"Mekke-Medinäm bar, Käbäm bar meniň..."

"MEKKE-MEDINÄM BAR, KÄBÄM BAR MENIŇ..."

Eý Alla, sen maňa wezipe berme,
Soňsuz bir baýlygam berme sen maňa.
Ýöne meň atymy goýma ýaryşdan,
Sen uly aýlawda bulama çaňa.

Ne saglyk dileýän, ne uzak ömür,
Ilden artyk zady nädeýin, Taňrym?!
Bir sadyk gul bolsam, Soltan ber maňa —
Akyl-paýhasyna edeýin tagzym.

Men bir nöker bolsam, ber adyl Serdar,
Düşeýin yzyna serimden geçip.
Orun ýokmy öz öýümiň töründe,
Aç serhedi, şu gün gideýin göçüp.

Mekke-Medinäm bar, Käbäm bar meniň,
Maňa başga din gerek däl uýara.
Düýe bile eşek duşaklanýandyr,
Bedew atlar baglanýandyr uýana.

Başda mert ýaratdyň türkmeni, Taňrym,
Indi näme goýduň ýöne san edip?!
Sen ýokarda nädip rahat otyrsyň,
Bir nadany gül ilime Han edip?!

Ýa-da edil bize gezek gelende
Sen başga zatlara güýmenäýäňmi?!
Bu dünýä gan çaýkan kommunistlerden
Senem indi az-kem eýmenäýýäňmi?!

Sen bir gorkma, kim bar senden ýokarda,
Bizden aşakda-ha hiç kim galmady.
Orakly-çekiçli bir gyzyl esgi
Ýetmiş ýyllap depämizde galgady.

Gurçuk ýaly ýere girip gitdi halk,
Näme peýda gördi zyýandan başga?!
Göz-gülban külbeleň deňinden geçip,
Kim ol girip barýan gupbaly köşge?!

Suw ýaly mersedes, pöwrize, daça,
Janpenalar kimden goraýar ony?!
Jennete ymtylýan bu pälazan han
Raýaty dowzahda otyrka göni.

Türkmen seň o diýjek milletiň däldir,
Ol uzak oturmaz gulagyn sallap.
Kän myhman getirýän üýregen iti
Bu millet ömürlik saklamaz ýallap.

Bilýän seň türmäň bar, dälihanaň bar,
Başarsaň köşgüňem üstüme ýykaý!
Men-ä saňa diýip içim sowatdym,
Senem indi meni beýläňe dykaý!

Şiraly NURMYRADOW
3 лайков 144 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.