“MÄHREM OJAK...”

Mährem ojak!
Soňky pursat gaşyňda
Hoşlaşmak isleýär bu däli göwün.
Gaýtaryp berilmez...
Bilýän bolsamam,
Kalbyma gozgalaň tokunýar bu gün...

Leksiýa, seminar, çäre, zarýadka...
Halypalaň söhbetiniň yssysyn,
Küýsärin, näçe kyn, agyr bolsa-da,
Ekzamenleň, zaçýotlaryň hossasyn.

Yhlasyn bagş eden mugallymlaryň
Küýsärin talapkär nazarlaryny.
Durmuş gunçalaryn özünde gizlän
Ýaşlyk ýyllarymyň baharlaryny,
Auditoriýalaryň hatarlaryny,
Ýowarlaryny...
Küýsärin.
Küýsärin ýygy-ýygydan,
Bu ýürek soňlynça saparlaryny...

Hoşlaşmaga dözmeýşi deý kursdaşlaň,
Dözülmesin unutmaga bu pursat,
Çünki täze durmuş, ýollar başlanýar,
Şol ýollarda ýene gaýratly dursak,
Durmuşa atarýan mährem institut,
Müň ýola razy biz,
Razy bol senem!
Höwürtgä gelşi deý uçan guşlaryň,
Biz hökman geleris
Geleris ýene!

2019ý.



Sapa HOMMADOW
13 лайков 262 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ŞYH
30 сен 2022, 14:19
Gowy yazylypdyr like
Kerbaba
30 сен 2022, 15:32
Хайсы вузда окадыныз?
Pegas
Автор 30 сен 2022, 15:50
kwadrat kelle
Хайсы вузда окадыныз?

S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty.
yusupahmet12
30 сен 2022, 16:50
Gowy goşgy