Tümlük, içgepletme...
Tümlük,
içgepletme,
hem-de ýekelik
Bu üçlük bileje birleşdi ýene.
Sebäp, yşgym menden hoşlaşan güni
Gussalyk goş basyp, ýerleşdi sere.
Şatlygymam guýma doňdurma deýin,
Datmankam elimde gidipdi eräp.
Demin sanap, hassa ýatyr umydym,
Arzuwlarňam has-da hallary harap.
Ganat baglan duýgym batbörek eken,
Çatma ýaly yraň atýar kalbymam.
Dökmesem, barybir bugaryp barýar,
Birwagtky pürepür bolan sabrymam.
Gutarypdyr juwanlygyň nabadam,
Bir gezeklik çaýa atarlyk bary
...Tümlük,
içgepletme,
hem-de ýekelik
Şular häzirlikçe ýeterlik ýaly...
Ylham GURBANALYÝEW
2022.09
içgepletme,
hem-de ýekelik
Bu üçlük bileje birleşdi ýene.
Sebäp, yşgym menden hoşlaşan güni
Gussalyk goş basyp, ýerleşdi sere.
Şatlygymam guýma doňdurma deýin,
Datmankam elimde gidipdi eräp.
Demin sanap, hassa ýatyr umydym,
Arzuwlarňam has-da hallary harap.
Ganat baglan duýgym batbörek eken,
Çatma ýaly yraň atýar kalbymam.
Dökmesem, barybir bugaryp barýar,
Birwagtky pürepür bolan sabrymam.
Gutarypdyr juwanlygyň nabadam,
Bir gezeklik çaýa atarlyk bary
...Tümlük,
içgepletme,
hem-de ýekelik
Şular häzirlikçe ýeterlik ýaly...
Ylham GURBANALYÝEW
2022.09
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.