Gideýin..
Kalbyňa giripdim owadan bolup,
Şol owadanlygyma çykyp gideýin.
Ýürek-bagrym yşk oduna çirkizip,
Şol uzak ýollary söküp gideýin...
Seň arzuwyň bilen ýetdim her şama,
Bir hepde görmesem batýardym gama,
Ýüreksiz boş göwräm,barsyn obama,
Derýanyň tersine akyp gideýin...
Sen bolmasaň bu ýürekler boş ýaly,
Ajap günler indi bizden daş ýaly,
Kesek atyp, tardan kowlan guş ýaly,
Gapyňda ganatym kakyp gideýin...
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.