden uzagyrak eglenip gelip, kakam bilen elleşip görüşemde, elimi goýberesi gelmändi. Menem utanypdym. Soňam ol gülüp: “Iýen-içeniň özüňki, hany, gören-eşidenleriňden habar ber” diýdi. Ýüzüne göni seretmäge çekinýän kakama gören-eşidenlerimi nädip habar bereýin?! Öz jaýyma girip çykman oňdym. Gulagym welin kakam dagyň bolýan otagynda. Kakam ejeme bir zatlar diýip gülýär. Maňa gülýändir. Menem bärden ýylgyrypdym... Häzirem ýylgyranymy bilmän galypdyryn. Soň ejem kakamyň nämä gülenini gürrüň beripdi. Men bäbekkäm erbet igläpdirin. Adam bolmaz öýdüpdirler. Kakam şony ýatlap: Tüweleme, ýigit çykaýdy” diýip gülüpdir... Ýyl geçip dur. Kakalar özleriniň garraýandyklaryny unudyp, ogullarynyň ýigit çykanyna begenýärler. Nähili geň dünýe!
Ýagyşyň her damjasyny bir perişde göterip gelermiş diýip eşidipdim. Çynmy-ýalanmy bilmedim, ýöne olar ýönekeý damjalar-a däl. Ýagyşyň aşagynda durup, elimiň aýasyna ýygnananja damjany ýüzüme sylaýyn diýdim. Ýatanlary örüzäýmäýin diýip, pişik basyşyny edip öýden çykdym. Gökden ýagýan gar gatyşykly ýagyş eken. Şabyrdap, sesem edenok, ümsümje ýagyp dur. Onýança öýden biri çykdy.
- Ata, ukyň tutanokmy? Sowug-a, üşäýme.
Bu on bir ýaşlyja agtyjagym.
- Bardym, oglum, bardym. Maňa diýýäň, özüň üşärsiň. Egniňem ýuka.
Biz derrew öýe girdik. Eneleri, doganlaram oýanypdyr. “Öýüň doly perişdekä, ony ýagşyň aşagyndan gözläp ýörmäň näme?” diýip özüme käýindim.
Ylýas Amangeldi

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.