Soltan Sanjar.
SOLTAN SANJAR (1086-1157 ý.)
Mälik şa Sanjarda ýörişdekä ogly dünýä inýär. Köpleriň oňlamagy bilen Mälik şa ogluna Sanjar diýip at dakýar.
— Allatagalanyň nazar salan ýigidi bolsun, türkmeniň adyny Arşa götersin! — diýip, Mälik şa çagany getirip görkezenlerinde dileg edýär. Soňundanam şeýle diýýär: — Oguz terbiýesi berilsin. Atabeglere tabşyryň.
Sanjar atabeg terbiýesini alýar: arap, pars dillerini öwrenýär, dünýä ylymlary bilen tanyşýar, ýaşlykdan at üstünde söweşmegiň, serkerdelik etmegiň tilsimatlaryny öwrenýär.
Atabegleriň öwredýän söweş we serkerdelik tilsimatlary — oguz terbiýesi, esasan, üşüklilige, akyl-paýhasa, tilsimlilige daýanýar. Serkerde serkerde bolanda, az güýç bilen on-on bäş esse köp güýçden üstün çykmagy başarmaly. Nädip? Alp Arslan nädip on müň goşuny bilen Wizantiýanyň koroly Romanes Diogenesiň elli müňlük goşunyny ýeňipdir. Ertir söweş diýlen gijesi bir topbak ýiti sesli saýlama esger duşmanyň düşelgesiniň golaýyna baryp, tä daň atýança ok atyp hem tekbir getirip («Allahu-ekber!» diýip gygyryp), duşmanyň ýüregine wehim salýar. Üç-dört müň esger duşmanyň arasyna ýörite iberilýär. Ol esgerleriň maksady Diogenesiň esgerleriniň arasynda dowul döretmeli, her hili myş-myşlar ýaýratmaly. Gijelerine rahat ýatan duşmanlaryň kellelerini kesip, görene göz etmeli, garasaý, esgerlerde galpyldy-wehimi artdyrmaly. Ana, şondan soň ýeňiş gazanmagyň aňsat düşýändigini Sanjar içgin öwrenýär.
Häzirki orta mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň synagdan geçip baha alyşlary ýaly, atabeglik mekdebini gutaranyňda hem patyşanyň synagyndan geçip, onuň bahasyna mynasyp bolmaly.
Sanjar agalary Berkýaryga, Muhammet Tapara hökümdarlyk sürmäge kömekleşýär, olardan köp zatlary öwrenýär.
Sanjar on alty ýaşynda — 1102-nji ýylda atabegden alan bilim-başarnygyny ýüze çykarýar, häzirki döwrüň dili bilen aýtsaň, atabeglik mekdebiniň gutardyş synaglaryny üstünlikli tabşyrýar.
Berkýaryk bilen Taparyň arasyndaky tagt ugrundaky dawalaryndan peýdalanmak islän Garahanlylar döwletiniň hökümdary Kadyr han hüjüme geçýär. Özem Kadyr hanyň goşunynyň-güýjüniň rüstemdigi görnüp dur. Ýeri, seljukly türkmenleriň şalygy synaýmalymy? Köşkde aljyraňňylyk döreýär. Her hili teklipler, pikirler aýdylýar. Ýöne olaryň birine-de bil baglap, arkaýyn bolup boljak däl. Şu wagta çenli «Horasanyň Mäligi» adyny almaga ýetişen Sanjar kesgitli karara gelýär:
— Agalar, doganlar! Garahanlylary dyza çökermegi maňa tabşyryň!
— Wagt ýok, ýeterlik derejedäki esger ýygnamaga ýetişmejekdigimiz görnüp dur — diýip, Muhammet Tapar lapykeçlige ýüz urupdyr.
— Mälik şanyň, Alp Arslanyň, Çagry begiň, Seljuk begiň neberesine ruhdan düşmek asyl-ha gelişýän däldir. Maňa Kadyr hanyň otuz müňlük leşgerini mugyra getirmäge özümiň on bäş nökerim ýeter — diýip, Sanjar ynamly gürläpdir: — Gep diňe gara güýçde däl.
Muhammet Taparda Sanjaryň diýýänleri bilen ylalaşyp, takdyra ten bermekden başga çykalga galmandyr, çünki çaparlar Kadyr hanyň has ýakynlaýandygyny birsydyrgyn habar berip durupdyrlar.
On alty ýaşly Sanjar on bäş nökeri bilen Kadyr hanyň otuz müňlük leşgerini mugyra getirmek üçin galadan çykýar.
Sanjar ýeňiş gazanýar.
Ýurdy, döwleti betbagtçylykdan halas edýär.
Dogrusy, on alty ýaşly ýigdekçe otuz müňlük leşgeri ýeňdi diýseň ynanar ýaly däl.
Dünýä taryhynda Alp Arslanyň on müň esgeri bilen 1071-nji ýylda Wizantiýanyň 50 müňlük leşgerini ýeňendigini täsinlik hökmünde, serkerdelik ussatlygy hökmünde wasp edýärler. Sanjaryň Kadyr hany ýeňmesi hem gaty geň hadysa. Ýöne onuň öz syry, tilsimi bar. Atabeglik mekdebini geçen Mälik şa on bäş ýigidi bilen otuz müňlük duşman leşgeriniň garşysyna göni çykaýanok. Ýok, ol bu ýerde duşmany ýeňmegiň gowy ýoluny tapýar.
Mälik şa öz ýigitleri bilen Kadyr hany yzarlap ugraýar. Ynha, bir gün Kadyr han birnäçe nökeri bilen awa-şikara çykýar. Ol amatyny peýläp, Mälik şany güpbasdy edip ýesir alýar. «Baş bolmasa, göwre läş» diýleni. Ýolbaşçysyz galan duşman goşuny çar tarapa pytraýar. Onsoňam, serkerdesiz galan goşunyň ýeňlen hasap edilýändigini hemmeler bilýändir. Şeýle ýeňişler türkmen taryhynda juda kän. Ýeri gelende aýtsak, ýazyjy Osman Öde «Atabegiň talaby» atly eserinde Sanjaryň on bäş esgeri bilen otuz muň esgerli Kadyr hany nädip ýeňendigini giňişleýin beýan edipdir.
Soltan Sanjaryň ömri täsin wakalardan, täsin gahrymançylyklardan doly. Soltan Sanjar — her bir adamyň özi üçin, öz bagty, gelejegi üçin nähili göreşmelidiginiň, bagtyňy göreşip gazanmalydygynyň röwşen nusgasy.
Ilki Berkýarygyň, soňra Muhammet Taparyň ölüminden soň (1118-nji ýylyň 18-nji apreli) Taparyň entek çagalykdan saýlanmadyk ogly Mahmyt soltan diýlip yglan edilýär. Muňa syny oturmadyk Sanjar özüni Horasanda soltan diýip yglan edýär. 1119-nji ýylyň 14-nji awgustynda aga-ininiň arasynda söweş bolýar, onda Sanjar ýeňiş gazanýar.
Şondan soň Sanjar beýik Seljuk Türkmen döwletine soltan bolýar.
Soltan Sanjar şalygyň paýtagtyny Bagdatdan Horasana — Mara geçirýär.
Soltan Sanjar kakasy Mälik şanyň syýasatyny dowam etdirýär, seljukly düzgün-nyzamyny gaýtadan ýola goýdy.
1113-nji ýylda Samarkanda, bir ýyldan soň Gazna we gurlularyň üstüne ýöriş edip, soltan Sanjar ýeňiş gazanýar, soňra Yrakda, Tabarystanda, Eýranda, Sistanda, Azerbaýjanda, Kirmanda, Köneürgençde, Owganystanda, Kaşgarda, Mawerennahrda häkimligini berkidýär.
Soltan Sanjar ýedi yklyma soltan bolansoň, merkezleşdirilen döwlet dolandyrylyşyny ýola goýýar. Giň şalygyň ähli ýerlerinde kimdir biri haýsydyr bir wezipä belleniljek bolsa Marydan — merkezden bellenilýär. Merkezleşdirilen döwlet dolandyrylyşy şalygyň gülläp ösmegine, şalykda abadançylygyň, bolçulygyň döremegine esas bolýar.
Soltan Sanjar elli iki ýyl soltanlyk edýär. Onuň soltanlyk eden döwründe edebiýat, sungat has ösýär. Soltanyň köşgünde görnükli şahyrlar, ulamalar hiç hili maddy kynçylyk çekmezden öz döredijilikleri bilen meşgullanypdyrlar.
Wizantiýanyň imperatory Anadolyda ýaşaýan musulmanlaryň üstüne häli-şindi çapawulçylyk edipdir. Ol Meýýafaryhana goşun iberip şäheri haraba öwürýär, elli müňden gowrak musulmany ýesir edip äkidýär. Ýesir äkidilen musulmanlar yslamyň hossary soltan Sanjara hat ýazyp, kömek soraýarlar. Soltan Sanjar hem bada-bat imperatora hat ýollaýar.
Haty okan imperator soltan Sanjaryň nähili güýjüniň bardygyna, özüne nähili kysmatyň garaşýandygyna düşünip, gorkudan ýaňa haýdan-haý ýesirleri boşadýar, Soltan Sanjara ýaranmak maksady bilen oňa köp mukdarda gymmat bahaly sowgatlar ugradýar.
Soltan Sanjar öz döwründe türkmeniň adyny Arşa göteren beýik şahsyýetdir.
Osman Öde. Çeşme: kitapçy.ru

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.