Tümlik, içgepletme, hem-de ýekelik..

Tümlik,
içgepletme,
hem-de ýekelik
Bu üçlik bileje birleşdi ýene
Sebäp, yşgym menden hoşlaşan güni
Gussalyk goş basyp, ýerleşdi sere

Şatlygymam guýma doňdurma deýin,
Datmankam elimde gidipdi eräp
Demin sanap, hassa ýatyr umydym,
Arzuwlarňam has-da hallary harap

Ganat baglan duýgym batbörek eken,
Çatma ýaly yraň atýar kalbymam
Dökmesem, barybir bugaryp barýar,
Birwagtky pürepür bolan sabrymam

Gutarypdyr juwanlygyň nabadam,
Bir gezeklik çaýa atarlyk bary
...Tümlik,
içgepletme,
hem-de ýekelik
Şular häzirlikçe ýeterlik ýaly...


Ylham GURBANALYÝEW
4 лайков 126 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Oksimiron
30 сен 2022, 06:39
Tüweleme. Ine, gowy goşgy. Şeýle dowam et