Durmuş sapagy...

Garagol çaga kakasyny gaty gaharlandyrýardy. Etme diýenini edip. Et diyenini etmän. Ýyllaryň geçmegi bilen ýetginjek ýaşa ýeten çaga ýene kakasyny gaharlandyrjak iş edipdi. Muňa sabyr
käsesi dolan kakasy Orazberdi aga ogluna:
– Adam bolmarsyň sen - diýip uly ses bilen gatyrganýar. Ogly hem bu gepi gaty görüp kakasyna gaharlanyp:
– Ine görersiň nähili bolýamyşym - diýip öyüň gapysyny şakyrdadyp ýapyp öýden gidýär. Şol gidişine öýe hiç gelmeýär. Ýyllaryň geçmegi bilen ýaňky oglan uniwersiteti gutarýar. Maşgalaly bolýar. Jaýy, maşyny, işi, iş edarasy bolýar. Bir gün Orazberdi aga öz işi bilen meşgullanyp ýörkä gapy kakylýar. Gapyny açýar, seretse iki sany geýnüwli daýow adamlar:
– Ýaşuly, siz biz bilen gitmeli - diýip iki golundan tutup maşyna salyp alyp gidýärler. Orazberdi aga nirä barýanyna düşünip ýetişmänkä ýaňky iki daýow adamlar bir edaraň otagyna eltýärler. Otagyň içi uly, hemme zat ýerbe ýer bir başlygyň otagyna meňzeýärdi. Stoluň başynda oturgyjy ters öwrüp oturan adam Orazberdi agany görüp:
– Kaka, geldiňmi - diýip gürlemegini dowam edyär.
– Seret kaka, men seň isleýşiň ýaly boldum. Başlyk boldum. Şu edaraň hemmesi maňa degişli. Indi ynjaldyňyzmy? - diýip sözüni soňlaýa. Kakasy Orazberdi aga gamgyn gözleri bilen gomparyp duran ogluna seredip:
– Wahhh, oglum. Men saňa başlyk bolmarsyň diýmedimä, ADAM bolmarsyň diydim.
- O nähili kaka? - diýip ogly geňirgenip soraýa.
– Eger adamçylygyň bolsady gowy habaryňy aýtmak üçin iki adam ugradyp meni aýagyňa çenli getirmezdiň, özüň gelip gapymy kakardyň - diýip gamgyn ädimler bilen öýüne rowana bolýar.
4 лайков 184 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gulibef De Blokwil
12 сен 2022, 22:53
Sagbolun.