GIDIP BARÝAN ŞOL ONKIJE YOL BILEN...

Gidip barýan şol öňküje ýol bilen,
Yürekdäki armanlaryma yranyp.
Hiç kim düşünmejek bolsa, barybir,
Dil ýarmanyň manysy nä uýalyp

Barýan dymmaklygy edinip ýoldaş,
Munda kän aglanym, gülenim, hakdyr.
Şu ýodada duşanam bolsam saňa,
Indi şu ýodada duşuşmak ýokdur.

Meni ugratdylar güýzüň ýelleri,
Zemin düşenipdir sary halysyn.
Gowşurmazmy haýyşymy, durnalar,
Gowşurmazmy maňa seni nalyşym.

Goý güýzüň şemaly darasym saçym,
Ýagmyr bolsa ezsin onuň düýbüni.
Geçen günlem geçdi, geljekden gorkýan,
Bagrym kerçip ýatlamaga düynümi.

Ondan bäri ýedi bahar geçipdir,
Şonça-da, geçipdir, ýene güýz, gyşym.
Hesretli gursagym ýellere tutup,
Ýygrylmakdan bolup barýan bir gysym.

Şonda puja çykan arzuwlaryma,
Aglady gök asman, aglady zemin.
Dertdeşlermiň az däldigine düşündim,
Hem dünýäde ýalňyz däldigime heniz.

Gurbanmämmet MEREDOW. 18.09.2022 Ý
2 лайков 130 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.