"Şowhunly söýgini halamaýaryn..."

"ŞOWHUNLY SÖÝGINI HALAMAÝARYN..."

Şowhunly söýgini halamaýaryn,
Halamok taryply aý aşyklygny.
Gije gelip örtse Zemine şalyn,
Ýaksa şäherleriň yşyklaryny.

Tukat ýatlamalar güýzüň ümri deý
Kalbymy gaplaýar şeýle bir ümsüm.
Dolan Aýda gyzlyk keşbiň göründi,
Dolan Aýyň jemalyna ymsyndym.

Ýene sämäp gitdi ýaşlyk ýelgini,
Parahat ýürege ýene ot düşýär.
...Ýigitlik ýalňyşýar terk edip seni,
Seni söýüp oglanlygym ýalňyşýar.

Senem dolan Aýa seredip käte,
Gyzlyk ýyllaryňa atýansyň owsun.
Indi düşünýänsiň: bagt diýýän zada,
Söýäniňden söýlüp,
Söýýäni söýseň.

Indi düşünýänsiň.
Indi giç boldy.
Düşünmeli ýyllar alysda galdy.
Şowhunlara pida boldy buýsanjyň,
Yhlasyň höwesiň esgide galdy.

Söýgi–nä, esgi–nä.
Indi duýýansyň
Hem çümýänsiň kä hal ham-hyýallara.
Şol güpbüli, mön ýigdekçä diýýänsiň.
,,Ýör gideli ýalňyşylan ýyllara"

Meniň ol ýyllarda näme körüm bar,
Atamyň habarny alan döwrüm bar,
(Enäniň bagryndan, gelni bozladan
Gysgajyk hatlardan düşen nagram bar)
Delmuran günlem bar
gören görgim bar.
(Bir-ä sen bilýänsiň,birem men bilýän
Ýadyňdamy?) Güpbä seňrik ýygran bar.
Sepil bolup sabyr bilen ýetenim,
Şükür dözmezim bar, bäş inerim bar,
Meniň ol ýyllarda näme körüm bar.

Asla bu gürrüňler nämäme derkar,
Herki zat özüniň wagtynda galsyn.
...Diňe men däldirin Aýa seredýän,
Esgini bagt bilýän diňe sen dälsiň.

Asla bu gürrüňler nämäme derkar,
Her kesiň binýady berkarar bolsun.
Howsala gaplanyp atyrlan daňlar!
Pukaraja yşkym!
Garypja güpbim!
Bir goşgujyk goşdum.
Ýadygär bolsun.

Gurbandurdy GELDIÝEW.
3 лайков 129 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.