Hyýallara çenli

Özümi ýitirip, kalbym ýitirip,
Ýitirip aňymy,
ýitirip aklym.
Ötlem-ötlem duýgularyň teýinden
Gül göwnüňe barýan ýodany tapdym.

Şol ýodany yzlap ugradym saňa,
Terk eýläp asman-u-zemin arasyn.
Ýöne kabul etmän gyzgyn yşkymy,
Näme, maňa beýle ýowuz daradyň?!

Gaýtdym düňderilip, ýüzme urlan dek,
Orun tapman seniň köňül törüňden.
Ýalňyzlykda ot bolamda nädeýin –
Diňe öz-özümi ýakyp ýörün men.

Dünýe maňa ýüz berenok...
Sebäbi
Sen diýip, dünýeden ýüzüm öwrüpdim.
Şeýdip söýgiň allaryndan aýlanyp,
Şo-ol öňküje özüm bilen höwrükdim.

Bilýärin, häzirem gözlermi ýumsam,
Kalbymy duýgulaň tüýtmelejegni.
Şoň üçin, gel, äkit meni, bolmanda,
Hyýallara çenli!
Düýşlere çenli!


Kakamyrat Rejebow.
3 лайков 144 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
kesirkelle
01 апр 2023, 12:15
? ikinji topbaga ýetenimden añdym awtory.
Bir budreden ýeri 《o:t》 sozini 《ot》 dp okap 2lenç setiri gaytalap gozum yadajak boldy. Iñ halan yerimem şol.