Küştbazlar.
KÜŞTBAZLAR
“Şu döwem düz!”.
“Düz, ýene-de ahmyryna!”.
“Dik, göreli, seň edişiňi!”.
“Gel, “Görogly”! Arap Reýhanyň girisine ilen deý, tändirip göwereýin!”...
Garaz, şuňa meňzeş gižži-gižžilije jümleler bilen, sagadyň üç bolannam duýman galaýypdyrlar.
Günde-de şeýle.
Ikisiniňem gözi pomidor lötüne gaçan mäşe dönen.
Ertesem iş.
Baý-baý-uw!
Nirden ýolukd-aý, bü sadrançbazlyk keseli?!
Soňky üç-dört hepde bäri, tüýs ýöne başujundan aýrylybilmeze dönäýdiler-ä.
Küşt tagtasynyň üstünde büküdip oturan ülpetleň biri, säwlik bilen gözüni göterip diwar sagadyna nazar aýlan dessine, oň aňyndan şu pikirler demsalymda zymdyrylyp geçdi.
-Äý, boldy-laý, şep! Gaýdaýyn! Ýene aňyrsy üç sagatdanam öýdäkiň oýandyrawajy: “Tur-uw! Äriňe çam-çümlük taýynla!” diýip, gulagynyň agzynda lägirmäge başlar!-diýdi-de, dikeldi.
Gurşup giden süýekleri nägilelik bilen “hoturt” etdi.
-Hä-ä! Süllümbaý utulanyňa aklyň ýetiýipjik duransoň, “inni giç” diýip bahana tapan bolýan diýsene?!-diýip gözleri, täzeje gandan gerk-gäp bolan oburyňky deý çym-gyzyl döwdeşi, oňa gyjalatly nazar oklady.
“Äý, näme diýseň, şony diýsene! Meň-ä şumat oýun keýpim uçdy!” diýýän pisint, örboýa galan, egnini gysdy.
Hoşlaşdylar.
Köçä çykdy-da, sömp-sömp, gaýtdy.
Ýöräsi gelmeýär.
Kelle diýseň, mähnet tok diňi deýin “hüňläp” dur.
Geçmeli ýolam, bäş köçäni kesip, ondan soňam ýene-de iki çatryk günbatarlygyna...
Owf!
“Şü nemede ýigrim ýyl mundan owal, golaý-goltumraga göçüp bilmedik ýal-aýt!” diýip ol, ýaňyja öýünden çykyp gaýdan küştdeş dosty hakda närazy oýlandy.
Ýöräp gelýär.
Bir köçäni kesip geçdi.
Ikinji çatryga çenli aralygy haýalladyberende, ýaňky goýup gaýdan, soňuna çenli oýnalmadyk döwe seri syrykdy.
“Bäh! “Utuljagyňy bilýä-ä-ň” diýen bolup...Entek kimiň kimi utjagy o tagtaň ýüzünde o diýen neme däl-ä-how... Ine mysal üçin, pili öňe sürüp, perzä haýbat atsaň...”.
Ol ikinji çatrygam kesip geçensoň, özem duýman, şo soňky döwüni öz deregine-de, küştdeşiniň deregine-de hyýalynda oýnap ugrady.
“Onda, olam, ruhy süýşürer-de, meň pilime azm urar. Ýene-de bir göçümdenem patyşama “küşt” berilme howpy abanar...Bäh, nätseň dogry bolarka-raý? Ýa, ýaňky gopbamyň diýşi ýaly: “Jan aga özüň bil!” diýip iki eliňem galdyryp, basylanyňy boýnuňa alaýmaly bolýamy?!...”.
Ol daş-töwereginden bihabar, hatda özüne tumşugyny uzadyp dikilgazyk bolup duran daýaw, nätanyş itiň deňesinden ötýändiginem aňşyrman, içini hümledip barýardy. Öwran-öwranam, öz oýlaryna boýyn çümendiginiň nyşany – göýä, ýeňseçokulyndaky saçyny düşüräýjek bolup, hyruç bilen ýeňsesini gaşalaýardy.
“Ýa-da...ine...INE! Tapdym! Hälden bäri görmeýşimi diýsene! Aty sürmeli!”.
Ol begenip gitdi. Hatda, özüniň küşt tagtasynyň öňünde däldiginem undup, eli bilen howada, şol diýýän çöpüni isleýän öýjügine süýşürýän ýaly hereketem edip goýberdi.
Dessine-de özüniň öýüne gaýdyp barýandygy, hyýalynda oýnaýan küşt tagtasynyň bolsa, yzda, hemdeminiň öýünde galandygy huşuna geldi.
Ol birjik-de säginmedi.
Hyrra yzyna aýlandy-da, haýdap hemsaýanyňka gaýtdy.
“Has-has” edip bärden barşyna-da, ýüzüniň ugruna oň howlusyna girip gitdi. Hernä derwezesiniň ýoklugam bir gowy zat. Ýogsa gara gijäň içinde “gürpüldedip” diňe onuň özün-ä däl, goňşularynam örüzmeli bolardy.
Barşyna-da dostunyň bolýan otagynyň işigini itdi.
Ýapyk.
Tyrkyldatdy.
Jogap ýok.
Ýene-de urdy.
Özem, gursagy sabyrsyzlyga eýlenen gyzgyn alas-gopaslykdan şeýlebir püre-pür welin, edil ýöne, duran ýerinde-de byzbydyklap dur.
Onýança, gaýym ýaglanan gapy jygyldaman açyldy-da, aňyrsyndan dostunyň ukuly keşbi jyklady:
-Hümm?-edip ol, bimaza edilendigine gatyrganma bilen, soragly hümüledi.
-Ýaňky döw bar-a?!
-Hümm?
-Şondaky aty men bir göçüm saga ädýän-de, seň ruhuňy pyzmaga dyzaýan! Nädýä? Çözýämi?
Dostunyň gapyň yşyndan jyklap duran kellesi, iň bärkisi, ýekeje müddetlik oýurganmadam. Hamana, hut şu wagt oýnuň şol soňky döwüniň başynda oturan ýaly, dessine jogap berdi:
-A pyýadany nätjek?
Bosagaň bäri tarapynda duranyň ýüzi boz-ýaz boldy.
-Wi-i-ý-ý! Pyýada-da bar-a-how!
Ol dünýäsygmaz ahmyr bilen maňlaýyna şapylatdy-da, hyrra yzyna döndi.
Hüňürdeý-hüňürdeýem gädikden çykyp, köçäň alagaraňkylygyna siňdi.
Serdar Ataýew

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.