Güýz

GÜÝZ

Sary meňzi ýar roýuna kybap güýz,
Zer jähekli donuň geýip geldiňmi!
Ikimizem ýagşylyk diýp kebap, güýz,
Ýaz ilimi göreý diýip geldiňmi!

Aýlanaýyn oýa batyp durşuňa,
Tylla zülpüň egne atyp durşuňa,
Zer çaýyplar paýhas diýen gurşuna,
Çasly gülkülerňi goýup geldiňmi!

Bu dünýede gaýyk kimin yrandym,
Gahar etdim, ýuwaşadym, ynandym,
Seniň tämizligiň peýmanym-antym,
Ýa meni halymy duýup geldiňmi!

Aýralykdan gara gözler girýandyr,
Ejizleseň, suw-sil edip barýandyr,
Gel, solgun gözlermi şugladan gandyr,
Ýa senem ýüregi köýük geldiňmi!

Seni görüp bir tisgindim, oturdym,
Bolany-geçeni aňdan ötürdim,
Manysyna soň düşülýän setirsiň,
Ýa-da Magtymgula uýup geldiňmi.

* * *

Ogul-gyzy hakdan içen,
Ýazlarynda kelle göçen,
Arkadagym heran-haçan,
Sähralardan aýyrmasyn.

Saba-säher uz oýansam,
Kirpiginde näz oýanan,
Ýylgyrşyndan ýaz oýanan,
Ýalňyz ýardan aýyrmasyn.

ýüregimiz üzüm-üzüm,
Jigerbendiň, gara gözüň,
Alma kimin düzüm-düzüm,
Bagdan-bardan aýyrmasyn.

Gara başyn daşa dözen,
Gara gözün ýaşa dözen,
Gardaş diýip bagryn ezen,
Dosty-ýardan aýyrmasyn.

Ýazlar kimiň joşupmy sen,
Wysalyňa duşupmy sen,
Şahyrmy sen, aşykmy sen,
Namys-ardan aýyrmasyn.

* * *

Ýene seni ýada salyp erikler,
başa gülli ýaglygyny orandy.
Bilmen senden öwrenipmi, görüpmi,
Golun suwa sokup otyr toraňňy!

Baglar gijelige syçradyp ýagty,
Ýaşyl tütün bolanynda heserden.
Erik güllänini dünýäniň bagty
Hemem öz myradyň saýar gezerdiň.

Wysal bilen gitdiň,
Dälibaş dünýe,
Ýaşyl gaýnawynda gaýnap duranda,
"Bagtly bol!" diýýän dek ýylgyryp tümler,
Ýaplar dile gelip, saýrap duranda.

Adamyň birgeňsi häsiýeti bar,
Ýazyksyz bir zada öwrülip käte.
Mähri siňen adamlary ýatlaýar,
Bir wagt gören düýşi düşýän deý ýada.

Bu baharda ýene seni ýatlaýan
Güllän agaç deýin,
Günäsiz gül deý.
Gije sansyz şemlerini otlaýar,
Gündizi geýinýär bu dogduk ülke.

Seniň bagtlydygňa ynanjym hakdyr,
Ony siller almaz, ýyldyrym urmaz,
Men bu gün yşk edip bahara bakdym,
Başymy sypady,
"Boýnuňy burma!"

Ine, onsoň şuny ýüregim syzdy,
Sen bagtly bolmanam bilermiň heý-de!
Ýogsa bu toraňňy aýdym aýtmazdy,
Ýogsa bu erkiler çogmazdy beýle!

Mämmetnazar BABANAZAROW.

"Diýar" žurnaly, 1992
0 лайков 88 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.