TOÝDA MASGARA BOLMAK (@McM)

"TOÝDA MASGARA BOLMAK" (@McM)

Orta mekdebi gutaran ýylymdy, hala$ýan gyzym bilen sene-mene
edipdim, 1 hepde ýaly gürle$medik. 1 hepde lapym keç bolup gezdim,
çaý-çörek bilenem i$im bolmady, oglanlar bilenem görü$emokdym.
Her 1 sagatda bir, dyrmyyp agaçlañ depesine çykyp " Nâme üçin hã?
Nãme üçiiiiiin?" diýip gygyrýardym, agaçlañ ýapragyny çeýnãp
ýuwdýardym, garaz, gynanjyma nãme edip ýörenimi özimem bilemokdym. Gyz bolsa, barmysyñam diýenokdy,
hatlaryma,habarlaryma jogap bermeýârdi. ne bir gün, gullukdan tâzerãk
gelen goñ$ymyz, " gullukda$ym toý edýâr, bile gideli, köp durjak dâl
menem, 1-2 sagat oturyp gaýdarys, hem-em göwniñ açylar. Beýdip Kapuçin maýmynlary yaly bolup ýörme" diýdi. Menem ilki ýok
diýsemem, soñ gideýin diýdim. Dogrudanam, göwnim açylmagy
mümkindi. Geýindim, üstime fason duhiden sepinip toýa diýip öýden
çykdyk. Barsak toý ba$lapdyr, gullukda$laryna-da aýratynja ýerberipdirler, oglanlar iýip-içip otyrlar. Oturdyk bizem, goñ$y oglan
gullukda$lary bilen gujakla$dy, menem ýeke-ýeke tany$dyrdy. Keýpimem ÿok, nahar bilenem i$im ýok. Tâze gelin ýaly usuljyk bilen
öñümdãkilerden iýip otyryn.Ýanymda oturan gullukda$larynyñ biri,
arak guýjak boldy. Ÿok, guýma, diýdim.Goñ$ymam " içseneaý-ow,
azajygam bolsa derdiñi ýatdan çykararsyñ" diýdi. Soñam gygyryp-
gygyryp "Aý hala$ýany bilen dawala$ypdyrlaý,ýa$lar-da nâtjek" diýýã.
( görenem 80 ýa$ly ýa$ulymyka diýer, özi menden 2 ýa$ uly). Beýle
diýen soñ, oglanlar hasam " Al iç" diýip dyzadylar, gazaklar ýaly "Al dawaý, al dawaý" diý$ip. Bir gezek göterdim, 2gezek göterdim,
oglanlaram meni haladylar, gül$üp-degi$ip ba$adyk. Gaýgy-gam
azaldy, wagtlaýynça ýatdan çykdy hemme zat. Men serho$rak bolup
ba$lanymy duýyp ba$lapdym, indi içmâýin diýsemem ýanymda oturan
oglan "maña ýolda$ bol" diýip guýýa, goñ$y oglanam öz ýanynda
oturan oglany gujaklaýa, o-da tüpeñ bolupdyr. Dostlar, bilýänsiñiz,
gullukdan tâzerãk gelen oglanlaryñ bar gürrüñi gulluk baradadyr. Men
$eýle gezdim, men $eýle depdim, komandir meni gowy görýãrdi, aý,
maña çast-da gal diýdiler welin galmadym, gulluk eden ýerimde
hala$ýan gyzym bardy $.m. Meñem iñ halamaýan gürrüñim $olar ýaly
gürrüñ. Arabskiý çast-da gulluk edipdir, hamana Stalingrad-da gulluk
eden ýaly gürrüñ berýâr. lki ba$da aýdanynyñ zyýanam ýok welin, dâliñ
bellãni demirýol diýli$i ýaly, $ol bir gaýtalan zadyny gaýtalaýar. Soñ, gürrüñi ba$ga tarapa sowmak üçin tans edeli diýdim. Bolýa diýip
ýerinden turdy. Bag$ylaram bolgusyzja bag$ylar, bir zatlara tyññyrdadýarlar, ýatke$liklerem gowy dãl öýdýãn, 2 sagadyñ içinde $ol
bir aýdymy 20 gezek gaýtalap aýtdy. Menem köprãk içenimdenmi ýa 2
sagatlap gulluk gürrüñi diñlãnimdenmi bilemok, serho$ bolupdyryn,
halk aýdymda kü$tdepdi depip ýören boldum. Hiçkimem gelip diýenok,
"Dost, halk aýdymda kü$tdepdi depýãñ, sizden ba$ga hiçkim ýok tans
edýan" diýip. Aý, seredip gülü$ýãndirlerle. Soñ, gullukda$lary hem
geldiler, olaryñam ýagdaýy gowy. Böküp-böküp tans edýârler. Oglanlar
çapak çalyp" Hooooww, heeew" diýýárler, menem gowy tans edýãmikãm diýip jo$ýan,hamana, deñizde balyk, tokaýda ýolbars, "Tanssor disko-da" Mithun Çakraborti men. Özimi ýitirip tans edýân,
gara der bolup. Aý nâme, köprâk içipdirin, onsoñam, gyz bilen
sögi$emsoñ nâçe gün bâri keýpim ýok, toýda jo$dum-da gadyrdan agza.
$eýdip tans edip ýörkãm, birden aýagym taýýan ýaly boldy. Seretsem,
tans edip ýören ýerimizde ölrãk bir ýer bar ekeni. Köw$imem
Alladdiniñ lampoçkasy ýaly köwü$, öñi galyp dur, sãhel öl bolsa taýjak
bolupdur. Menem oglanlara diýýân "Eý, $u ýere seresap boluñ, taýyp
ýykylaýmañ-ow". Taýýan ýer ýatdan çykdy, guduzlan it ýaly tans edip
ýörin, gidip ba$ga krugdaky daýzalar bilen tans edýân, ol taýdan ýene
öz krugymyza gelýãn. $ol taýýan ýere gelenimde, böken boldymmy
nãmemi, sag aýagymy ýere basdym welin sag aýagym taýdy. Menem
özimi saklajak bolup elimi ýere goýdum,eñegim tas çep dyzyma
degipdi. Düýegu$ ýaly kellãm a$akda, syrtym ýokarda, palçyga giren
inomarka ma$yn ýaly dyzap duryn ýykylmajak bolup. Bu diýýãnýzatlarymyñ hemmesem 10 sekuntda bolup geçýâr. Zordan
ýykylman durdym, oglanlañ birem, gelip elimden tutyp turuzdy.
Turuzdy turuzmasyna welin, meñ ýùzim çym-gyzyl boldy. Hawa, özüm
illere "Seresap boluñ, taýýar" diýip duýdursamam, meniñ özim taýypdym. $onda-da bildirmediksirân bolup tans etmãge dowam etdim.
Ýöne, indi azajyk gow$adym, taýan ýerime gelen wagtym uzagrakdan
aýlanyp geçýârdim. Soñ, goñ$ym "Bir zat aýtjak" diýip gyra çekdi. Menem öýe gaýdaly diýjek bolýandyr diýdim. Gulagyma " McM, balagyñ ýyrtylypdyr" diýdi. $ol wagt serho$lykdan açyldym, göýâ, bag$yñ sesi durdy, adamlar çala hereket edýân ýaly bolup görùndi, "Bez lisso" kinosyndaky ýaly restoranda kepderiler uçýardy, özümi Nicolas Cage-in gar$ysyndaky John Trawolta ýaly duýdym. Ýuwa$lyk bilen balagymy barladym, dogrudanam, taýan wagtym, balagymyñ ortasy ýyrtylypdy. Toýdakylar, Nu pogodidâki möjegiñ gülli türsügi ýaly gülli türsigimi gören bolmaklary ahmaldy. " Görünýãmi?" diýip goñ$ymdan soradym, "Ýok, siñe seredáýmeseñ kân bildirenok" diýdi. "Sen nádip gördüñ onda, meñ syrtyma nâme üçin siñe seredýâñ?" diýdim, jogap
bermedi. "Gaýdaly indi, men oglanlar bilen sagbolla$aýyn" diýip gitdi.
Menem stena ýaplanyp durdym, ýene keýpim pozuldy, toýdaky çagalar
gelip barmaklary bilen meni görkezip bir zatlar diý$ip güli$ýârdiler,
muzeýde heýkel synlaýan ýaly meni synlaýardylar. Goñšym geldi, " Ýör gaýdaly" diýdi. Ol öñden ýöredi, menem ýyrtyk ýerim görünâýmesin
diýip Michael Jackson-yñ "Moonwalk" tansy ýaly, yzlykgan aýagymy taýdyryp ýörâp restoran-dan çykdym
6 лайков 268 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Massimus
12 сен 2022, 18:24
Sag boluň. McM-iň beýleki wakalaram bolsa goýaýyň. Ertir.com-yň bezegidi şul agza.
XYIVENIA
Автор 12 сен 2022, 18:28
Massimus
Sag boluň. McM-iň beýleki wakalaram bolsa goýaýyň. Ertir.com-yň bezegidi şul agza.

Bolýa
My life
12 сен 2022, 23:36
Gyzykly gülkünc eken, okap gulkim tutdy)))
Öwreniji
13 сен 2022, 00:20
Hakyky bašdan geçirenlerimi ýadyma düşüp gitdi. ???